16/05/2026
93
HALKARA ÝAGTYLYK GÜNI
Her ýylyň 16-njy maýynda bütin dünýäde Halkara ýagtylyk güni bellenip geçilýär. Bu halkara gün Birleşen Milletler Guramasynyň ylym-bilim we medeniýet meseleleri boýunça guramasy ÝUNESKO tarapyndan resmi taýdan yglan edildi.
Bu taryhy senäniň saýlanyp alynmagynyň sebäbi bar. 1960-njy ýylyň 16-njy maýynda meşhur amerikan fizigi we inženeri Teodor Maýman tarapyndan adamzat taryhynda ilkinji gezek lazer şöhlesi üstünlikli işledildi. Bu tehnologiýanyň açylmagy bolsa medisinadan başlap, aragatnaşyga we kosmos barlaglaryna çenli örän köp ulgamlarda rewolýusiýa döretdi.
Ýagtylyk we durnukly energiýa häzirki zaman dünýäsiniň ösmeginiň iň esasy hereketlendiriji güýjidir. Bu halkara gün optika we fotonika (ýagtylyk ylmy) häzirki zaman tehnologiýalarynyň gözbaşydyr. Interneti üpjün edýän optiki süýümli kabeller, smartfonlaryň we kompýuterleriň ekranlary, ekologiýany goramakda we global ýylylyga garşy göreşmekde Gün panelleri arkaly alynýan arassa energiýa Ýeriň geljegi üçin iň esasysy ýagtylykdyr.
Ýagtylyk arhitekturada, suratkeşlikde, kinoda, teatrlarda we dizaýnda iň esasy çeperçilik guralydyr. Ol adamzadyň medeni mirasyny we gözelligi görkezmäge ýardam edýär.
Halkara ýagtylyk gününiň bellenilmeginiň düýp maksady bütin dünýäde ýaşlaryň we talyplaryň fizika, tehnologiýa, innowasiýa bolan höwesini artdyrmak, Gün energiýasy we tygşytly ýagtylyk ulgamlary arkaly tebigaty goramaga ünsi gönükdirmekden ybarat.
Ýagtylyk — diňe bir fiziki şöhle däl-de, eýsem ylmyň, medeniýetiň we parahatçylygyň nyşany hasaplanýar. Halkara ýagtylyk güni bir söz bilen aýdylanda ylmy ösüşiň adamzada berýän ajaýyp mümkinçilikleridir.
Käbe ÝAGMYROWA,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň
Halkara gatnaşyklary institutynyň
Halkara žurnalistikasy fakultetiniň 1-nji ýyl talyby