01/05/2026
19
INSTITUTYMYZYŇ BAGTYÝAR ÝAŞLARYNYŇ BELENT ÝEŇŞI
2026-njy ýylyň 1-nji maýynda ýurdumyzyñ Balkan welayatynyñ gözel künjekleriniň biri bolan Magtymguly etrabynda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşiniñ, şeýle-de abraýly gazet-žurnallaryň redaksiýalarynyň bilelikde yglan eden döredijilik bäsleşikleriniň ýeňijilerini sylaglamak dabarasy geçirildi. Magtymguly etraby türkmen halkynyň akyldar şahyry, söz mülküniň soltany Magtymguly Pyragynyň dünýä inen, ylham alan keramatly topragy hasaplanýar. Döredijilik bäsleşigiň hut şu toprakda jemlenmegi bolsa, ýaşlaryň Magtymguly Pyragynyň döredijilik mekdebine bolan sarpasyny artdyrmak, edebiyatymyzyň kökleriniň ebediligini dabaralandyrmak maksady bilen gurnaldy.
«Berkarar döwletiň ylham joşguny», «Ýaşlar - beýik geljegi gurujylar», «Garaşsyzlyk bilen galkynan gözel Diýar», «Watanymyzyň Garaşsyzlygy-yhlam çeşmesi», «Köken» we «Türkmen bedewi — at-myratly Watanyň göz guwanjy» ýaly atlar bilen geçirilen bäsleşikler, ýaş zehinleriň Watana bolan egsilmez söýgüsini, pederleriň mirasyna goýýan sarpasyny we taryhy ösüşlerimize bolan buýsanjyny açyp görkezdi.
Bu döredijilik bäsleşiklerine Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň Halkara žurnalistikasy fakultetiniň talyplary hem gatnaşyp baýrakly orunlara mynasyp boldular. Olardan «Nesil» gazetiniň yglan eden bäsleşiginde institutymyzyň Halkara žurnalistikasy fakultetiniň 5-nji ýyl talyby Gurbansähet Gurbansähedow baş baýraga, şol bäsleşikde Halkara žurnalistikasy fakultetiniň 3-nji ýyl talyby Yhlas Hallyýew 1-nji orna, «Türkmenistan» gazetiniň yglan eden bäsleşiginde Halkara žurnalistikasy fakultetiniň 5-nji ýyl talyby Mätgurban Mätgurbanow 1-nji orna mynasyp bolup, hormat hatlary we ýadygärlik sowgatlary bilen sylaglandylar.Bi
z hem ýeňiji bolan talyp deň-duşlarymyza döredijilik dünýäsiniň sahypalarynda atlarynyň hemişe altyn harplar bilen ýazylmagyny arzuw edýäris!
Aýnur MYRADOWA,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň
Halkara gatnaşyklary institutynyň
Halkara žurnalistikasy fakultetiniň 1-nji ýyl talyby,
Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň
Merkezi geňeşiniň ýanyndaky ýaş şahyrlar
we žurnalistler gurnagynyň işjeň agzasy.