30/09/2026
113
MEÝLETINÇILER ÜÇIN ONLAÝN OKUW SAPAGY GEÇIRILDI
2026-njy ýylyň 30-njy sentýabrynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda oktýabr aýynyň birinji ongünlüginde «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda, şeýle hem ýurdumyzyň Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygyna (GDA) başlyklyk etmegi mynasybetli ýurdumyzda geçirilmegi meýilleşdirilýän dürli derejedäki halkara syýasy, ylmy, medeni we sport çärelerinde ýardam etjek meýletinçileri we terjimeçileri taýýarlamak boýunça geçirilmegi meýilleşdirilýän çärelere meýletinçileri taýýarlamagyň okuw maksatnamasyna laýyklykda onlaýn okuw sapagy geçirildi.
Okuw sapagynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň Žurnalistikanyň nazaryýeti we amalyýeti kafedrasynyň uly mugallymy Jemile Pürjäýewa «Köpçülikleýin habar beriş serişdeleri bilen aragatnaşyk. Media medeniýeti» atly tema bilen çykyş edip, halkara çäreleri geçirilende köpçülikleýin habar beriş serişdeleri we daşary ýurtly žurnalistler bilen aragatnaşygy ýola goýmagyň dogry usullarydyr tärleri, şeýle hem häzirki zaman media medeniýetiniň, etikasynyň esasy kadalary barada giňişleýin gürrüň berdi. Oňa Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň, şeýle-de sanly ulgam arkaly ýurdumyzyň beýleki ýokary okuw mekdepleriniň daşary ýurt dillerini suwara bilýän talyplaryndan saýlanan meýletinçiler gatnaşdylar.
Okuw sapagynyň ahyrynda oňa gatnaşanlar özlerini gyzyklandyrýan soraglara jogaplary aldylar. Sanly ulgam arkaly geçirilen okuw sapagy meýletinçi talyp ýaşlaryň habar beriş serişdeleri, media medeniýeti boýunça bilimlerini artdyrmak, halkara derejeli çärelerde «žurnalistiki» endikleri ele almaklarynda netijeli boldy.
Şamuhammet ELÝASOW,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň
Halkara gatnaşyklary institutynyň
Halkara žurnalistikasy fakultetiniň 3-nji ýyl talyby
Soňky täzelikler