Logo
  • Logo
    • Ylym
      • Ylmy-barlag işleri
      • Aspirantura
      • Ylmy-amaly maslahatlar
      • Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygy
        • “Magtymguly, sözüm gysga şerhi köp...” (Magtymguly barada makalalar)
        • “Magtymguly, dile dessan getirdim...” (Magtymguly barada saýtlardan jemlenen maglumatlar)
        • Magtymguly Pyragynyň goşgularynyň wideoteswiri
        • Magtymguly Pyragynyň goşgularynyň audio ýazgylar toplumy
        • Magtymguly Pyragy dünýä metbugatynda
        • Magtymguly Pyragynyň daşary ýurt dillerindäki neşirleri
        • Magtymgulynyň goşgularynyň düşündirişli sözlügi
        • "Magtymgulynyň dünýäde öwrenilişi"
      • Ylmy makalalar, tezisler we ýygyndylar
      • Ýaş alymlar geňeşi
    • Halkara hyzmatdaşlygy
      • Geçirilen duşuşyklar
        • TÜRKMEN-FRANSUZ GATNAŞYKLARYNY ÖSDÜRMÄGE BAGYŞLANAN DUŞUŞYK
      • Saparlar
      • Ilçileriň leksiýalary
        • BEÝIK BRITANIÝALY DIPLOMAT BILEN DUŞUŞYK
        • AWSTRIÝANYŇ ÝEWROPA WE HOWPSUZLYK SYÝASATY INSTITUTYNYŇ WEKILI BILEN GEÇIRILEN DUŞUŞYKLAR
      • Halkara günler
      • "Parahatçylyk medeniýeti" atly ÝUNESKO kluby
    • Fakultetler
      • HALKARA GATNAŞYKLARY FAKULTETI
      • HALKARA HUKUGY FAKULTETI
      • HALKARA YKDYSADY GATNAŞYKLARY FAKULTETI
      • HALKARA ŽURNALISTIKASY FAKULTETI
    • Biz barada
      • Administrasiýa
      • Kafedralar
        • Halkara gatnaşyklary we diplomatiýa kafedrasy
        • Halkara hukugy we deňeşdirme hukuk öwreniş kafedrasy
        • Halkara ykdysady gatnaşyklary kafedrasy
        • Žurnalistikanyň nazaryýeti we amalyýeti kafedrasy
        • Jemgyýeti öwreniş ylymlary kafedrasy
        • Dünýä dilleri kafedrasy
      • Görkezijiler
      • Туркменистан создал условия для подготовки нового поколения дипломатов
      • Biz barada
    • Okuw
      • Hünärler
      • Dalaşgärlere
    • Merkezler
      • Strategik barlaglar boýunça ylmy merkezi
      • Ýaş diplomatlaryň mekdebi
      • Sanly ulgamlar we kommunikasiýa bölümi
      • Durnukly ösüş maksatlary boýunça ylmy merkezi
        • ADAM HUKUKLARY BOÝUNÇA OKUW SAPAGY GEÇIRILDI
      • Parahatçylygyň ýaş çaparlary
        • «PARAHATÇYLYGYŇ ÝAŞ ÇAPARLARY»: V MÖWSÜMIŇ VI SAÝLAMA OÝNY
      • Türkmenistanyň diplomatiýasynyň möhüm ugurlary boýunça okuw merkezi
        • Ulag diplomatiýasy
        • Energetika diplomatiýasy
        • Suw diplomatiýasy
        • Öňüni alyş diplomatiýasy
        • Ykdysady diplomatiýasy
      • Diplomatik protokol boýunça okuw merkezi
    • Media
    Esasy / Wakalar / Halkara hokkeý ýaryşy – türkmen sportunyň taryhynda täze sahypa
    Halkara hokkeý ýaryşy – türkmen sportunyň taryhynda täze sahypa
    Halkara hokkeý ýaryşy – türkmen sportunyň taryhynda täze sahypa
    Halkara hokkeý ýaryşy – türkmen sportunyň taryhynda täze sahypa
    19/04/2024

    2421

    Halkara hokkeý ýaryşy – türkmen sportunyň taryhynda täze sahypa

    15-nji aprelde sagdynlygyň we ruhubelentligiň mekany bolan ýurdumyz nobatdaky iri sport baýramçylygyna – hokkeý boýunça halkara ýaryşyna badalga berdi. Saglyk aýynyň dowam edýän günlerinde ak mermerli Aşgabat tejribeli türgenleri, sport janköýerlerini öz goýnunda jemledi. 20-nji aprele çenli dowam etjek bu halkara ýaryş Gyşky oýunlar sport toplumynyň uly we kiçi buzly meýdançalarynda, “A” we “B” toparçalarda yzygiderli geçirilýär.
    Halkara ýaryşyň badalga alan ilkinji günlerinde geçirilen duşuşyklar turuwbaşdan ýaryşyň şowhunyny artdyrdy. 16-njy aprelde ikinji tapgyryň oýunlaryna Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň mugallymlarydyr talyp ýaşlary janköýerlik edip, milli ýygyndymyza ruhy goldaw bermäge gatnaşdylar.
    Günüň birinji ýarymynda Türkmenistanyň “Galkan” topary bilen Oman Patyşalygynyň “Oman Nationals” toparynyň arasynda geçirilen oýunlarda toparlar buzuň üstündäki başarnyklaryny, şaýba erk etmek ussatlyklaryny görkezdiler. Duşuşykda türkmen hokkeýçileri 15:1 hasabynda garşydaşlaryny ynamly ýeňmegi başardylar.
    Günüň ikinji ýarymynda Eýranyň “Ice box” topary bilen Bahreýn Patyşalygynyň “Bahreýn” topary duşuşyp, 8:1 hasabynda Eýranyň “Ice box” topary garşydaşlaryny ynamly ýeňmegi başardylar.
    Türkmen sportunyň taryhyna täze bir ajaýyp sahypa bolup ýazyljak hokkeý boýunça halkara ýaryşyna Ýewropa we Aziýa yklymlarynyň on ýurdundan toparlar gatnaşýarlar. Giň gerim bilen badalga alan bu sport baýramçylygy sebitde hokkeýiň ösmegine, bu sportuň meşhurlygyna we oňa gatnaşyjy ýurtlaryň arasynda dostlukly gatnaşyklaryň has-da pugtalanmagyna mynasyp goşantdyr.

    Aýşirin DÖWLETOWA,
    Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň
    Halkara gatnaşyklary institutynyň
    Halkara žurnalistikasy fakultetiniň II ýyl talyby.

    Soňky täzelikler

    BAÝRAMÇYLYGA BAGYŞLANAN GEZELENÇ surady

    27/02/2026

    BAÝRAMÇYLYGA BAGYŞLANAN GEZELENÇ
    “Ynsan syrdaşy” atly çeper filmi görkezildi surady

    23/02/2026

    “Ynsan syrdaşy” atly çeper filmi görkezildi
    TALYBYMYZ TÜRKMENISTANYŇ ÇEMPIONY BOLDY surady

    23/02/2026

    TALYBYMYZ TÜRKMENISTANYŇ ÇEMPIONY BOLDY
    Peýdaly Salgylar
    Beýleki ýokary okuw mekdepleri
    Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasy
    Habarlaşmak üçin

    744000, Türkmenistan Aşgabat, Galkynyş 25

    iirmfatm@iirmfa.edu.tm, iirmfatm@sanly.tm

    +99312266155

    +99312266183

    © 2026 Haklary doly goralandyr: TDIMHGI