157
Türkmenistanyň medeni diplomatiýasy: oňyn tejribe
2025-nji ýylyň 27-30-njy maýy aralygynda Gazagystan Respublikasynyň Aktau şäherinde “Türki halklaryň siwilizasiýasy we onuň dünýä taryhyndaky orny” atly halkara ylmy-amaly maslahaty hem-de “Türki dünýäsiniň totemi” atly halkara ylmy-amaly maslahaty geçirildi.
2025-nji ýylyň 28-nji maýynda Gazagystan Respublikasynyň Aktau şäherindäki Ş.Ýesenow adyndaky Kaspiý inženerçilik we tehnologiýalar uniwersitetinde geçirilen “Türki halklaryň siwilizasiýasy we onuň dünýä taryhyndaky orny” atly halkara ylmy-amaly maslahatyna türkmen wekiliýeti gatnaşdy we maslahatyň plenar mejlisinde Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň Jemgyýeti öwreniş ylymlary kafedrasynyň uly mugallymy, filosofiýa ylymlarynyň kandidaty O.S.Ezimowa çykyş etdi. Şol gün wekiliýetiň agzalary Ş.Ýesenow adyndaky Kaspiý inženerçilik we tehnologiýalar uniwersitetinde geçirilen “tegelek stol” duşuşygyna we türki eposlarynyň festiwalynyň açylyş dabarasyna hem gatnaşdylar.
2025-nji ýylyň 29-njy maýynda Gazagystan Respublikasynyň Aktau şäherinde geçirilen “Türki dünýäsiniň totemi” atly halkara ylmy-amaly maslahatyna türkmen wekiliýeti gatnaşdylar. Maslahatyň plenar mejlisinde Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň Jemgyýeti öwreniş ylymlary kafedrasynyň uly mugallymy, filosofiýa ylymlarynyň kandidaty O.S.Ezimowa çykyş etdi.
Türkmenistandan giden wekiller dostlukly garaýyşly uly myhmansöýerlilik bilen garşylandylar. Halkara ylmy maslahatlar ýokary guramaçylykly we ruhubelentlik, ynanyşmak, halklaryň milli mirasyna hormat goýmak derejesinde geçirildi. Halklaryň dostluk we doganlyk gatnaşyklaryny berkitmekde Bitarap Türkmenistanyň medeni diplomatiýasynyň ähmiýeti aýratyn beýan edildi. Halkara maslahatyna gatnaşyp, tejribe alyşmaklyk wekiliýetiň agzalary üçin täsirli we ähmiýetli boldy.
Ogulgurban EZIMOWA,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň
Halkara gatnaşyklary institutynyň
Jemgyýeti öwreniş ylymlary kafedrasynyň
uly mugallymy, filosofiýa ylymlarynyň kandidaty.