Logo
  • Logo
    • Ylym
      • Ylmy-barlag işleri
      • Aspirantura
      • Ylmy-amaly maslahatlar
        • YLYMLAR GÜNÜNE BAGYŞLANAN HALKARA YLMY MASLAHAT
      • Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygy
        • “Magtymguly, sözüm gysga şerhi köp...” (Magtymguly barada makalalar)
        • “Magtymguly, dile dessan getirdim...” (Magtymguly barada saýtlardan jemlenen maglumatlar)
        • Magtymguly Pyragynyň goşgularynyň wideoteswiri
        • Magtymguly Pyragynyň goşgularynyň audio ýazgylar toplumy
        • Magtymguly Pyragy dünýä metbugatynda
        • Magtymguly Pyragynyň daşary ýurt dillerindäki neşirleri
        • Magtymgulynyň goşgularynyň düşündirişli sözlügi
        • "Magtymgulynyň dünýäde öwrenilişi"
      • Ylmy makalalar, tezisler we ýygyndylar
      • Ýaş alymlar geňeşi
        • ÝAŞLARYŇ YLMY ÜSTÜNLIGI
        • BUŞLUK, ÝAŞ ALYM BOLDUM!
    • Halkara hyzmatdaşlygy
      • Geçirilen duşuşyklar
        • EÝRANLY ÝAŞ DIPLOMATLAR ÜÇIN GEÇIRILEN TANYŞLYK SAPARY
      • Saparlar
      • Ilçileriň leksiýalary
        • ITALIÝALY WEKIL BILEN GEÇIRILEN OKUW SAPAGY
      • Halkara günler
      • "Parahatçylyk medeniýeti" atly ÝUNESKO kluby
    • Fakultetler
      • HALKARA GATNAŞYKLARY FAKULTETI
      • HALKARA HUKUGY FAKULTETI
      • HALKARA YKDYSADY GATNAŞYKLARY FAKULTETI
      • HALKARA ŽURNALISTIKASY FAKULTETI
    • Biz barada
      • Administrasiýa
      • Kafedralar
        • Halkara gatnaşyklary we diplomatiýa kafedrasy
        • Halkara hukugy we deňeşdirme hukuk öwreniş kafedrasy
        • Halkara ykdysady gatnaşyklary kafedrasy
        • Žurnalistikanyň nazaryýeti we amalyýeti kafedrasy
        • Jemgyýeti öwreniş ylymlary kafedrasy
        • Dünýä dilleri kafedrasy
        • Parahatçylyk we bitaraplyk kafedrasy
      • Görkezijiler
      • Туркменистан создал условия для подготовки нового поколения дипломатов
      • Biz barada
    • Okuw
      • Hünärler
      • Dalaşgärlere
    • Merkezler
      • Strategik barlaglar boýunça ylmy merkezi
      • Ýaş diplomatlaryň mekdebi
      • Sanly ulgamlar we kommunikasiýa bölümi
      • Durnukly ösüş maksatlary boýunça ylmy merkezi
      • Parahatçylygyň ýaş çaparlary
      • Türkmenistanyň diplomatiýasynyň möhüm ugurlary boýunça okuw merkezi
        • Ulag diplomatiýasy
        • Energetika diplomatiýasy
        • Suw diplomatiýasy
        • Öňüni alyş diplomatiýasy
        • Ykdysady diplomatiýasy
      • Diplomatik protokol boýunça okuw merkezi
    • Sosial media
      • TikTok
      • Instagram
    • Media
    Esasy / Çäreler / Türkmenistanyň hormatly Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň täze döreden “Jan Watanym Türkmenistan!” atly goşgusyna bagyşlanan maslahat
    Türkmenistanyň hormatly Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň täze döreden “Jan Watanym Türkmenistan!” atly goşgusyna bagyşlanan maslahat surady
    30/11/-0001

    1886

    Türkmenistanyň hormatly Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň täze döreden “Jan Watanym Türkmenistan!” atly goşgusyna bagyşlanan maslahat

