
01/06/2025
435
TÜRKMENISTAN- BAGTLY ÇAGALARYŇ MEKANY!
Hormatly Prezidentimiziň ýadawsyz aladalary we uly tagallalary netijesinde Türkmenistanda çagalygy goramak, çagalaryň we ýaşlaryň saglygyny saklamak hem-de hemmetaraplaýyn ösmegini gazanmak, olary özbaşdak durmuşa we zähmete taýýarlamak bilen bir hatarda ýurduň durmuşyna işjeň gatnaşmaklary üçin maddy we durmuş ýeňillikleriniň, artykmaçlyklarynyň we ileri tutulmalarynyň köptaraplaýyn ulgamy we ygtybarly hukuk hem-de durmuş kepillikleri döredildi.
Türkmenistan döwletimiz daşary ýurt döwletleri bilen bir hatarda çagalaryň hukuklary we olaryň goraglygy bilen bagly halkara hukuk resminamalary kabul etmek we olary ýerine ýetirmek bilen, halkara derejesinde bellenilýän ähli baýramçylyklary hem giň gerimde dabaraly ýagdaýda belläp geçýär. Ynha, şular ýaly baýramçylyklaryň biri hem her ýylyň 1-nji iýunynda bellenilip geçilýän Çagalary goramagyň Halkara günüdir.
Çagalary goramagyň halkara gününiň döremeginiň öz taryhy bardyr. 1949-njy ýylda Fransiýada Zenanlaryň Halkara demokratik Federasiýasynyň Geňeşiniň sessiýasynda 1-nji iýun - çagalaryň goragynyň güni diýlip çözgüt çykarylýar we 1950-nji ýylda 51 döwletde bu baýramçylyk bellenilip geçilýär. Birleşen Milletler Guramasy hem öz gezeginde bu pikiri goldap, çagalaryň hukuklaryny, janyny we saglygyny goramaklygy öz işiniň aýratyn ugurlarynyň biri bolar diýip yglan etmek bilen ýörite Kakarnama esasynda 1-nji iýuny - Çagalary goramagyň Halkara güni diýip yglan etdi.
Bu baýramçylyk indi dünýäniň her künjeginde giňden bellenilip geçilýär. Bu gün mynasybetli dürli çäreler, ýagny, sport ýaryşlary, çagalara degişli kinofilmleriň ýa-da gepleşikleriň görkezilişi, surat çekmek boýunça bäsleşikler, medeni, aýdym- sazly çäreler uly göwrümlerde geçirilýär. Şeýle çäreler biziň ýurdumyzdada hem ýokary derejede hut hormatly Prezidentimiziň özüniň gatnaşmagynda giňden bellenilýär. Ýer ýüzüniň ähli çagalaryna bagyşlanan bu ajaýyp baýramçylyk olaryň hukuklaryny we bähbitlerini jemgyýetiň we döwletiň ilkinji nobatdaky aladalarynyň hatarynda yglan edýär.
Dünýäniň ähli çagalaryna bagyşlanan Çagalary goramagyň halkara güni jemgyýetiň hem-de döwletiň ilkinji aladasy bolan ýaşlaryň hukuklaryny we bähbitlerini jar edýär. Türkmenistanyň çaganyň hukuklaryny we kanuny bähbitlerini goramak, eneligi we çagalygy goldamak babatda BMG-niň Çagalar gaznasy — ÝUNISEF bilen işjeň hyzmatdaşlyk edýändigini, dünýäde körpe raýatlar üçin has oňaýly durmuş şertlerini döretmek bilen bagly meselelere örän jogapkärçilikli çemeleşýän ýurt hökmünde ykrar edilýändigini aýratyn bellemek bolar. Ýeri gelende bellesek, türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy boýunça 2021-nji ýylyň mart aýynda Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasy döredildi. Türkmenistanyň Mejlisiniň karary bilen, Alym Arkadagymyzyň ady dakylan bu gazna çagalara lukmançylyk we bilim hyzmatlaryny bermek, olaryň dynç almaklary hem-de beýleki zerurlyklary üçin serişdeleri geçirýär. Onuň ýanynda hereket edýän Ýaşulular geňeşi öňde goýlan wezipeleri we dürli meseleleri çözmekde gazna hemmetaraplaýyn goldaw berýär. Munuň özi çagalara özleri hakda edilýän aladany duýmaklaryna we jemgyýetde mynasyp orun eýelemeklerine mümkinçilik berýär.
Türkmen halkynyň Milli Lideriniň başlangyjy esasynda haýyr-sahawat gaznasynyň döredilmegi ösüp gelýän ýaş nesil hakynda hemmetaraplaýyn alada edilýändiginiň, halkymyzyň ynsanperwerlik, haýyr-sahawatlylyk ýörelgeleriniň dabaralanýandygynyň aýdyň güwäsidir. Gaznanyň döredilmegi bilen, howandarlyga mätäç çagalaryň hukuklaryny goramak, olaryň jemgyýetiň we döwletiň durmuşyna doly derejeli gatnaşmagyny üpjün etmek üçin giň mümkinçilikler açylýar. Ýurdumyzyň ýaş raýatlarynyň saglygyny goramak maksady bilen, ugurdaş desgalaryň gurluşygyna aýratyn ähmiýet berilýär.
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda hem “1-nji iýun – Çagalary goramagyň halkara güni – parahatçylygyň, ynsanperwerligiň, dostlugyň dabaralanmagy” atly baýramçylyk dabarasyny geçirdi. Bu dabara paýtagtymyzdaky Döwletliler köşgünde terbiýelenýän çagalar hem gatnaşdy.
Döwletimiziň ene-atasyz galan çagalar hakynda aladany öz üstüne almak bilen, olaryň uly maşgala goşulyşmaklary, özlerini jemgyýetiň möhüm agzasy hökmünde duýmaklary üçin ähli şertleri döredýändigini bellemek gerek. Bu diňe bir kömege mätäç raýatlary goldamak üçin durmuş ugurly çäre bolmak bilen çäklenmän, eýsem, türkmen halkynyň ruhy ýörelgeleriniň we üýtgewsiz dessurlarynyň hem biridir. Şeýle ynsanperwer däpler çagalaryň hukuklaryny, kanuny bähbitlerini üpjün etmek, goramak ýaly toplumlaýyn hukuk kepilliklerini, hossarsyz galan çagalaryň durmuş ulgamyna çekilmegine, olary özbaşdak durmuşa taýýarlamaga, çagalaryň döredijilik işjeňliginiň ösdürilmegine, ýokary ahlak gymmatlyklary, watansöýüjilik esasynda terbiýelenmegine gönükdirilen birnäçe çäreleri öz içine alýar.
Diýarymyzda durmuşa geçirilýän giň möçberli çäreler ýaş nesilleriň hemmetaraplaýyn we sazlaşykly ösüşine gönükdirilýär. Munuň özi Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň hemmetaraplaýyn bilimli, ruhy taýdan baý, berk bedenli, Watanymyzyň mundan beýläk-de gülläp ösmegine mynasyp goşant goşmaga ukyply ýaşlary kemala getirmek hakynda edýän aladasynyň aýdyň netijesidir.
Merjen GURBANNAZAROWA,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň
Halkara gatnaşyklary institutynyň
Halkara hukugy we deňeşdirme hukuk öwreniş
kafedrasynyň uly mugallymy.
Latest News

31/05/2025
1-nji iýun — Çagalary goramagyň halkara güni
20/05/2025
World Bee Day