Logo
  • Logo
    • Ylym
      • Ylmy-barlag işleri
      • Aspirantura
      • Ylmy-amaly maslahatlar
      • Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygy
        • “Magtymguly, sözüm gysga şerhi köp...” (Magtymguly barada makalalar)
        • “Magtymguly, dile dessan getirdim...” (Magtymguly barada saýtlardan jemlenen maglumatlar)
        • Magtymguly Pyragynyň goşgularynyň wideoteswiri
        • Magtymguly Pyragynyň goşgularynyň audio ýazgylar toplumy
        • Magtymguly Pyragy dünýä metbugatynda
        • Magtymguly Pyragynyň daşary ýurt dillerindäki neşirleri
        • Magtymgulynyň goşgularynyň düşündirişli sözlügi
        • "Magtymgulynyň dünýäde öwrenilişi"
      • Ylmy makalalar, tezisler we ýygyndylar
      • Ýaş alymlar geňeşi
    • Halkara hyzmatdaşlygy
      • Geçirilen duşuşyklar
        • “NIPPON” GAZNASYNYŇ KITAPLARYNYŇ GOWŞURYLYŞ DABARASY
      • Saparlar
      • Ilçileriň leksiýalary
      • Halkara günler
        • TÜRKMENISTAN- BAGTLY ÇAGALARYŇ MEKANY!
        • 1-nji iýun — Çagalary goramagyň halkara güni
        • INTERNATIONAL DAY FOR PROTECTION OF CHILDREN IN TURKMENISTAN
      • "Parahatçylyk medeniýeti" atly ÝUNESKO kluby
    • Fakultetler
      • HALKARA GATNAŞYKLARY FAKULTETI
      • HALKARA HUKUGY FAKULTETI
      • HALKARA YKDYSADY GATNAŞYKLARY FAKULTETI
      • HALKARA ŽURNALISTIKASY FAKULTETI
    • Biz barada
      • Administrasiýa
      • Kafedralar
        • Halkara gatnaşyklary we diplomatiýa kafedrasy
        • Halkara hukugy we deňeşdirme hukuk öwreniş kafedrasy
        • Halkara ykdysady gatnaşyklary kafedrasy
        • Žurnalistikanyň nazaryýeti we amalyýeti kafedrasy
        • Jemgyýeti öwreniş ylymlary kafedrasy
        • Dünýä dilleri kafedrasy
      • Görkezijiler
      • Туркменистан создал условия для подготовки нового поколения дипломатов
      • Biz barada
    • Okuw
      • Hünärler
      • Dalaşgärlere
    • Merkezler
      • Strategik barlaglar boýunça ylmy merkezi
      • Ýaş diplomatlaryň mekdebi
      • Sanly ulgamlar we kommunikasiýa bölümi
      • Durnukly ösüş maksatlary boýunça ylmy merkezi
        • Durnukly ösüş maksatlary boýunça geçirilen okuw sapagy
      • Parahatçylygyň ýaş çaparlary
      • Türkmenistanyň diplomatiýasynyň möhüm ugurlary boýunça okuw merkezi
        • Ulag diplomatiýasy
        • Energetika diplomatiýasy
        • Suw diplomatiýasy
        • Öňüni alyş diplomatiýasy
        • Ykdysady diplomatiýasy
      • Diplomatik protokol boýunça okuw merkezi
    • Ilçiler
    • Media
    Esasy / Wakalar / HER BIR SES — PARLAK GELJEGE ÝOL!
    HER BIR SES — PARLAK GELJEGE ÝOL!
    HER BIR SES — PARLAK GELJEGE ÝOL!
    26/03/2023

    1269

    HER BIR SES — PARLAK GELJEGE ÝOL!

    2023-nji ýylyň 26-njy martynda ýurt üçin ähmiýetli, halk üçin bähbitli wakalaryň biri — Türkmenistanyň Mejlisiniň deputatlarynyň, welaýat, etrap, şäher halk maslahatlarynyň we Geňeşleriň agzalarynyň saýlawlary geçirildi. Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda ýerleşýän Berkararlyk etrabynyň 2-nji saýlaw uçastogynda hem bu möhüm syýasy çäre ýokary guramaçylyk derejesine eýe boldy.

