
14/07/2025
65
Deňze çykalga — dünýä çykalga (Ýaş žurnalistiň sözi)
Ýer ýüzünde her ýylyň dowamynda müňlerçe ýük daşamalary, eksport-import amallary, söwda-ykdysady hereketler deňizlerdir ummanlar arkaly amala aşyrylýar. Emma käbir ýurtlar özleriniň geografik ýerleşişi bilen baglylykda, bu mümkinçiliklerden peýdalanyp bilmeýärler. Bu ýagdaý ählumumy tagallalaryň birleşdirilip, netijeli çözgütleriň kabul edilmegini talap edýär. Şunda Gahryman Arkadagymyzyň tagallalary hem-de hormatly Prezidentimiziň başlangyçlary we degişli Karary, Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň ýörite Kararnamasy esasynda şu ýylyň 4 — 8-nji awgusty aralygynda «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda BMG-niň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan ýurtlar boýunça üçünji maslahatynyň geçirilmegi bu döwletler hem-de olaryň hyzmatdaşlary üçin ygtybarly gatnaşyklary ýola goýmak babatda oňyn mümkinçilik döreder. Milli Liderimiziň hem-de döwlet Baştutanymyzyň yzygiderli üns-aladasy netijesinde häzirki wagtda halkara forumyň we ugurdaş çäreleriň guramaçylykly geçirilmegi üçin ýokary derejede taýýarlyk işleri alnyp barylýar.
BILELIKDE YKDYSADY DURNUKLYLYGA TARAP
Türkmenistan döwletimiz parahatçylyk söýüjilik we oňyn Bitaraplyk ýörelgelerine esaslanýan daşary syýasat ugruny yzygiderli durmuşa geçirip, Durnukly ösüş maksatlaryna ýetmek bilen baglanyşykly möhüm wezipeleriň çözgütlerini işläp taýýarlamak babatda netijeli tagallalary edýär. Durnukly ösüş maksatlaryna ýetmekde ulag ulgamyna möhüm orun degişlidir. Şunda, esasan, guryýer we suw ýollarynyň utgaşykly ulanylmagy uly ähmiýete eýedir. BMG-niň deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler babatda her 10 ýyldan bir gezek guraýan maslahatlarynyň esasy maksady hem şundan ybaratdyr. Olaryň ilkinjisi 2003-nji ýylda Gazagystan Respublikasynda, ikinjisi 2014-nji ýylda Awstriýada geçirildi. 2025-nji ýylyň 4 — 8-nji awgusty aralygynda «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda geçiriljek BMG-niň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan ýurtlar boýunça üçünji maslahatyna häzirki wagtda ýurdumyzyň ministrlikleri we pudaklaýyn dolandyryş edaralary tarapyndan ýokary derejede taýýarlyk görülýär.
Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan, az ösen we kiçi ada ýurtlarynyň, sebit hem-de halkara guramalaryň, iri kompaniýalaryň wekilleriniň gatnaşmagynda geçiriljek forumyň gün tertibinde ykdysadyýet, söwda, senagat, ulag, energetika, maýa goýum, howpsuzlyk, ýokary tehnologiýalar, ekologiýa ýaly häzirki zaman dünýäsinde wajyp hasaplanýan ugurlar göz öňünde tutulandyr. Şoňa görä-de, BMG-niň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan ýurtlar boýunça üçünji maslahaty dialog medeniýetine esaslanýan özara bähbitli hyzmatdaşlygy barha ösdürmäge gönükdirilen netijeli meýdança bolup hyzmat eder.
Käbir taryhy maglumatlara ýüzlensek, 2016-njy ýylyň noýabrynda Aşgabatda BMG-niň Durnukly ulag ulgamy boýunça birinji ählumumy maslahaty guraldy. 2022-nji ýylyň awgustynda «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda Milletler Bileleşiginiň howandarlygynda deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletleriň ulag ministrleriniň derejesindäki halkara maslahat üstünlikli geçirildi.
DEŇIZ ÇYKALGASYNYŇ MÖHÜMLIGI NÄMEDE?
