10/03/2026
256
WAGYZ-NESIHAT DUŞUŞYGY GEÇIRILDI
2026-njy ýylyň 10-njy martynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda talyp ýaşlaryň gatnaşmagynda wagyz-nesihat duşuşygy geçirildi. Oňa Türkmenistanyň Mejlisiniň deputaty, Türkmenistanyň Baş prokuraturasynyň, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň merkezi Geňeşiniň, Türkmenistanyň Içeri işler ministrliginiň, Berkararlyk etrap kazyýetiniň wekilleri gatnaşdylar.
Duşuşykda çykyş edenler Türkmenstanyň Konstitusiýasyndan gelip çykýan kanunlary düşündirmek bilen, adam söwdasy, bilkastlaýyn adam öldürmek, agyr ten şikesini ýetirmek, neşe serişdeleriniň bikanun dolanyşygy we beýleki jenaýatlara garşy göreşmek barada giňişleýin belläp, onuň agyr netijelere eltýänligini durmuşy mysallaryň üsti bilen gürrüň berdiler. Bulardan başga-da, tebigaty goramak, tertip-düzgüni, ýol hereketiniň kadalaryny berjaý etmek, kanun bozulmalaryň öňüni almak, ýaramaz endikleriň täsirlerini, jenaýatçylygyň alamatyny aradan aýyrmak, ýangyn howply ýagdaýlaryň döremeginiň öňüni alyp, sagdyn durmuş we milli ahlak ýörelgelerini berjaý etmek barada giňişleýin belläp geçdiler.
Duşuşygyň dowamynda ýurdumyzda ýaşlar syýasatyny dabaralandyrmak, ýaş nesliň watansöýüjilik duýgusyny ösdürmek, häzirki zaman türkmen jemgyýeti üçin ylymly, bilimli, hünärine ussat ýaşlary kemala getirmek bilen baglanyşykly öňde durýan wezipeler babatynda edilen çykyşlar bolsa, giň many-mazmuna eýe boldy.
Ogulsuraý GURBANOWA,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň
Halkara gatnaşyklary institutynyň
Halkara hukugy fakultetiniň 3-nji ýyl talyby.