25/09/2026
84
SANLY TEHNOLOGIÝALARYŇ MÜMKINÇILIKLERINE BAGYŞLANAN MASLAHAT
2026-njy ýylyň 25-nji sentýabrynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda Halkara gatnaşyklary we diplomatiýa kafedrasynyň hem-de institutyň «Ýaş alymlar» geňeşiniň guramagynda guramagynda «Ýokary bilim ulgamynda sanly diplomatiýanyň we emeli aňyň mümkinçiliklerini öwrenmegiň ähmiýeti» atly ylmy-amaly maslahat geçirildi.
Maslahaty institutyň Halkara hukugy we deňeşdirme hukuk öwreniş kafedrasynyň mugallymy Gülsenem Hommadowa alyp bardy. Onda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň «Türkmenistanyň daşary syýasaty we diplomatiýasy» žurnalynyň redaksiýasynyň redaktory Tofe Hoşanowa, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Aşgabat şäheriniň Berkararlyk etrap Geňeşiniň başlygy Myrat Goşaýew, institutyň mugallymy Mähriban Garaýewa hem-de Halkara gatnaşyklary fakultetiniň 3-nji ýyl talyby Mamajan Sähetliýewa çykyş etdiler.
Çykyşlarda ylym-bilimi ýokary, ösen derejelere ýetirmek üçin sanly tehnologiýalary ornaşdyrmagyň ähmiýeti, Türkmenistanyň sanly diplomatiýa pudagynda alyp barýan işleri barada pikirler beýan edildi. Şeýle hem ýurdumyzyň zehinli ýaşlaryny ylma, bilime we täze tehnologiýalara bolan höwesini artdyrmak maksady bilen bäsleşikleriň ähmiýeti barada nygtaldy.
Maslahatyň ahyrynda oňa gatnaşyjylar Watanymyzyň Garaşsyzlygyny berkitmek we ýurdumyzda giň gerimli özgertmeleri amala aşyrmak ugrunda döredilýän mümkinçilikler üçin Gahryman Arkadagymyza hem-de hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyza tüýs ýürekden hoşallyk sözlerini beýan etdiler.
Rejepguly MAŞADOW,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň
Halkara gatnaşyklary institutynyň
Halkara gatnaşyklary fakultetiniň 2-nji ýyl talyby
Soňky täzelikler