    Demokratik, aýanlyk, açyklyk ýörelgeleri esasynda geçirilen saýlawlar Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň hem-de Saýlaw kodeksiniň kadalary esasynda alnyp barlyp,  milli kanunlarymyza, halkara kadalara laýyklykda geçirmek üçin ähli şertler döredildi.

    Saýlaw çäreleri ir säherden aýdym-sazly dabaralar bilen badalga aldy. Bahar günleriniň hoştap, jana ýakymly säherinde uly joşguna beslenen aýdym-sazlar talyp ýaşlaryň mähriban Diýarymyza bolan buýsanç duýgularyny has-da artdyrdy.

    Saýlawlara syn etmek üçin Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygy, Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasy ýaly iri halkara guramalarynyň halkara  synçylar toparynyň wekilleriniň hem gelendigini bellemek gerek. Myhmanlar duz-çörekli garşylandy.

    Berkararlyk etrabynyň 2-nji saýlaw uçastogynda Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň hem-de Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň talyp ýaşlary özleriniň mynasyp dalaşgärine işjeň ýagdaýda ses berdiler. Degişli saýlaw uçastogynda saýlawçylaryň 2 müňe golaýy ses berip, syýasy işjeňligini ýene bir gezek aýan etdiler. Saýlaw toparlarynyň agzalary talyp ýaşlaryň saýlaw hukuklarynyň üpjün edilmegine örän jogapkärli çemeleşdiler. Watanymyzyň geljegi bolan gujurly ýaşlarymyz Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe özleriniň ilkinji syýasy ädimlerini ädip, iň mynasyp dalaşgär üçin öz seslerini bermäge mümkinçilik aldylar. Asylly däbe eýerilip, şu gezekki saýlawlara 18 ýaşyny dolduryp, saýlaw uçastoklarynda ilkinji gezek ses berýän talyp ýaşlara Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň adyndan ýadygärlik sowgatlary gowşuryldy. Munuň özi ýurdumyzda ýaş nesle aýratyn üns berilýändiginiň nobatdaky beýany boldy.

    Umuman, saýlaw günündäki çäreler milli demokratiýamyzyň has-da dabaralanýandygynyň aýdyň beýanyna öwrülip, häzirki türkmen jemgyýetinde çuň özgertmeleri durmuşa geçirmegiň binýatlyk esaslarynyň üpjün ediljekdiginden nyşandyr.

    Goý, döwletimiziň demokratik-hukuk binýady has-da berkesin! Parahat ýurdumyzyň abraý-mertebesini belende galdyrjak, halkymyza mynasyp hyzmat etjek dalaşgärler saýlansyn!


    Atamyrat ÝAZWELIÝEW,

    Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň

    Halkara gatnaşyklary institutynyň

     Halkara žurnalistikasy fakultetiniň I ýyl talyby.

    Soňky täzelikler

    BAÝRAMÇYLYGA BAGYŞLANAN GEZELENÇ surady

    22/05/2025

    BAÝRAMÇYLYGA BAGYŞLANAN GEZELENÇ
    “TALYP JOŞGUNY – 2025” ATLY DÖREDIJILIK FESTIWALY surady

    22/05/2025

    “TALYP JOŞGUNY – 2025” ATLY DÖREDIJILIK FESTIWALY
    DAŞARY ÝURTLY MYHMANLAR ÜÇIN WATANYMYZYŇ TARYHY ÝADYGÄRLIKLERINE GEZELENÇ surady

    13/05/2025

    DAŞARY ÝURTLY MYHMANLAR ÜÇIN WATANYMYZYŇ TARYHY ÝADYGÄRLIKLERINE GEZELENÇ
    Peýdaly Salgylar
    Beýleki ýokary okuw mekdepleri
    Habarlaşmak üçin

    744000, Türkmenistan Aşgabat, Galkynyş 25

    iirmfatm@iirmfa.edu.tm, iirmfatm@sanly.tm

    +99312266155

    +99312266183

    © 2025 Haklary doly goralandyr: TDIMHGI