30/11/-0001
1485
Türkmen-tatar gatnaşyklary ösdürilýär
2022-nji ýylyň 27-nji dekabrynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda Türkmenistanyň Kazan şäherindäki Baş konsullygynyň Konsuly Güýç Garaýewiň gatnaşmagynda ýurdumyzyň Tatarystan Respublikasy bilen energetika, ulag-logistika babatdaky hyzmatdaşlygyna barada okuw sapagy geçirildi. Oňa institutyň talyplary gatnaşdy. Bu okuw sapagy Türkmenistan bilen Tatarystan Respublikasynyň arasyndaky energetika we ulag diplomatiýasy ugrunyň ähmiýetine bagyşlanyp, onuň barşynda Konsul talyplara iki ýurduň arasynda alnyp barylýan diplomatik, syýasy, söwda-ykdysady, medeniýet, ylym-bilim ugurly gatnaşyklary dogrusynda hem giňişleýin gürrüň berdi.
Türkmen ýaşlarynyň Kazan şäheriniň ýokary okuw mekdebinde bilim alýandyklaryny aýratyn nygtamak gerek. Şeýle-de bu iki ýurduň arasynda medeniýet hepdeliginiň yzygiderli geçirilmegi hem doganlyk halklaryň gadymyýetden gelýän nyşanydyr.
Okuw sapagynyň ahyrynda talyplar Konsula özlerini gyzyklandyrýan sowallary bilen ýüzlenip, olara giňişleýin jogap aldylar. Türkmen-tatar gatnaşyklaryna bagyşlanyp geçirilen okuw sapagy talyplarda uly täsir galdyrdy.
Ogulmiwe JUMADURDYÝEWA,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň
Halkara gatnaşyklary institutynyň
Halkara žurnalistikasy fakultetiniň I ýyl talyby.