28/11/2025
344
ÝAŞ DIPLOMATLAR MEKDEBINIŇ AGZALARY BILEN OKUW SAPAGY GEÇIRILDI
2025-nji ýylyň 28-nji noýabrynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda institutyň Dünýä dilleri kafedrasynyň «Lingvo World» we «EcoClub» gurnaklarynyň guramagynda Ýaş diplomatlar mekdebiniň agzalary bilen «Halkara gatnaşyklarynda daşary ýurt dilleriniň orny» atly okuw sapagy geçirildi.
Sapagyň dowamynda Dünýä dilleri kafedrasynyň mugallymlary Annagül Hekimowa we Maýa Çaryýewa daşary ýurt dilleriniň halkara gatnaşyklaryndaky möhüm orny barada gürrüň berdiler. Mälim bolşy ýaly, dil bilmek diplomatiýada, medeniýetara gatnaşyklarda we döwletleriň arasyndaky hyzmatdaşlykda gymmatly guraldyr. Dilleri özleşdirmek päsgelçilikleri aradan aýyrmaga, ynanyşmaga esaslanýan gatnaşyk döretmäge ýardam edýär, bu bolsa parahatçylygy we durnuklylygy üpjün etmek üçin möhüm ähmiýete eýedir.
Sapagyň ahyrynda mugallymlar talyplar bilen ýurdumyzyň hemişelik Bitaraplyk derejesiniň ähmiýeti barada wiktorina geçirdiler. Okuw sapagy talyplaryň düşünjesiniň artmagyna uly tasir etdi.
Begençgeldi GUWANJOW,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň
Halkara gatnaşyklary institutynyň
Halkara žurnalistikasy fakultetiniň II ýyl talyby.