Logo
  • Logo
    • Ylym
      • Ylmy-barlag işleri
      • Aspirantura
      • Ylmy-amaly maslahatlar
        • HALKARA YLMY-AMALY MASLAHAT GEÇIRILDI
      • Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygy
        • “Magtymguly, sözüm gysga şerhi köp...” (Magtymguly barada makalalar)
        • “Magtymguly, dile dessan getirdim...” (Magtymguly barada saýtlardan jemlenen maglumatlar)
        • Magtymguly Pyragynyň goşgularynyň wideoteswiri
        • Magtymguly Pyragynyň goşgularynyň audio ýazgylar toplumy
        • Magtymguly Pyragy dünýä metbugatynda
        • Magtymguly Pyragynyň daşary ýurt dillerindäki neşirleri
        • Magtymgulynyň goşgularynyň düşündirişli sözlügi
        • "Magtymgulynyň dünýäde öwrenilişi"
      • Ylmy makalalar, tezisler we ýygyndylar
      • Ýaş alymlar geňeşi
    • Halkara hyzmatdaşlygy
      • Geçirilen duşuşyklar
      • Saparlar
      • Ilçileriň leksiýalary
        • ILÇI BILEN GEÇEN DUŞUŞYK
      • Halkara günler
        • 8-NJI MAÝ - HALKARA GYZYL HAÇ WE GYZYL ÝARYMAÝYŇ BÜTINDÜNÝÄ GÜNI
      • "Parahatçylyk medeniýeti" atly ÝUNESKO kluby
    • Fakultetler
      • HALKARA GATNAŞYKLARY FAKULTETI
      • HALKARA HUKUGY FAKULTETI
      • HALKARA YKDYSADY GATNAŞYKLARY FAKULTETI
      • HALKARA ŽURNALISTIKASY FAKULTETI
    • Biz barada
      • Administrasiýa
      • Kafedralar
        • Halkara gatnaşyklary we diplomatiýa kafedrasy
        • Halkara hukugy we deňeşdirme hukuk öwreniş kafedrasy
        • Halkara ykdysady gatnaşyklary kafedrasy
        • Žurnalistikanyň nazaryýeti we amalyýeti kafedrasy
        • Jemgyýeti öwreniş ylymlary kafedrasy
        • Dünýä dilleri kafedrasy
      • Görkezijiler
      • Туркменистан создал условия для подготовки нового поколения дипломатов
      • Biz barada
    • Okuw
      • Hünärler
      • Dalaşgärlere
    • Merkezler
      • Strategik barlaglar boýunça ylmy merkezi
        • Эксперты из страны тысячи озёр в Ашхабаде
      • Ýaş diplomatlaryň mekdebi
      • Sanly ulgamlar we kommunikasiýa bölümi
      • Durnukly ösüş maksatlary boýunça ylmy merkezi
      • Parahatçylygyň ýaş çaparlary
        • «PARAHATÇYLYGYŇ ÝAŞ ÇAPARLARY»: V MÖWSÜM JEMLENDI
      • Türkmenistanyň diplomatiýasynyň möhüm ugurlary boýunça okuw merkezi
        • Ulag diplomatiýasy
        • Energetika diplomatiýasy
        • Suw diplomatiýasy
        • Öňüni alyş diplomatiýasy
        • Ykdysady diplomatiýasy
      • Diplomatik protokol boýunça okuw merkezi
    • Sosial media
      • TikTok
      • Instagram
    • Media
    Esasy / Saparlar / Türkmenistanyň wekiliýeti Nýu-Deli şäherinde geçirilen halkara maslahata gatnaşdy
    Türkmenistanyň wekiliýeti Nýu-Deli şäherinde geçirilen halkara maslahata gatnaşdy
    Türkmenistanyň wekiliýeti Nýu-Deli şäherinde geçirilen halkara maslahata gatnaşdy
    Türkmenistanyň wekiliýeti Nýu-Deli şäherinde geçirilen halkara maslahata gatnaşdy
    Türkmenistanyň wekiliýeti Nýu-Deli şäherinde geçirilen halkara maslahata gatnaşdy
    28/03/2026

    983

    Türkmenistanyň wekiliýeti Nýu-Deli şäherinde geçirilen halkara maslahata gatnaşdy