    2022-nji ýylyň 5-nji ýanwarynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda Türkmenistanyň hormatly Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň täze döreden “Jan Watanym Türkmenistan!” atly goşgusyna bagyşlanan maslahat geçirildi. Maslahatda Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň Orunbasary, Daşary işler ministri Raşid Meredow, Birleşen Milletler Guramasynyň Bilim, ylym we medeniýet boýunça guramasynyň (UNESCO) işleri barada Türkmenistanyň milli toparynyň jogapkär sekretary Çynar Rüstemowa, Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň rektory Jumamyrat Gurbangeldiýew, Türkmenistanyň Döwlet, hukuk we demokratiýa institutynyň direktory Ýagmyr Nuryýew, şeýle hem institutyň professor-mugallymlary çykyş etdiler.
    Maslahatda çykyş edenler esasanam “Halkyň Arkadagly zamanasy” atlandyrylan täze 2022-nji ýylynyň ilkinji pursatlarynda hormatly Prezidentimiziň halkymyza peşgeş beren “Jan Watanym Türkmenistan!” atly goşgusynyň watansöýüjilik ähmiýetini we Täze ýylyň üstünlikleriniň kepili hökmünde halkymyzy şatlandyrandygyny belläp geçdiler. Hormatly Prezidentimiziň halkymyza täze ýyl gutlagynda belläp geçen “Türkmenistan – parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany” ýylynda örän uly üstünlikleriň gazanylandygyny belläp, täze ýyla umyt-arzuwlar hem-de aýdyň we belent maksatlar bilen gadam basýandygymyzy nygtamagy halkymyzy milli Liderimiziň daşynda has-da jebisleşdirdi. Mähriban Arkadagymyzyň “Döwlet adam üçindir!” diýen syýasata esaslanyp, alyp barýan içeri syýasatynyň we bitaraplyk ýörelgämize daýanýan daşary syýasatymyzyň sazlaşmagynda milli ösüşlerimiziň halkara derejesinde nusgalyk ösüşlere öwrülýändigini, halkymyzyň durmuş, hal-ýagdaýyny barha ýokarlandyryp, berkararlyk binýadymyzy has-da berkidýändigini öňe sürdiler.
    Gahryman Arkadagymyzyň ýurdumyzyň ösüşini diwersifikasiýa ýoly bilen alyp gidip, döwletimizi senagatlaşdyrmak, sanlylaşdyrmak, gülletmek netijesinde kämil jemgyýeti gurmak wezipesini düýpli çözmekde milli, medeni-ruhy aýratynlyklarymyza we döredijilige uly ähmiýet berýändigini nygtadylar.
    Maslahata gatnaşyjylaryň adyndan hormatly Prezidentimize Ýüzlenme kabul edilip, onda “Jan Watanym Türkmenistan!” goşgusynyň watansöýüjiligiň nusgalyk çeşmesi hökmünde halkymyzy jebislikde geljekki üstünliklere ruhlandyrýandygyny aýratyn nygtaldy. Dabara gatnaşyjylar hormatly Prezidentimiziň galamynyň ýiti, döredijilik eserleriniň höwrüniň köp bolmagyny, janynyň sag, ömrüniň uzak, il-ýurt bähbitli, umumadamzat ähmiýetli işleriniň rowaç bolmagyny arzuw etdiler.

    Batyr KAIROW,
    Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň
    Halkara gatnaşyklary institutynyň
    Dünýä dilleri kafedrasynyň mugallymy

    Şeýle hem habar barada goşmaça aşakdaky saýtlarda okap bilersiňiz.
    https://www.mfa.gov.tm/tk/news/2964
    https://www.turkmenistan.gov.tm/tk/habar/59995/turkmenistanyn-prezidenti-gurbanguly-berdimuhamedowyn-taze-doreden-jan-watanym-turkmenistan-atly-gosgusyna-bagyslanan-maslahat
    https://www.turkmenistan.gov.tm/tk/habar/60193/parahatlyk-dostluk-we-watana-soygi-barada 

    Soňky täzelikler

    UÇURYMLARYŇ BAÝRAMÇYLYK DABARASY GEÇIRILDI surady

    13/06/2026

    UÇURYMLARYŇ BAÝRAMÇYLYK DABARASY GEÇIRILDI
    Wagyz-nesihat duşuşygy geçirildi surady

    10/06/2026

    Wagyz-nesihat duşuşygy geçirildi
    BÜTINDÜNÝÄ WELOSIPED GÜNI MYNASYBETLI ÝÖRIŞ GEÇIRILDI surady

    03/06/2026

    BÜTINDÜNÝÄ WELOSIPED GÜNI MYNASYBETLI ÝÖRIŞ GEÇIRILDI
    Peýdaly Salgylar
    Beýleki ýokary okuw mekdepleri
    Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasy
    Habarlaşmak üçin

    744000, Türkmenistan Aşgabat, Galkynyş 25

    iirmfatm@iirmfa.edu.tm, iirmfatm@sanly.tm

    +99312266155

    +99312266183

    © 2026 Haklary doly goralandyr: TDIMHGI