Logo
  • Logo
    • Ylym
      • Ylmy-barlag işleri
      • Aspirantura
      • Ylmy-amaly maslahatlar
      • Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygy
        • “Magtymguly, sözüm gysga şerhi köp...” (Magtymguly barada makalalar)
        • “Magtymguly, dile dessan getirdim...” (Magtymguly barada saýtlardan jemlenen maglumatlar)
        • Magtymguly Pyragynyň goşgularynyň wideoteswiri
        • Magtymguly Pyragynyň goşgularynyň audio ýazgylar toplumy
        • Magtymguly Pyragy dünýä metbugatynda
        • Magtymguly Pyragynyň daşary ýurt dillerindäki neşirleri
        • Magtymgulynyň goşgularynyň düşündirişli sözlügi
        • "Magtymgulynyň dünýäde öwrenilişi"
      • Ylmy makalalar, tezisler we ýygyndylar
      • Ýaş alymlar geňeşi
    • Halkara hyzmatdaşlygy
      • Geçirilen duşuşyklar
        • TÜRKMEN-FRANSUZ GATNAŞYKLARYNY ÖSDÜRMÄGE BAGYŞLANAN DUŞUŞYK
      • Saparlar
      • Ilçileriň leksiýalary
        • BEÝIK BRITANIÝALY DIPLOMAT BILEN DUŞUŞYK
        • AWSTRIÝANYŇ ÝEWROPA WE HOWPSUZLYK SYÝASATY INSTITUTYNYŇ WEKILI BILEN GEÇIRILEN DUŞUŞYKLAR
      • Halkara günler
      • "Parahatçylyk medeniýeti" atly ÝUNESKO kluby
    • Fakultetler
      • HALKARA GATNAŞYKLARY FAKULTETI
      • HALKARA HUKUGY FAKULTETI
      • HALKARA YKDYSADY GATNAŞYKLARY FAKULTETI
      • HALKARA ŽURNALISTIKASY FAKULTETI
    • Biz barada
      • Administrasiýa
      • Kafedralar
        • Halkara gatnaşyklary we diplomatiýa kafedrasy
        • Halkara hukugy we deňeşdirme hukuk öwreniş kafedrasy
        • Halkara ykdysady gatnaşyklary kafedrasy
        • Žurnalistikanyň nazaryýeti we amalyýeti kafedrasy
        • Jemgyýeti öwreniş ylymlary kafedrasy
        • Dünýä dilleri kafedrasy
      • Görkezijiler
      • Туркменистан создал условия для подготовки нового поколения дипломатов
      • Biz barada
    • Okuw
      • Hünärler
      • Dalaşgärlere
    • Merkezler
      • Strategik barlaglar boýunça ylmy merkezi
      • Ýaş diplomatlaryň mekdebi
      • Sanly ulgamlar we kommunikasiýa bölümi
      • Durnukly ösüş maksatlary boýunça ylmy merkezi
        • ADAM HUKUKLARY BOÝUNÇA OKUW SAPAGY GEÇIRILDI
      • Parahatçylygyň ýaş çaparlary
        • «PARAHATÇYLYGYŇ ÝAŞ ÇAPARLARY»: V MÖWSÜMIŇ VI SAÝLAMA OÝNY
      • Türkmenistanyň diplomatiýasynyň möhüm ugurlary boýunça okuw merkezi
        • Ulag diplomatiýasy
        • Energetika diplomatiýasy
        • Suw diplomatiýasy
        • Öňüni alyş diplomatiýasy
        • Ykdysady diplomatiýasy
      • Diplomatik protokol boýunça okuw merkezi
    • Media
    Esasy / Bildirişler / «Ýaşlar halkara hukugyny berkitmegiň ugrunda» atly geçiriljek ýaşlaryň dialog meýdançasy
    «Ýaşlar halkara hukugyny berkitmegiň ugrunda» atly geçiriljek ýaşlaryň dialog meýdançasy surady
    18/03/2026

    113

    «Ýaşlar halkara hukugyny berkitmegiň ugrunda» atly geçiriljek ýaşlaryň dialog meýdançasy

