27/03/2026
2
“Elektron sanly gol” boýunça onlaýn seminar geçirildi
2026-njy ýylyň 27-nji martynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň, ýurdumyzyň ýokary we orta hünär okuw mekdepleriniň mugallymlarynyň we hünärmenleriniň gatnaşmagynda Türkmen döwlet binagärlik – gurluşyk institutynda “Elektron sanly gol – ygtybarly gorag” atly tema boýunça onlaýn görnüşde okuw seminary geçirildi.
Bu onlaýn seminarda Türkmen döwlet binagärlik – gurluşyk institutynyň Kompýuter tehnologiýasy we ulgamlary kafedrasynyň mugallymy Aýnabat Amanowa çykyş etdi. Ol öz çykyşynda elektron sanly goluň döreýiş taryhy barada, häzirki döwürde onuň durmuşa ornaşdyrylyşy we aýratynlyklary barada belläp geçdi.
Okuw seminaryna gatnaşanlaryň özara sorag-jogap alyşmagy maslahatyň täsirini has-da artdyrdy.
Kerim ÝOWBAGŞYÝEW,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň
Halkara gatnaşyklary institutynyň
Sanly ulgamlar we kommunikasiýa bölüminiň esasy hünärmeni.