Deňiz terminallaryna göni çykalgasy bolmadyk döwletler üçin ulag-üstaşyr gatnawlaryny amatly ýagdaýa getirmek, çig maly we taýýar önümleri daşamagyň üpjünçilik ulgamyny guramak örän wajypdyr. Şeýle döwletler netijeli üstaşyr gurallarynyň döredilmegine garaşlydyrlar. Olar durnukly ulag düzümlerini döretmek, halkara söwdany, syýahatçylygy ösdürmek, şol sanda adamlaryň ulag we üstaşyr geçelgeleri boýunça ygtybarly gatnawyny üpjün etmek babatda goldaw berilmegine zerurlyk çekýärler. Netijede, bu döwletler ykdysadyýetiň pese gaçmagy hem-de dünýä bazarlaryndan çetleşmegi ýaly kynçylyklar bilen ýüzbe-ýüz bolýarlar. Bilermenleriň aýtmagyna görä, deňze çykalgasy bolmadyk döwletler üstaşyr geçiriji ýurtlar bilen deňeşdirilende, ulag çykdajylaryna iki esse diýen ýaly köp serişde harçlaýarlar, şeýle-de olar daşary ýurt bazarlaryndan haryt alyş-çalşygyny amala aşyrmak üçin köp wagt sarp etmeli bolýarlar.
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzyň parahatçylyk söýüjilik, hoşniýetli goňşuçylyk, dost-doganlyk ýörelgelerine esaslanýan halkara başlangyçlary dünýä jemgyýetçiligi tarapyndan giň goldawa eýe bolýar. Şunda Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 79-njy sessiýasynyň 63-nji plenar mejlisinde «BMG-niň deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler boýunça üçünji maslahatyny geçirmegiň tertibine goşmaça maglumat» atly Kararnamanyň kabul edilmegi şanly ýylymyzyň möhüm wakalarynyň hataryndan orun aldy.
Forum birnäçe möhüm çäreleri öz içine alar. Hususan-da, maslahat bilen ugurdaşlykda Merkezi Aziýa döwletleriniň medeni çäreleri, parlamentara forum, ýaşlar forumy, zenanlaryň forumy we beýleki çäreler, işewürlik duşuşyklary guralar. Bularyň ählisi ählumumy durnukly ösüşiň bähbidine tagallalary birleşdirmäge ýardam berer. Maslahata BMG-niň Baş sekretarynyň hem gatnaşmagyna garaşylýar. Munuň özi hoşniýetli gatnaşyklaryň ýokary derejesini görkezýär.
RESMI INTERNET SAÝTY HEREKET EDÝÄR
Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynyň maý aýynda hormatly Prezidentimiz Balkan welaýatyna amala aşyran iş saparynyň çäklerinde Ministrler Kabinetiniň giňişleýin göçme mejlisini geçirdi. Mejlisde BMG-niň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan ýurtlar boýunça üçünji maslahatyna görülýän taýýarlyk işleri bilen bagly meselelere seredilmegi aýratyn ähmiýete eýe boldy. Şunda halkara maslahatyň resmi internet saýtynyň synag maksatly işe girizilendigi habar berildi. Bu saýt www.lldc3.gov.tm internet salgysy arkaly elýeterlidir.
Halkara forum «Hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryny goldamak arkaly ösüşe ýardam bermek» atly mowzuk boýunça geçiriler. Onuň dünýä üçin uly syýasy, ykdysady, durmuş we ynsanperwerlik ugurlar boýunça möhüm ähmiýetiniň bardygyny aýratyn nygtamak gerek. Degişli internet saýtynyň işi üç dilde — türkmen, iňlis we rus dillerinde alnyp barylýar. Saýtda deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan ýurtlar, halkara forumyň işi barada maglumatlar berlip, maslahatyň esasy çäreleriniň meýilnamalary hem ýerleşdirilendir. Şu jähetden, degişli internet saýty forumyň ähli ugurlarynyň halkara giňişlikde doly derejede wagyz edilmegine, myhmanlaryň metbugat maglumatlary bilen tanyşmaklaryna oňyn täsir edip, forumyň wakalarynyň dessin ýagdaýda dünýä jemgyýetçiligine ýetirilmeginde möhüm ähmiýete eýe bolar.
