30/09/2026
97
OKUW-USULY SEMINAR GEÇIRILDI
2026-njy ýylyň 30-njy sentýabrynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda okuw-usuly seminar geçirildi. Bu seminar Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň 2026-njy ýylyň 2-nji sentýabrynda Arkadag şäheriniň Ruhyýet köşgünde geçiren umumy okuw sapagyndan gelip çykýan wezipeleri ýerine ýetirmek, hususan-da ýurdumyzyň daşary syýasatynyň we diplomatiýasynyň many-mazmunyny düşündirmek maksady bilen guraldy.
Seminara ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleriniň talyp ýaşlary we orta mekdepleriň okuwçylary gatnaşdy.
Okuw-usuly seminarda institutyň Halkara gatnaşyklary we diplomatiýa kafedrasynyň mugallym-öwrenijisi Selbi Gandymowa «Açyk gapylar syýasaty: Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň halkara abraýy» atly tema boýunça çykyş etdi. Ol öz çykyşynda ýurdumyzyň «Açyk gapylar» syýasatynyň Bitaraplyk derejesinden gözbaş alýandygy hem-de işjeň hyzmatdaşlyga, parahatçylykly gepleşiklere ygrarlydygy barada giňişleýin durup geçdi. Şeýle hem häzirki zaman dünýäsinde bu syýasy ugurlaryň utgaşmagynyň diňe bir ykdysady bähbitleri üpjün etmek däl, eýsem, sebitara durnuklylygy, köpugurly diplomatiýany, parahatçylygy we durnukly ösüşi berkidýän esasy faktor bolup durýandygyny aýdyň mysallar arkaly düşündirildi.
Şeýle-de talyplar tarapyndan Türkmenistanyň BMG-niň çägindäki halkara durnukly ulag we logistika başlangyçlaryna bagyşlanan prezentasiýalar görkezildi.
Şeýle çäreleriň yzygiderli guralmagy talyplaryň we geljekki halkaraçy hünärmenleriň ýurdumyzyň daşary syýasat ugruna, BMG bilen hyzmatdaşlygyň geosyýasy ähmiýetine bolan düşünjesini çuňlaşdyrmaga hem-de olaryň syýasy-diplomatik bilimlerini artdyrmaga ýardam edýär.
Fatima MATSAPAÝEWA,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň
Halkara gatnaşyklary institutynyň
Halkara žurnalistikasy fakultetiniň 1-nji ýyl talyby
Soňky täzelikler
01/10/2026
Okuw-usuly seminar geçirildi