02/05/2025
435
Türkmenistanyň ýokary we orta hünär mekdepleriniň arasynda sanly ulgam arkaly maslahat geçirildi
2025-nji ýylyň 2-nji maýynda Türkmenistanyň Bilim ministrligi tarapyndan
tassyklanan Türkmenistanyň ýokary we orta hünär okuw mekdeplerinde maglumat
tehnologiýalary we kiberhowpsuzlyk babatynda öňdebaryjy tejribeleri ýaýratmak
maksady bilen sanly bilim, sanly ykdysadyýet we kiberhowpsuzlyk ugurlary
boýunça 2025-nji ýylda geçiriljek maslahatlaryň meýilnamasyna laýyklykda
“Maglumat ulgamlary kafedrasynda taýýarlanylýan maglumat ulgamlary we
tehnologiýalary (ykdysadyýetde we dolandyryşda) ugrunyň aýratynlyklary” hem-
de “Ykdysadyýeti sanlylaşdyrmagyň durnukly modelini işläp düzmegiň ileri
tutulýan meseleleri” atly onlaýn maslahaty geçirildi.
Bu maslahata Türkmenistanyň ýokary we orta hünär okuw mekdepleriniň,
şol sanda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary
institutynyň bu ugurda zähmet çekýän hünärmenleri we mugallymlary sanly ulgam
arkaly gatnaşdylar.
Maslahatyň dowamynda gatnaşyjylar temalara degişli gyzyklandyrýan
soraglary boýunça özara pikir alyşdylar. Şeýle maslahatlaryň işjeň guralmagy
ýokary we orta hünär okuw mekdeplerinde maglumat tehnologiýalary we
kiberhowpsuzlyk babatynda öňdebaryjy tejribeleri ýaýratmakda uly ähmiýete eýe
bolýar.
Meýlis
GYLYŞAÝEW,
Türkmenistanyň Daşary işler
ministrliginiň
Halkara gatnaşyklary institutynyň
Halkara hukugy we deňeşdirme hukuk
öwreniş
kafedrasynyň mugallym-öwrenijisi.