02/10/2026
91
TÜRKMENISTANYŇ MAÝA GOÝUM FORUMY: INNOWASION ÖSÜŞIŇ NUSGASY
2026-njy ýylyň 1-2-nji oktýabrynda Aşgabat şäherinde Türkmenistanyň nobatdaky maýa goýum forumy – TIF 2026 üstünlikli geçirildi. Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 35 ýyllyk baýramynyň bellenilýän ýylynda guramaçylykly geçirilen bu forum ýurdumyzyň durmuş-ykdysady we innowasion depginli ösüşini üpjün etmekde möhüm ähmiýete eýedir. Ýokary derejede geçen halkara çäresine dünýäniň 40-dan gowrak döwletiniň 200-den gowrak kompaniýasyndan 300-den gowrak wekil, jemi bolsa 700-den gowrak myhman gatnaşdy.
Bu abraýly foruma Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň Halkara ykdysady gatnaşyklary fakultetiniň mugallymlary hem işjeň gatnaşdylar.
Forumyň esasy guramaçylary hökmünde Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministrligi, Daşary işler ministrligi çykyş etdiler. Halkara çärä öňdebaryjy daşary ýurt korporasiýalarynyň, iri halkara we sebit guramalarynyň, maliýe edaralarynyň, maslahat beriş hem-de reýting agentlikleriniň wekilleri, şeýle hem halkara bilermenler gatnaşdylar. Munuň özi çäräniň giň gerimini hem-de daşary ýurtly hyzmatdaşlaryň Türkmenistanyň ykdysady kuwwatyna uly gyzyklanma bildirýändiklerini aýdyň görkezýär. Bu forum maýa goýum serişdelerini çekmek üçin ileri tutulýan ugurlary kesgitlemäge hem-de innowasion teklipler bilen tanyşmaga amatly meýdança boldy.
Hormatly Prezidentimiz Türkmenistanyň maýa goýum forumyna gatnaşyjylara iberen Gutlagynda bu çäräniň pudaklara häzirki zaman innowasion tehnologiýalaryny giňden ornaşdyrmaga, sanly we «ýaşyl» ykdysadyýet konsepsiýasyny durmuşa geçirmäge hem-de halkara hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmäge ýardam etjekdigine berk ynam bildirdi.
Aziýanyň merjeni hasaplanýan ak şäherimiz Aşgabatda geçirilen bu halkara forum Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzyň ähli sebitlerini senagatlaşdyrmaga we durmuş-ykdysady taýdan durnukly ösdürmäge saldamly goşant goşar.
Forumyň çäklerinde «Maýa goýum işjeňligi ― depginli we durnukly ykdysady ösüşiň baş şerti» atly plenar mejlis, şeýle hem energiýa durnuklylygy, durnukly ulag ulgamlary, howa şertleri, durnukly oba hojalygy we gaýtadan işleýän senagat pudaklaryna maýa goýumlar ýaly ugurlar boýunça mowzuklaýyn sessiýalar geçirildi. Bu möhüm halkara çärä gatnaşan myhmanlar, işewürler we maýadarlar Türkmenistanyň ykdysady kuwwaty, amala aşyrylýan durmuş-ykdysady özgertmeler, maýa goýum strategiýasy hem-de Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe senagat-innowasion ösüşde gazanylan ýokary sepgitler bilen ýakyndan tanyşdylar.
Şeýlelikde, «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ýylynda Türkmenistanyň maýa goýum forumynyň üstünlikli geçirilmegi Gahryman Arkadagymyz tarapyndan binýady goýlan, hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda amala aşyrylýan oýlanyşykly ykdysady strategiýanyň barha rowaçlanýandygynyň nobatdaky aýdyň beýany boldy.
Begmyrat ATAÝEW,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň
Halkara gatnaşyklary institutynyň
Halkara ykdysady gatnaşyklary kafedrasynyň mugallymy
Soňky täzelikler
02/10/2026
HATYRA GÜNE BAGYŞLANAN GEZELENÇ
01/10/2026
Okuw-usuly seminar geçirildi