05/10/2026
158
PARAHATÇYLYGYŇ ÝAŞ ÇAPARLARY BÄSLEŞIGINIŇ VI MÖWSÜMINE SAÝLAMA SYNAGY GEÇIRILDI
2026-njy ýylyň 5-nji oktýabrynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda hereket edýän Ýaş diplomatlar mekdebiniň guramagynda «Parahatçylygyň ýaş çaparlary» atly akyl-paýhas bäsleşiginiň VI möwsümine gatnaşjak okuwçylary saýlamak boýunça test synagy geçirildi. Synaga 486 sany mekdep okuwçysy gatnaşdy.
Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň ýörite karary bilen döredilen Ýaş diplomatlar mekdebi tarapyndan guralýan bäsleşigiň 2026-2027-nji okuw ýylyndaky VI möwsümi «Garaşsyz we Bitarap Türkmenistanyň daşary syýasaty: parahatçylygyň we adamzat ösüşiniň hatyrasyna hyzmatdaşlyk» şygary astynda geçirilýär. Bäsleşik ýurdumyzyň umumybilim berýän mekdepleriniň 10-njy, 11-nji we 12-nji synp okuwçylaryna niýetlenendir.
Saýlama synagynda gatnaşyjylar ýazmaça görnüşde 100 sany test soragyna jogap berdiler. Soraglar Türkmenistanyň taryhy, Dünýä taryhy, Türkmenistanyň medeni mirasy, Dünýä medeniýeti, Iňlis dili we Rus dili dersleri boýunça okuwçylaryň bilimlerini barlamaga gönükdirildi. Şeýle hem synaga logiki pikirlenişi we akyl-paýhas ukyplaryny barlaýan soraglar girizildi.
Dürli ugurlary öz içine alýan test synagy okuwçylara mekdepde özleşdiren bilimlerini ulanmak, maglumatlary deňeşdirmek we soraglara jogap bermekde özbaşdak netije çykarmak mümkinçiliklerini berdi. Taryh we medeniýet baradaky bilimleriň daşary ýurt dilleri hem-de logiki pikirleniş bilen utgaşdyrylmagy ýaşlaryň dünýägaraýşyny giňeltmekde, olaryň seljeriş ukyplaryny ösdürmekde ähmiýetlidir.
«Parahatçylygyň ýaş çaparlary» atly akyl-paýhas bäsleşigi ýaşlaryň halkara gatnaşyklaryna we diplomatiýa bolan gyzyklanmasyny ösdürmäge, parahatçylyk hem-de hyzmatdaşlyk baradaky düşünjelerini çuňlaşdyrmaga ýardam edýär. Saýlama synagy VI möwsüme taýýarlygyň möhüm tapgyry bolup, bilimli we zehinli mekdep okuwçylaryny ýüze çykarmaga gönükdirilendir.
Farida JUMAÝEWA,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň
Halkara gatnaşyklary institutynyň
Halkara gatnaşyklary fakultetiniň 1-nji ýyl talyby