08/12/2023
3032
YKDYSATÇY TALYPLARYŇ NOBATDAKY ÜSTÜNLIGI
Berkarar döwletimiziň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe biziň ýurdumyzda ýaşlaryň öz hünär bilimlerini berkitmekde we kämilleşdirmekde uly mümkinçilikler döredilýär. Şeýle mümkinçilikleriň biri-de talyp ýaşlaryň arasynda geçirilýän internet olimpiadalarydyr. Şolaryň biri hem, 2023-nji ýylyň 24-nji noýabrynda Türkmenistanyň döwlet energetika instituty tarapyndan «Statistika» dersi boýunça geçirilen bäsleşikdir. Bu bäsleşige institutymyzyň Halkara ykdysady gatnaşyklary kafedrasynyň uly mugallymy, fizika-matematika ylymlarynyň kandidaty Gaplaň Esenamanowyň ýolbaşçylygynda ýekeleýin tapgyrda Halkara ykdysady gatnaşyklary fakultetiniň 2-nji ýyl talyplary Gülöwser Rejepowa III orna, toparlaýyn tapgyrda bolsa Ogulnäzik Rahmanowa, Mahym Kakaýewa, Gülöwser Rejepowa III orna mynasyp boldular. Bäsleşigiň ýeňijilerine degişli diplomlar gowşuryldy. Biz talyplar üçin öz ukyp-başarnyklarymyzy ösdürmekde döredilýän mümkinçilikler üçin Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza talyp kalbymyzyň hoşallygy çäksizdir.
Ogulnäzik RAHMANOWA,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň
Halkara gatnaşyklary institutynyň
Halkara ykdysady gatnaşyklary fakultetiniň II ýyl talyby.
Soňky täzelikler
27/02/2026
BAÝRAMÇYLYGA BAGYŞLANAN GEZELENÇ
23/02/2026
“Ynsan syrdaşy” atly çeper filmi görkezildi
23/02/2026
TALYBYMYZ TÜRKMENISTANYŇ ÇEMPIONY BOLDY