
01/06/2025
133
TÜRKMENISTAN- BAGTLY ÇAGALARYŇ MEKANY!
Hormatly Prezidentimiziň ýadawsyz aladalary we uly tagallalary netijesinde
Türkmenistanda çagalygy goramak, çagalaryň we ýaşlaryň saglygyny saklamak
hem-de hemmetaraplaýyn ösmegini gazanmak, olary özbaşdak durmuşa we zähmete
taýýarlamak bilen bir hatarda ýurduň durmuşyna işjeň gatnaşmaklary üçin maddy
we durmuş ýeňillikleriniň, artykmaçlyklarynyň we ileri tutulmalarynyň
köptaraplaýyn ulgamy we ygtybarly hukuk hem-de durmuş kepillikleri döredildi.
Türkmenistan döwletimiz daşary ýurt döwletleri bilen bir hatarda çagalaryň
hukuklary we olaryň goraglygy bilen bagly halkara hukuk resminamalary kabul
etmek we olary ýerine ýetirmek bilen, halkara derejesinde bellenilýän ähli
baýramçylyklary hem giň gerimde dabaraly ýagdaýda belläp geçýär. Ynha, şular
ýaly baýramçylyklaryň biri hem her ýylyň 1-nji iýunynda bellenilip geçilýän
Çagalary goramagyň Halkara günüdir.
Çagalary goramagyň halkara gününiň döremeginiň öz taryhy bardyr. 1949-njy
ýylda Fransiýada Zenanlaryň Halkara demokratik Federasiýasynyň Geňeşiniň
sessiýasynda 1-nji iýun - çagalaryň goragynyň güni diýlip çözgüt çykarylýar we
1950-nji ýylda 51 döwletde bu baýramçylyk bellenilip geçilýär. Birleşen Milletler
Guramasy hem öz gezeginde bu pikiri goldap, çagalaryň hukuklaryny, janyny we
saglygyny goramaklygy öz işiniň aýratyn ugurlarynyň biri bolar diýip yglan etmek
bilen ýörite Kakarnama esasynda 1-nji iýuny - Çagalary goramagyň Halkara güni
diýip yglan etdi.
Bu baýramçylyk indi dünýäniň her künjeginde giňden bellenilip geçilýär. Bu
gün mynasybetli dürli çäreler, ýagny, sport ýaryşlary, çagalara degişli kinofilmleriň
ýa-da gepleşikleriň görkezilişi, surat çekmek boýunça bäsleşikler, medeni, aýdym-
sazly çäreler uly göwrümlerde geçirilýär. Şeýle çäreler biziň ýurdumyzdada hem
ýokary derejede hut hormatly Prezidentimiziň özüniň gatnaşmagynda giňden
bellenilýär. Ýer ýüzüniň ähli çagalaryna bagyşlanan bu ajaýyp baýramçylyk olaryň
hukuklaryny we bähbitlerini jemgyýetiň we döwletiň ilkinji nobatdaky aladalarynyň
hatarynda yglan edýär.
Dünýäniň ähli çagalaryna bagyşlanan Çagalary goramagyň halkara güni
jemgyýetiň hem-de döwletiň ilkinji aladasy bolan ýaşlaryň hukuklaryny we
bähbitlerini jar edýär. Türkmenistanyň çaganyň hukuklaryny we kanuny bähbitlerini
goramak, eneligi we çagalygy goldamak babatda BMG-niň Çagalar gaznasy —
ÝUNISEF bilen işjeň hyzmatdaşlyk edýändigini, dünýäde körpe raýatlar üçin has
oňaýly durmuş şertlerini döretmek bilen bagly meselelere örän jogapkärçilikli
çemeleşýän ýurt hökmünde ykrar edilýändigini aýratyn bellemek bolar. Ýeri gelende
bellesek, türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy
boýunça 2021-nji ýylyň mart aýynda Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky
Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasy
döredildi. Türkmenistanyň Mejlisiniň karary bilen, Alym Arkadagymyzyň ady
dakylan bu gazna çagalara lukmançylyk we bilim hyzmatlaryny bermek, olaryň dynç
almaklary hem-de beýleki zerurlyklary üçin serişdeleri geçirýär. Onuň ýanynda
hereket edýän Ýaşulular geňeşi öňde goýlan wezipeleri we dürli meseleleri
çözmekde gazna hemmetaraplaýyn goldaw berýär. Munuň özi çagalara özleri hakda
edilýän aladany duýmaklaryna we jemgyýetde mynasyp orun eýelemeklerine
mümkinçilik berýär.