    Häzirki wagtda Türkmenistan döwletimiz hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda «Açyk gapylar» syýasatyny üstünlikli durmuşa geçirip, dünýä döwletleri, ykdysady we ylmy merkezler bilen özara bähbitli gatnaşyklary yzygiderli berkidýär. Şunuň bilen baglylykda, ýakynda Türkmenistanyň wekiliýeti Hindistan Respublikasynyň Nýu-Deli şäherinde Hindistan ― Merkezi Aziýa Gaznasynyň guramagynda «Hindistan ― Merkezi Aziýa: polýarly dünýäde baglanyşyk, howpsuzlyk we durnukly hyzmatdaşlyk» atly halkara maslahata gatnaşdy. Maslahatyň dowamynda Hindistan Respublikasynyň Merkezi Aziýa ýurtlary bilen gatnaşyklaryny ösdürmegiň ileri tutulýan ugurlary barada giňişleýin durlup geçildi. Hususan-da, Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň rektory Gülşat Ýusupowa maslahatyň «Hindistanyň we Merkezi Aziýa ýurtlarynyň arasyndaky ykdysady hyzmatdaşlygy ösdürmek» atly sessiýada çykyş edip, ýurdumyzyň halkara derejesindäki başlangyçlaryny beýan etdi.
    Maslahatyň dowamynda Türkmenistanyň wekiliýeti işjeň çykyş edip, ýurdumyzyň strategik hyzmatdaşlarynyň biri bolan Hindistan Respublikasy bilen dürli ugurlarda, şol sanda medeni-ynsanperwer ugurlarda alnyp barylýan işler, ýurdumyzyň oňyn Bitaraplyk daşary syýasaty barada gürrüň berdi.
    Forumyň dowamynda ylym-bilim ulgamyndaky hyzmatdaşlygyň döwletara gatnaşyklary berkidiji güýçdügine aýratyn üns çekildi. Şunda 2025-nji ýylda Hindistan ― Merkezi Aziýa Gaznasy bilen Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň bilelikdäki «Hindistan ― Türkmenistan: taryh, medeniýet we ykdysady ösüş» atly kitabyň neşir edilmegi, institut bilen Hindistanyň Suşma Swaraj adyndaky Diplomatik gullugy institutynyň arasynda özara düşünişmek hakynda Ylalaşyga gol çekilmegi, 2022-nji ýylda Hindistanyň Prezidenti Ram Nath Kowindiň Türkmenistana döwlet saparynyň çäklerinde Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda Hindistan burçunyň açylmagy ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň oňyn netijesi hökmünde nygtaldy. Şeýle hem institutda bilim alýan talyplar üçin dostlukly ýurduň medeniýeti, däp-dessurlary, ylym-bilim ulgamyndaky gazananlary, döwletleriň arasyndaky köpasyrlyk gatnaşyklary içgin öwrenmäge döredilýän mümkinçilikler dogrusynda hem nygtalyp geçildi.
    Jemläp aýdanyňda, bu halkara maslahat Merkezi Aziýa ýurtlarynyň, şol sanda Türkmenistan bilen Hindistanyň arasyndaky taryhy, dostlukly gatnaşyklaryň häzirki zaman şertlerinde täze mazmun bilen baýlaşdyrylýandygyny ýene bir gezek subut etdi. Şeýle forumlar diňe bir döwletara gatnaşyklary däl, eýsem, ylym we bilim edaralarynyň arasyndaky tejribe alyşmagy hem işjeňleşdirýär. Türkmen ýaşlaryny ylymly-bilimli, giň dünýägaraýyşly hünärmenler edip ýetişdirmek boýunça halkara hyzmatdaşlygyň gerimini giňeltmäge aýratyn ähmiýet berýän türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza hem-de hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyza tüýs ýürekden sagbolsunlarymyzy aýdýarys.

    Selbi GANDYMOWA,
    Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň
    Halkara gatnaşyklary institutynyň
    Halkara gatnaşyklary we diplomatiýa kafedrasynyň mugallym-öwrenijisi.

    Bu barada şu ýerde hem okap bilersiňiz№
    https://mfa.gov.tm/articles/1853

    Soňky täzelikler

    Bilim ulgamyndaky türkmen-rus hyzmatdaşlygy surady

    25/04/2026

    Bilim ulgamyndaky türkmen-rus hyzmatdaşlygy
    Türkmenistanyň we Russiýa Federasiýasynyň ylym-bilim ulgamyndaky hyzmatdaşlygy: täze mümkinçilikler surady

    24/04/2026

    Türkmenistanyň we Russiýa Federasiýasynyň ylym-bilim ulgamyndaky hyzmatdaşlygy: täze mümkinçilikler
    BELGIÝA PATYŞALYGYNDA GEÇIRILEN OKUW MAKSATNAMASY surady

    21/04/2026

    BELGIÝA PATYŞALYGYNDA GEÇIRILEN OKUW MAKSATNAMASY
    Peýdaly Salgylar
    Beýleki ýokary okuw mekdepleri
    Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasy
    Habarlaşmak üçin

    744000, Türkmenistan Aşgabat, Galkynyş 25

    iirmfatm@iirmfa.edu.tm, iirmfatm@sanly.tm

    +99312266155

    +99312266183

    © 2026 Haklary doly goralandyr: TDIMHGI