    Türkmenistan tarapyndan Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 80-nji sessiýasynda 2028-nji ýyly «Halkara hukugyň ýyly» diýip yglan etmek baradaky başlangyjyň öňe sürülmegi mynasybetli 2026-njy ýylyň 24-nji aprelinde Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň, Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň, Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetiniň hem-de Türkmenistanyň Içeri işler ministrliginiň institutynyň hukuk hünäri boýunça bilim alýan talyplarynyň arasynda «Ýaşlar halkara hukugyny berkitmegiň ugrunda» atly geçiriljek ýaşlaryň dialog meýdançasynyň
    DÜZGÜNNAMASY
    Ýurdumyzda milli kanunçylygymyzyň kämilleşdirilmegi, hukuk namalarynyň ornunyň ýokarlanmagy ýurdumyzda jemgyýetiň iň gymmatly hazynasynyň adamdygyny kepillendirýär. Muny türkmen ýaşlarynyň arasynda wagyz etmek we giňişleýin düşündirmek bolsa Hormatly Prezidentimiziň degişli tabşyryklary esasynda baý mazmunda we ýokary netijeli häsiýetde amala aşyrylýar. «Ýaşlar barada döwlet syýasaty hakynda» Türkmenistanyň Kanunynda belläp geçilişi ýaly, Halkara ýaşlar hyzmatdaşlygy Türkmenistanyň kanunçylygyna we Türkmenistanyň halkara şertnamalaryna laýyklykda amala aşyrylýar. Şu nukdaýnazardan 2026-njy ýylyň 24-nji aprelinde Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary instituty tarapyndan «Ýaşlar halkara hukugyny berkitmegiň ugrunda» atly ýaşlaryň dialog meýdançasy geçirilýär.
    I. UMUMY DÜZGÜNLER
    Türkmenistanyň Garaşsyzlygyny we Bitaraplygyny pugtalandyrmakda, parahatçylygy, ynanyşmagy, durnuklylygy we howpsuzlygy üpjün etmekde, halkara bileleşiginiň ynsanperwer tagallalaryna ýurdumyz mynasyp goşant goşýar. Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň, Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň yzygiderli tagallalary netijesinde, ýurdumyzyň halkara hyzmatdaşlygy barha ýaýbaňlanýar.
    BMG-niň Baş Assambleýasynda Türkmenistanyň başlangyjy bilen wajyp halkara meseleleriň çözgüdine gönükdirilen köpsanly rezolýusiýalaryň kabul edilmegi abadançylygyň we durnukly ösüşiň esasy bolan bitaraplyk syýasatynyň dabaralanmasy we ýurdumyzyň ösüş arkaly parahatçylygy üpjün etmäge gönükdirilen umumadamzat bähbitli başlangyçlaryny durmuşa geçirmek boýunça işleriniň ählumumy ykrar edilmegidir.
    Şeýle başlangyçlaryň dowamy hökmünde, 2028-nji ýylyň «Halkara hukugyň ýyly» diýlip yglan edilmegi dünýä döwletleriniň arasyndaky gatnaşyklaryň halkara hukugynyň umumy ykrar edilen kadalary esasynda alnyp barylmalydygyny aýdyň şöhlelendirýär. Şu nukdaýnazardan, halkara hukugynyň kadalaryny, olardan gelip çykýan hukuklaryny we borçlaryny berjaý etmekligiň esasynda döwletimiziň halkara bitaraplyk hukuk derejesini has-da berkitmek, şeýle-de ýurdumyzyň milli bähbitlerini goramaga ukyply ýaş hünärmenleri ýüze çykarmak wajyp wezipeleriň hatarynda durýar.
    «Ýaşlar halkara hukugyny berkitmegiň ugrunda» atly geçiriljek ýaşlaryň dialog meýdançasynyň maksady we wezipesi:
    * Halkara hukugy barada hünärmenleriň bilimlerini ýokarlandyrmak, halkara hukugy bilen Türkmenistanyň milli hukuk ulgamynyň sazlaşygy boýunça habarlylygy ýokarlandyrmak;
    * 2028-nji ýylyň «Halkara hukugyň ýyly» diýlip yglan edilmeginiň we onuň manysyny we mazmunyny ýaşlaryň arasynda giňden düşündirmek;
    * Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň çuňňur paýhasa gaplanan eserlerini we olarda beýan edilen pikir-garaýyşlary düşündirmek;
    * Hormatly Prezidentimiziň we Gahryman Arkadagymyzyň BMG-niň Baş Assambleýasynda eden taryhy çykyşlaryny prezentasiýalaryň we wideoýazgylaryň üsti bilen görkezilip çäräniň täsirliligini artdyrmak;
    * Türkmenistanyň BMG-niň Tertipnamasynyň maksatlaryna laýyklykda, 2030-njy ýyla çenli durnukly ösüşiň gün tertibine we halkara hukugyna ygrarlydygyny anyk mysallar arkaly görkezmek;
    * Ýaşlaryň arasynda döwletiň bähbitleriniň hemmetaraplaýyn goragyny üpjün etmegine we pugtalandyrylmagyna itergi berjek maglumatlary giňişleýin düşündirmek;
    * Bitarap Türkmenistanyň BMG we beýleki belent derejelerde öňe süren halkara başlangyçlaryny we olaryň durmuşa geçirilişini giňden düşündirmek;
    * Ýaş nesilleriň hukuk düşünjesini artdyrmak, olarda kanuna we tertip-düzgüne bolan sarpany terbiýelemek;
    * Türkmenistanyň bitaraplyk hukuk ýagdaýynyň halkara hukugyny berkitmekdäki ornuna aýratyn üns bermek boýunça maslahat bermekden ybarat bolup durýar.
    II. GEÇIRMEGIŇ TERTIBI
    Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň, Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň, Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetiniň hem-de Türkmenistanyň Içeri işler ministrliginiň institutynyň hukuk hünäri boýunça bilim alýan talyplarynyň gatnaşmagyna rugsat berilýär.
    Gatnaşjak talyplar we olara ýolbaşçylyk etjek mugallymlar baradaky maglumatlar Düzgünnamanyň 1-nji goşundysyna laýyklykda, 2026-njy ýylyň 20-nji apreline çenli hhhwedhok@gmail.com elektron salga ugratmaly (kabul edilendigi barada goşmaça habar beriler).
    Dialogyň dowamynda serediljek soraglar elektron salgy arkaly ugradylar, soraglar boýunça talyplar taýýarlykly gelmeli we öz pikirlerini beýan etmegi başarmaly. Dialogyň dowamynda toparlara bölünip gatnaşyjy talyplaryň arasynda çekeleşmeler göz öňünde tutulýar.
    Geçiriljek ýeri we wagty: Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary instituty. 2026-njy ýylyň 24-nji apreli, sagat 14:00.
    III. JEMLEMEK WE SYLAGLAMAK
    Talyplaryň teklipleri we çykyşlary tejribeli hünärmenleriň diňlemeginde baha berlip jemlener. Netijede “Iň işjeň gatnaşyjy”, “Iň gowy çykyş”, “Tapawutlanan teklip” we “Ýaş hukukçy” ýaly atlara eýe bolup Hormat haty we Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşi tarapyndan sowgatlar bilen sylaglanar.
    «Ýaşlar halkara hukugyny berkitmegiň ugrunda» atly geçiriljek ýaşlaryň dialog meýdançasynyň geçişi barada ähli maglumatlar Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň resmi web saýtynda iirmfa.edu.tm ýerleşdiriler.
    1-nji goşundy
    ____________________________________________________________________________________
    (ýokary okuw mekdebiň ady)
    2026-njy ýylyň 24-nji aprelinde ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleriniň talyplarynyň arasynda «Ýaşlar halkara hukugyny berkitmegiň ugrunda» atly geçiriljek ýaşlaryň dialog meýdançasyna gatnaşyjy barada
    MAGLUMAT

