02/05/2025
432
Türkmenistanyň ýokary we orta hünär mekdepleriniň arasynda sanly ulgam arkaly maslahat geçirildi
2025-nji ýylyň 2-nji maýynda Türkmenistanyň Bilim ministrligi tarapyndan tassyklanan Türkmenistanyň ýokary we orta hünär okuw mekdeplerinde maglumat tehnologiýalary we kiberhowpsuzlyk babatynda öňdebaryjy tejribeleri ýaýratmak maksady bilen sanly bilim, sanly ykdysadyýet we kiberhowpsuzlyk ugurlary boýunça 2025-nji ýylda geçiriljek maslahatlaryň meýilnamasyna laýyklykda “Maglumat ulgamlary kafedrasynda taýýarlanylýan maglumat ulgamlary we tehnologiýalary (ykdysadyýetde we dolandyryşda) ugrunyň aýratynlyklary” hem- de “Ykdysadyýeti sanlylaşdyrmagyň durnukly modelini işläp düzmegiň ileri tutulýan meseleleri” atly onlaýn maslahaty geçirildi. Bu maslahata Türkmenistanyň ýokary we orta hünär okuw mekdepleriniň, şol sanda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň bu ugurda zähmet çekýän hünärmenleri we mugallymlary sanly ulgam arkaly gatnaşdylar. Maslahatyň dowamynda gatnaşyjylar temalara degişli gyzyklandyrýan soraglary boýunça özara pikir alyşdylar. Şeýle maslahatlaryň işjeň guralmagy ýokary we orta hünär okuw mekdeplerinde maglumat tehnologiýalary we kiberhowpsuzlyk babatynda öňdebaryjy tejribeleri ýaýratmakda uly ähmiýete eýe bolýar.
Meýlis GYLYŞAÝEW,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň
Halkara gatnaşyklary institutynyň
Halkara hukugy we deňeşdirme hukuk öwreniş
kafedrasynyň mugallym-öwrenijisi.