Türkmen halkynyň Milli Lideriniň başlangyjy esasynda haýyr-sahawat
gaznasynyň döredilmegi ösüp gelýän ýaş nesil hakynda hemmetaraplaýyn alada
edilýändiginiň, halkymyzyň ynsanperwerlik, haýyr-sahawatlylyk ýörelgeleriniň
dabaralanýandygynyň aýdyň güwäsidir. Gaznanyň döredilmegi bilen, howandarlyga
mätäç çagalaryň hukuklaryny goramak, olaryň jemgyýetiň we döwletiň durmuşyna
doly derejeli gatnaşmagyny üpjün etmek üçin giň mümkinçilikler açylýar.
Ýurdumyzyň ýaş raýatlarynyň saglygyny goramak maksady bilen, ugurdaş
desgalaryň gurluşygyna aýratyn ähmiýet berilýär.
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda
hem “1-nji iýun – Çagalary goramagyň halkara güni – parahatçylygyň,
ynsanperwerligiň, dostlugyň dabaralanmagy” atly baýramçylyk dabarasyny geçirdi.
Bu dabara paýtagtymyzdaky Döwletliler köşgünde terbiýelenýän çagalar hem
gatnaşdy.
Döwletimiziň ene-atasyz galan çagalar hakynda aladany öz üstüne almak
bilen, olaryň uly maşgala goşulyşmaklary, özlerini jemgyýetiň möhüm agzasy
hökmünde duýmaklary üçin ähli şertleri döredýändigini bellemek gerek. Bu diňe bir
kömege mätäç raýatlary goldamak üçin durmuş ugurly çäre bolmak bilen
çäklenmän, eýsem, türkmen halkynyň ruhy ýörelgeleriniň we üýtgewsiz
dessurlarynyň hem biridir. Şeýle ynsanperwer däpler çagalaryň hukuklaryny, kanuny
bähbitlerini üpjün etmek, goramak ýaly toplumlaýyn hukuk kepilliklerini, hossarsyz
galan çagalaryň durmuş ulgamyna çekilmegine, olary özbaşdak durmuşa
taýýarlamaga, çagalaryň döredijilik işjeňliginiň ösdürilmegine, ýokary ahlak
gymmatlyklary, watansöýüjilik esasynda terbiýelenmegine gönükdirilen birnäçe
çäreleri öz içine alýar.
Diýarymyzda durmuşa geçirilýän giň möçberli çäreler ýaş nesilleriň
hemmetaraplaýyn we sazlaşykly ösüşine gönükdirilýär. Munuň özi Gahryman
Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň hemmetaraplaýyn bilimli,
ruhy taýdan baý, berk bedenli, Watanymyzyň mundan beýläk-de gülläp ösmegine
mynasyp goşant goşmaga ukyply ýaşlary kemala getirmek hakynda edýän
aladasynyň aýdyň netijesidir.
Merjen GURBANNAZAROWA,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň
Halkara gatnaşyklary institutynyň
Halkara hukugy we deňeşdirme hukuk öwreniş
kafedrasynyň uly mugallymy.
Soňky täzelikler

31/05/2025
1-nji iýun — Çagalary goramagyň halkara güni
20/05/2025
20-nji maý — Bütindünýä balary güni