11/04/2026
78
INTELLEKTUAL EÝEÇILIGI GORAMAK BOÝUNÇA OLIMPIADADA TALYP ÝAŞLARYMYZYŇ GAZANAN ÜSTÜNLIKLERI
2026-njy ýylyň 1-nji aprelinde Türkmen döwlet ykdysadyýet we dolandyryş institutynyň guramagynda ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleriniň talyplarynyň arasynda intellektual eýeçiligi goramak boýunça olimpiada geçirildi.
Ýokary guramaçylyk derejesinde geçirilen bu bäsleşige ýurdumyzyň dürli ýokary okuw mekdepleriniň talyplary bilen bir hatarda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň talyplary hem işjeň gatnaşdylar.
Gyzgalaňly geçen olimpiadanyň netijeleri boýunça Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň Halkara hukugy we deňeşdirme hukuk öwreniş kafedrasynyň mugallymy Gülsenem Hommadowanyň ýolbaşçylyk etmeginde Halkara hukugy fakultetiniň 4-nji ýyl talyby Intizar Tagannyýazowa I orna, Halkara hukugy fakultetiniň 3-nji ýyl talyby Farangiz Töräýewa II orna mynasyp bolup, üstünlikli çykyş etdiler. Bäsleşigiň netijeleri boýunça ýeňiji bolan talyplar diplomlar bilen sylaglandylar.
Resul TOÝGULYÝEW,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň
Halkara gatnaşyklary institutynyň
Halkara hukugy fakultetiniň 3-nji ýyl talyby.
Soňky täzelikler
04/04/2026
Talyplarymyzyň nobatdaky üstünlikleri
03/04/2026
GADYMY NUSAÝ ÝADYGÄRLIGINE GEZELENÇ GURALDY