17/10/2026
118
"DÜNÝÄNI ÖZGERDÝÄN ÝAGŞYLYK" atly sergi-ýarmarkasy
20-nji noýabr Bütindünýä çaga güni mynasybetli
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň guramagynda ýurdumuzyň ýokary okuw mekdepleriniň talyp ýaşlarynyň arasynda “DÜNÝÄNI ÖZGERDÝÄN ÝAGŞYLYK” atly geçiriljek sergi-ýarmarkanyň
DÜZGÜNLERI
1954-nji ýylda Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasy tarapyndan Bütindünýä çaga gününi bellemeklik barada ýörite Rezolýusiýa kabul edildi. Bu günüň bellenmeginiň esasy maksady Birleşen Millerler Guramasy tarapyndan dünýädäki çagalar barada edilýän tagallalaryň, alnyp barylýan işleriň berkemegine gönükdirilendir. Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasy özüniň Rezolýusiýasynda Bütindünýä çaga gününi ählumumy baýramçylyk hökmünde bellenmegi milletleriň arasynda raýdaşlygyň we hyzmatdaşlygyň has-da berkemegine getirer diýip belleýär.
Bütindünýä çaga gününde çagalaryň hukuklary bilen baglanyşykly birnäçe halkara resminamalary hem kabul edildi. Olardan 1959-njy ýylyň 20-nji noýabrynda kabul edilen “Çaganyň hukuklary hakyndaky Ykrarnamany” hem-de 1989-njy ýylyň 20-nji noýabrynda kabul edilen “Çaganyň hukuklary hakyndaky Konwensiýany” görkezmek bolar. Çagalaryň hukuklaryny berjaý etmek milli kanunçylygyň möhüm ähmiýetli jähedi bolup durýar. Türkmenistan şu ugra degişli esasy halkara-hukuk resminamalaryna, şol sanda Çagalaryň ýaşaýşyny, goragyny we ösüşini üpjün etmek boýunça ählumumy jarnama, Birleşen Milletler Guramasynyň Çagalaryň hukuklary hakyndaky konwensiýasyna, Çagalaryň halkara derejesinde ogurlanmagynyň raýat-hukuk jähetleri hakyndaky Gaaga konwensiýasyna goşuldy.
Ynsanperwer ýörelgeler çaganyň hukuklarynyň we kanuny bähbitleriniň üpjün edilmegini hem-de goralmagyny kepillendirýän hukuk namalarynda, netijeli ykdysady çäreler ulgamynda, ýetim hem-de ene-atalarynyň howandarlygyndan çetde galan çagalaryň durmuş ulgamyna doly goşulyşmagyna gönükdirilen anyk durmuş çärelerinde, olary özbaşdak durmuşa taýýarlamak, ýokary ahlak, watançylyk hem-de raýatlyk düşünjesi ruhunda terbiýelemek boýunça geçirilýän işlerde öz beýanyny tapýar. Döwlet tarapyndan hemaýata mätäç ýaş nesliň saglygyny berkitmek meseleleri ileri tutulýan wezipeleriň hatarynda durýar. Şu nukdaýnazardan 2026-njy ýylyň 20-nji noýabrynda, Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda ýurdumuzyň ýokary okuw mekdepleriniň gatnaşmagynda sergi-ýarmarka yglan edýär.
* Dabaranyň esasy maksady: Ynsanperwerlik, mätäji goldamak ýaly milli ýörelgelerimize eýermek bilen, Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasyna ýaşlaryň öz mynasyp goşandyny goşmaklaryna gönükdirilendir.
* Esasy düzgünler: Her ýokary okuw mekdebi öz ugruna degişli sergi gurnamaly.
* Sergä gatnaşyjylar barada maglumatlar tablisa laýyklykda doldurulyp, 10-njy noýabra çenli iirmfa.youngscientists@gmail.com elektron salga ugratmaly.
Gatnaşyjylaryň sanawy
| T/b | Familiýasy, ady we atasynyň ady | ÝOM ady | Telefon belgisi | Elektron salgysy | Sergi barada maglumat |
Jogapkär mugallym barada maglumat
| Familiýasy, ady we atasynyň ady | Degişli kafedrasy | Telefon belgisi | Elektron salgysy | Goşmaça maglumat |
* Geçiriljek ýeri: Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary instituty.
* Geçiriljek wagty: 2026-njy ýylyň 20-nji noýabry. Sagat 15:00
* Giňişleýin maglumat üçin: https://iirmfa.edu.tm
* Goşmaça habarlaşmak üçin: +99363334808.