Logo
  • Logo
    • Ylym
      • Ylmy-barlag işleri
      • Aspirantura
      • Ylmy-amaly maslahatlar
      • Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygy
        • “Magtymguly, sözüm gysga şerhi köp...” (Magtymguly barada makalalar)
        • “Magtymguly, dile dessan getirdim...” (Magtymguly barada saýtlardan jemlenen maglumatlar)
        • Magtymguly Pyragynyň goşgularynyň wideoteswiri
        • Magtymguly Pyragynyň goşgularynyň audio ýazgylar toplumy
        • Magtymguly Pyragy dünýä metbugatynda
        • Magtymguly Pyragynyň daşary ýurt dillerindäki neşirleri
        • Magtymgulynyň goşgularynyň düşündirişli sözlügi
        • "Magtymgulynyň dünýäde öwrenilişi"
      • Ylmy makalalar, tezisler we ýygyndylar
      • Ýaş alymlar geňeşi
    • Halkara hyzmatdaşlygy
      • Geçirilen duşuşyklar
        • “NIPPON” GAZNASYNYŇ KITAPLARYNYŇ GOWŞURYLYŞ DABARASY
      • Saparlar
      • Ilçileriň leksiýalary
      • Halkara günler
        • TÜRKMENISTAN- BAGTLY ÇAGALARYŇ MEKANY!
        • 1-nji iýun — Çagalary goramagyň halkara güni
        • INTERNATIONAL DAY FOR PROTECTION OF CHILDREN IN TURKMENISTAN
      • "Parahatçylyk medeniýeti" atly ÝUNESKO kluby
    • Fakultetler
      • HALKARA GATNAŞYKLARY FAKULTETI
      • HALKARA HUKUGY FAKULTETI
      • HALKARA YKDYSADY GATNAŞYKLARY FAKULTETI
      • HALKARA ŽURNALISTIKASY FAKULTETI
    • Biz barada
      • Administrasiýa
      • Kafedralar
        • Halkara gatnaşyklary we diplomatiýa kafedrasy
        • Halkara hukugy we deňeşdirme hukuk öwreniş kafedrasy
        • Halkara ykdysady gatnaşyklary kafedrasy
        • Žurnalistikanyň nazaryýeti we amalyýeti kafedrasy
        • Jemgyýeti öwreniş ylymlary kafedrasy
        • Dünýä dilleri kafedrasy
      • Görkezijiler
      • Туркменистан создал условия для подготовки нового поколения дипломатов
      • Biz barada
    • Okuw
      • Hünärler
      • Dalaşgärlere
    • Merkezler
      • Strategik barlaglar boýunça ylmy merkezi
      • Ýaş diplomatlaryň mekdebi
      • Sanly ulgamlar we kommunikasiýa bölümi
      • Durnukly ösüş maksatlary boýunça ylmy merkezi
        • Durnukly ösüş maksatlary boýunça geçirilen okuw sapagy
      • Parahatçylygyň ýaş çaparlary
      • Türkmenistanyň diplomatiýasynyň möhüm ugurlary boýunça okuw merkezi
        • Ulag diplomatiýasy
        • Energetika diplomatiýasy
        • Suw diplomatiýasy
        • Öňüni alyş diplomatiýasy
        • Ykdysady diplomatiýasy
      • Diplomatik protokol boýunça okuw merkezi
    • Ilçiler
    • Media
    Esasy / Wakalar / «Parahatçylyk medeniýeti» atly ÝUNESKO klubynyň açylyş dabarasy
    «Parahatçylyk medeniýeti» atly ÝUNESKO klubynyň açylyş dabarasy surady
    30/11/-0001

    1037

    «Parahatçylyk medeniýeti» atly ÝUNESKO klubynyň açylyş dabarasy

    2022-nji ýylyň 5-nji oktýabrda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda «Parahatçylyk medeniýeti» atly ÝUNESKO klubynyň açylyş dabarasy geçirildi. Bu açylyş dabara Türkmenistanyň Birleşen Milletler Guramasynyň Bilim, ylym we medeniýet boýunça ýörite edarasy bolan ÝUNESKO-nyň işleri barada Türkmenistanyň Milli toparynyň jogapkär sekretary, Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçi, filosofiýa ylymlarynyň kandidaty Çynar Rüstemowa, Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynda hereket edýän “Parahatçylygyň dilleri” ÝUNESKO klubynyň agzalary, Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň mugallymlary we talyp ýaşlary gatnaşdylar.
    Çäräniň dowamynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň rektory J.Gurbangeldiýew myhmanlara bu klubyň ÝUNESKO-nyň işleri barada Türkmenistanyň Milli toparynyň ýardamy bilen döredilendigini belläp, talyplaryň bu klubyň işjeň agzalary hökmünde BMG-niň we ÝUNESKO-nyň parahatçylyk taglymatlaryny, maksatnamalaryny, konwensiýalaryny çuňňur öwrenijiler we wagyz edijiler boljakdyklaryna berk ynanýandygyny aýtdy. ÝUNESKO-nyň işleri barada Türkmenistanyň Milli toparynyň jogapkär sekretary Çynar Rüstemowa dabara gatnaşyjylara ÝUNESKO-nyň klublarynyň ýerine ýetirýän işleri, maksatlary we wezipeleri hakynda, dünýäde bu klublaryň orny hakynda gürrüň berdi. Institutymyzyň Jemgyýeti öwreniş ylymlary kafedrasynyň uly mugallymy Aýna Baýmuradowa «Parahatçylyk medeniýeti» atly ÝUNESKO kluby barada çykyş edip, täze açylan bu klubyň ýokary okuw mekdebimizde alyp barjak işleri barada giňişleýin gürrüň berdi.
    Köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri hem dabara gatnaşyp, «Parahatçylyk medeniýeti» atly ÝUNESKO klubynyň geljekde alyp barjak işleri barada içgin gyzyklandylar.

    Batyr ESENOW,
    Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň
    Halkara gatnaşyklary institutynyň
    Halkara gatnaşyklary fakultetiniň II ýyl talyby.

    Şeýle hem bu barada şu ýerden okap bilersiňiz!
    https://turkmengazet.com/yunesko-nyn-kluby-acyldy/
    https://turkmenistan.gov.tm/tk/habar/66834/yurdumyzyn-dim-nin-halkara-gatnasyklary-institutynda-yunesko-nyn-kluby-acyldy

    Soňky täzelikler

    BAÝRAMÇYLYGA BAGYŞLANAN GEZELENÇ surady

    22/05/2025

    BAÝRAMÇYLYGA BAGYŞLANAN GEZELENÇ
    “TALYP JOŞGUNY – 2025” ATLY DÖREDIJILIK FESTIWALY surady

    22/05/2025

    “TALYP JOŞGUNY – 2025” ATLY DÖREDIJILIK FESTIWALY
    DAŞARY ÝURTLY MYHMANLAR ÜÇIN WATANYMYZYŇ TARYHY ÝADYGÄRLIKLERINE GEZELENÇ surady

    13/05/2025

    DAŞARY ÝURTLY MYHMANLAR ÜÇIN WATANYMYZYŇ TARYHY ÝADYGÄRLIKLERINE GEZELENÇ
    Peýdaly Salgylar
    Beýleki ýokary okuw mekdepleri
    Habarlaşmak üçin

    744000, Türkmenistan Aşgabat, Galkynyş 25

    iirmfatm@iirmfa.edu.tm, iirmfatm@sanly.tm

    +99312266155

    +99312266183

    © 2025 Haklary doly goralandyr: TDIMHGI