25/05/2026
40
31-nji maý –Temmäkä garşy Bütindünýä göreş güni
Hormatly Prezidentimiz çilimkeşlik ýaly zyýanly endikleri düýbünden aradan aýyrmagy we Türkmenistany dünýäde temmäkiden azat çäklere öwürmegi baş maksatlaryň biri hökmünde nygtaýar. Şeýle hem ýaş nesilleriň sagdyn ösmegi, saglyga zyýan ýetirýän ýaramaz endiklere garşy durmagy ýurdumyzda döwlet syýasatymyzyň ileri tutulýan ugry hasaplanýar.
Bu ugra esaslanyp ýurdumyzda ýaramaz endiklere garşy wagyz-nesihat çärelerini geçirmek, halka şeýle hem ýaş nesillere temmäki önümleriniň, neşe serişdeleriniň ynsan saglygyna ýetirýän zyýanly täsirini düşündirmek maksady bilen her ýylyň 31-nji maýynda ýurdumyz we bütin dünýä Temmäkä garşy Bütindünýä söweş gününi belläp geçýär. Bu sene 1987-nji ýylda Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasyna agza döwletleri tarapyndan döredildi.
Bütin dünýäde ynsan saglygyna we jemgyýete ýaramaz täsir edýän närseleriň arasynda temmäki esasy orny eýeleýär. Çilimiň ynsan bedenine ýetirýän täsiri juda uludyr. Adam bedeninde temmäkiniň täsir etmeýän agzasy ýokdur. Şeýle hem çilimiň tüssesinde saklanýan zyýanly maddalar diňe bir çilimkeşiň däl-de, eýsem, onuň bilen aragatnaşykda bolýan adamlaryň, maşgala agzalarynyň hem saglygyna ýaramaz täsirini ýetirýär. Muňa olaryň çilim çekilen jaýda uzak wagtlap bolmagy, tüsseli howadan dem almagy sebäp bolýar.
Çilim çekmek işdäňi peseldip, iýmitiň siňmegini kynlaşdyrýar, aşgazan-içege ulgamynda başly ýaralaryň döremegine getirýär. Dowamly demgysma, üsgülewik, ýürek urgularynyň üýtgemegi, tahikardiýa (pulsuň kadadakydan ýokarlanmagy), bradikardiýa (pulsuň seýrekleşmegi) ýaly näsazlyklaryň, bronhit, infarkt, insult ýaly keselleriň döremegine we agyrlaşmagyna çilim çekmek endigi uly täsir edýär. Çilimiň tüssesindäki zäherli maddalar çilimkeşiň daşky keşbinde-de üýtgemeleriň ýüze çykmagyna getirýär: dişler saralýar, owranyp dökülýär, dyrnaklar port, döwülegen bolýar, saç düşýär, tebigy öwüşgünini ýitirýär, deri solgun reňkde bolýar, agyzdan, saçlardan, egin-eşikden ýakymsyz ys gelýär. Temmäki önümleri özüne maýyl ediji bolup, oňa başgaça nerw zäheri hem diýilýär. Türkmeniň beýik akyldary Magtymguly Pyragy:
Kuwwatyň kemelder, güýjüň azdyrar,
Keýpi kellä gelse, aklyň azdyrar,
Süňňüňi syzdyrar, etiň gyzdyrar,
Bir nyşana budur sende, çilimkeş –
diýmek bilen çilimiň, ýagny temmäki önümleriniň ynsan saglygyna ýaramaz täsiriniň bardygyny, ol diňe bir saglygyňa zyýan ýetirmek bilen çäklenmän, eýsem, adamy jemgyýetiň gözünden düşürýändigini nygtaýar.
Şeýlelik bilen bu möhüm sene bütin dünýäni temmäkiden azat etmeklige we sagdyn bedenli ýaş nesilleri kemala getirmek hem-de olary zyýanly endiklerden daşda durmaklyga çagyrýar.
Ogulnar GARRYGULOWA,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň
Halkara gatnaşyklary institutynyň
Halkara žurnalistikasy fakultetiniň 2-nji ýyl talyby
Soňky täzelikler
16/05/2026
HALKARA ÝAGTYLYK GÜNI