14/12/2023
2947
Nobatdaky sport üstünligimiz
«Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar» ýylynda ýaş nesilleriň bedenterbiýe we sport bilen meşgullanmagy olaryň sagdyn pikirli, giň dünýä garaýyşly bolmaklaryna ýardam berýär. Sport babatynda döredilýän giň mümkinçiliklerden peýdalanyp, institutymyzyň ýaş türgenleri iň gowy netijeleri görkezýärler.
2023-nji ýylyň 9-njy dekabrynda Türkmenistan boýunça aýallaryň arasynda +65 kilograma çenli geçirilen karateniň Kýokuşinkaý görnüşi boýunça çempionatynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň Halkara ykdysady gatnaşyklary fakultetiniň 3-nji ýyl talyby Dürdäne Nazargylyjowa 1-nji orna mynasyp boldy.
Talyp deñ-duşumyzy ynamly ýeňşi bilen tüýs ýürekden gutlaýarys, oňa geljekde okuwlarynda we sport dünýäsinde uly üstünlikleri arzuw edýäris.
Aýgül HAÝYTOWA,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň
Halkara gatnaşyklary institutynyň
Halkara ykdysady gatnaşyklary fakultetiniň
III ýyl talyby.
Soňky täzelikler
27/02/2026
BAÝRAMÇYLYGA BAGYŞLANAN GEZELENÇ
23/02/2026
“Ynsan syrdaşy” atly çeper filmi görkezildi
23/02/2026
TALYBYMYZ TÜRKMENISTANYŇ ÇEMPIONY BOLDY