TEJRIBE — KÄMILLIK
Bilşimiz ýaly, Gahryman Arkadagymyz maslahatyň guramaçylyk-taýýarlyk işlerini seljermek maksadynda Balkan welaýatyna iş saparyny amala aşyryp, bu uly halkara çäräniň taýýarlyk derejesi we bu babatda amala aşyrylýan taslamalar bilen tanyşdy. Şunda Milli Liderimiz BMG-niň howandarlygynda geçiriljek forumda çykyş etjekler, terjimeçiler hem-de forumyň geçişini beýan etjek žurnalistler üçin ähli zerur şertleriň döredilmelidigini nygtady. Bu babatda meýletinçi-ýardamçylaryň alyp barjak işlerine möhüm ähmiýet berilmelidigini aýdyp, degerli maslahatlaryny, öwüt-ündewlerini bermegi biz — ýaşlaryň ýürek buýsanjymyzy goşalandyrdy. Munuň özi forumda garaljak meseleleriň we kabul ediljek çözgütleriň ähmiýetini dünýä ýaýmakda wajyp orna eýe bolar.
Şunuň bilen baglylykda, forumyň many-mazmunyny köpçülikleýin habar beriş serişdelerinde giňden şöhlelendirmek maksady bilen, Türkmenistanyň Mejlisinde guramaçylyk iş topary döredildi. Maslahata gatnaşyjylary türkmen myhmansöýerliginiň milli däplerine laýyklykda garşy almak we çäreleri ýokary derejede geçirmäge ýardam bermek maksady bilen, dürli daşary ýurt dillerini bilýän talyplardan meýletinçiler taýýarlanyldy. Maslahatyň çäklerinde meýilleşdirilýän çäreleri guramaçylykly geçirmek, köpçülikleýin habar beriş serişdelerinde giňden wagyz etmek üçin ýurdumyzyň ýokary okuw mekdeplerinde žurnalistika hünäri boýunça bilim alýan ýaşlar hem netijeli iş alyp bararlar. Ýeri gelende bellesek, olara dil taýýarlygy, protokol kadalary boýunça ýerine ýetirilmeli işleriň okuw maksatnamasy, ýaş habarçylardyr wagyzçylar bilen halkara çäreleri beýan etmek üçin taýýarlanylan meýilnama boýunça okuw sapaklary üstünlikli geçirildi.
* * *
Täze taryhy döwrümizde parahatçylygyň beýik taglymatçysy Gahryman Arkadagymyzyň başlangyçlaryny üstünlikli dowam etdirýän hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda Türkmenistan döwletimiz BMG tarapyndan taýýarlanylan maksatnamalardan gelip çykýan wezipeleri üstünlikli amal etmegi we Durnukly ösüş maksatlaryna ýetmek boýunça tagallalary utgaşdyrmagy baş maksat edinýär. 8-nji iýulda sanly ulgam arkaly Türkmenistanyň Hökümetiniň we Birleşen Milletler Guramasynyň arasynda Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan ýurtlar boýunça üçünji maslahaty geçirmek babatda ylalaşmalar hakynda Ylalaşyga gol çekilmegi muny nobatdaky gezek tassyklaýar. Bu halkara forumyň Hazaryň türkmen kenarynda geçirilmegi Türkmenistan döwletimiziň başlangyjy boýunça BMG-niň Baş Assambleýasy tarapyndan yglan edilen Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynyň esasy wakalarynyň birine öwrüler.
Atamyrat ÝAZWELIÝEW,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň
Halkara gatnaşyklary institutynyň talyby,
«Nesil».
Çeşme: "Nesil" gazeti 12.07.2025 ý.
Latest News

28/06/2025
Halka gulluk etmek — Haka gulluk etmek!
27/06/2025
Medeniýet- halkyň ruhy baýlygy