07/10/2026
41
GRUZIÝADA GEÇIRILEN HÜNÄR TEJRIBE ALYŞ-ÇALYŞ MAKSATNAMASY
2026-njy ýylyň 29-njy sentýabry – 4-nji oktýabry aralygynda Gruziýanyň Tbilisi şäherinde diplomatiýa we halkara gatnaşyklar ulgamynda zähmet çekýän ýaş hünärmenleriň hünär taýýarlygyny kämilleşdirmäge, halkara tejribäni öwrenmäge hem-de döwletara hyzmatdaşlygy ösdürmäge gönükdirilen «Crossroads Diplomacy Network» atly hünär tejribe alyş-çalyş maksatnamasy geçirildi. Maksatnama Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň mugallymlary hem gatnaşdylar. Maksatnamanyň esasy maksady halkara gatnaşyklar, diplomatiýa, döwlet dolandyryşy we halkara hukugy ugurlarynda häzirki zaman tejribelerini öwrenmek, gatnaşyjylaryň nazary bilimlerini amaly başarnyklar bilen utgaşdyrmakdan ybarat boldy.
Okuw maksatnamasynyň dowamynda gatnaşyjylar Gruziýanyň daşary syýasaty, diplomatik iş tejribesi, halkara hyzmatdaşlygynyň häzirki zaman ugurlary, halkara guramalarynyň dünýä giňişligindäki orny, halkara hukugynyň esasy ýörelgeleri we ählumumy meseleleri çözmekde diplomatiýanyň ähmiýeti bilen tanyşdylar. Şeýle hem döwlet dolandyryşynyň döwrebap usullary, taslamalary dolandyrmak, demokratiýa, kanunyň hökmürowanlygy, elektron dolandyryş, adam hukuklaryny goramagyň halkara mehanizmleri ýaly möhüm ugurlar boýunça okuw sapaklary we amaly türgenleşikler geçirildi. Mundan başga-da, Birleşen Milletler Guramasynyň Tbilisidäki edarasyna we Gruziýanyň degişli döwlet edaralaryna guralan saparlar halkara guramalarynyň, döwlet dolandyryş edaralarynyň işiniň aýratynlyklary bilen ýakyndan tanyşmaga mümkinçilik berdi. Medeni-taryhy ýerlere guralan gezelençler bolsa gatnaşyjylaryň Gruziýanyň taryhy, milli medeniýeti we däp-dessurlary baradaky düşünjelerini giňeltdi.
«Crossroads Diplomacy Network» maksatnamasynyň çäklerinde geçirilen okuwlar we tejribe alyşmalar Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň wekilleriniň hünär bilimlerini baýlaşdyrmakda, halkara tejribelerini artdyrmakda hem-de diplomatik işiň amaly taraplaryny öwrenmekde möhüm ähmiýete eýe boldy.
Şeýle halkara başlangyçlar Türkmenistan bilen Gruziýanyň arasyndaky dostlukly gatnaşyklary we özara bähbitli hyzmatdaşlygy ylym-bilim, akademiki gatnaşyklar hem-de diplomatik hünärmenleri taýýarlamak ugurlarynda ösdürmek üçin hem giň mümkinçilikleri döredýär. Ýokary okuw mekdepleriniň we degişli edaralaryň arasynda tejribe alyşmagyň, bilelikdäki okuw we ylmy-amaly çäreleri guramagyň giňeldilmegi iki ýurduň bilim we hünär hyzmatdaşlygynyň has-da pugtalandyrylmagyna ýardam eder.
Umuman, bu maksatnama halkara tejribäni öwrenmek, hünär başarnyklaryny kämilleşdirmek, medeniýetara gatnaşyklary ösdürmek we geljekki hyzmatdaşlygyň täze ugurlaryny kesgitlemek babatda möhüm ähmiýete eýe boldy. Şeýle çäreler halkara gatnaşyklary ulgamynda bilimli, giň dünýägaraýyşly we döwrebap hünär başarnyklaryna eýe bolan ýaş hünärmenleri taýýarlamakda möhüm orny eýeleýär.
Maral ORAZGYLYJOWA,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň
Halkara gatnaşyklary institutynyň
Halkara hukugy we deňeşdirme hukuk
öwreniş kafedrasynyň mugallym-öwrenijisi