09/08/2025
86
HALKARA MASLAHATYŇ JEMLERI BOÝUNÇA BRIFING GEÇIRILDI
2025-nji ýylyň 9-njy awgustynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda 5-8-nji awgusty aralygynda «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda geçirilen Birleşen Milletler Guramasynyň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler boýunça üçünji maslahatynyň jemlerine bagyşlanan brifing geçirildi. Oňa Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň, Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetiniň, Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynyň hem-de Türkmen döwlet medeniýet institutynyň mugallymlary we talyplary gatnaşdylar.
Brifingde Birleşen Milletler Guramasynyň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler boýunça üçünji maslahatyna “Ýaş meýletinçi”, “Ýaş wagyzçy”, “Ýaş terjimeçi” bolup gatnaşan ýaşlar çykyş edip, bu ýokary derejede geçen maslahatyň we dürli ugurlardaky forumlaryň, ugurdaş çäreleriň diňe bir syýasy-diplomatik we ynsanperwer pikir alyşmalar üçin ygtybarly binýat bolman, eýsem, sebit hem-de dünýä ýurtlarynyň arasynda, şol sanda Türkmenistan bilen özara peýdaly söwda-ykdysady hyzmatdaşlygy yzygiderli çuňlaşdyrmagyň hereketlendiriji guraly hökmünde hem taryha girendigini buýsanç bilen bellediler. Şunda şol çärä daşary ýurt dillerini kämil bilýän ýaşlaryň saýlanyp alynandygy hem aýratyn nygtaldy.
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň, Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetiniň, Türkmen döwlet medeniýet institutynyň hem-de Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynyň mugallymlary we talyplary brifingde çykyş edip, özleriniň bu ýokary derejeli halkara maslahatda alyp baran işleri, birnäçe döwletlerden gelen myhmanlaryň ýurdumyzyň myhmansöýerligi hakynda aýdan gyzykly gürüňleri barada we geçirilen çäreleriň ähmiýeti dogrusynda durup geçdiler. Mundan başga-da, Awaza syýasy Jarnamasynyň taslamasyna garalandygy we Hereketleriň Awaza maksatnamasynyň yglan edilendigi hakynda buýsançlaryny beýan etdiler. Brifingiň dowamynda talyplaryň özlerini gyzyklandyrýan sowallar bilen myhmanlara ýüzlenmekleri duşuşygyň işjeňligini artdyrdy.
Brifinge gatnaşyjylar ýokary derejeli maslahata “Ýaş meýletinçi”, “Ýaş wagyzçy”, “Ýaş terjimeçi” hökmünde gatnaşmaklary ugrunda uly mümkinçilikler döredip beren Gahryman Arkadagymyzyň hem-de hormatly Prezidentimiziň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak bolmagyny, beýik işleriniň elmydama rowaçlyklara beslenmegini arzuw etdiler.
Nurana ARNAZAROWA,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň
Halkara gatnaşyklary institutynyň
Halkara hukugy fakultetiniň II ýyl talyby.