    T/bFamiliýasy we adyHünäriSuraty (3x4)Okuw ýyly







    T/bJogapkär mugallymyň familiýasy we adyKafedrasy, alymlyk derejesiHabarlaşmak üçin telefon belgisi





    Bellik: “Ýaşlar halkara hukugyny berkitmegiň ugrunda” atly halkara dialog meýdançasy bäsleşik däl, eýsem bu gyzykly, netijeli we döwrebap ýaşlaryň işjeň özara pikir alyşmalary we teklipleri ara alyp maslahatlaşmagy üçin täze interaktiw platforma.

    Soňky täzelikler

    “Bilelikde okalyň!” surady

    10/03/2026

    “Bilelikde okalyň!”
    «Halkara gatnaşyklary: parahatçylyk dialogynyň medeniýeti»  atly III halkara bäsleşigi surady

    09/03/2026

    «Halkara gatnaşyklary: parahatçylyk dialogynyň medeniýeti» atly III halkara bäsleşigi
    «Türkmenistanyň daşary syýasaty we diplomatiýasy: parahatçylygyň, howpsuzlygyň we durnukly ösüşiň hatyrasyna hyzmatdaşlyk» atly utgaşykly görnüşde geçiriljek halkara ylmy-amaly  maslahaty surady

    09/03/2026

    «Türkmenistanyň daşary syýasaty we diplomatiýasy: parahatçylygyň, howpsuzlygyň we durnukly ösüşiň hatyrasyna hyzmatdaşlyk» atly utgaşykly görnüşde geçiriljek halkara ylmy-amaly maslahaty
    Peýdaly Salgylar
    Beýleki ýokary okuw mekdepleri
    Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasy
    Habarlaşmak üçin

    744000, Türkmenistan Aşgabat, Galkynyş 25

    iirmfatm@iirmfa.edu.tm, iirmfatm@sanly.tm

    +99312266155

    +99312266183

    © 2026 Haklary doly goralandyr: TDIMHGI