15/12/2025
27
Täsirli duşuşyk
2025-nji ýylyň 13-nji dekabrynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda «Diplomatic World» institutynyň agzasy, «Bruxelles Korneriň» habarçysy we Merkezi Aziýanyň taryhyna ýöriteleşen bilermen Derýa Soýsal hem-de Türkmenistanyň Belgiýa Patyşalygyndaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Sapar Pälwanow bilen duşuşyk geçirildi. Duşuşyga Halkara žurnalistikasy fakultetiniň professor-mugallymlary we talyp ýaşlary gatnaşdylar.
Duşuşygyň dowamynda hormatly myhmanlar Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň ählumumy howpsuzlygy pugtalandyrmakdaky, halkara gepleşikleri işjeňleşdirmekdäki we durnukly ösüşi gazanmakdaky ähmiýeti barada bellediler. Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň sebitde durnuklylygy üpjün etmekde we hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklaryny ösdürmekde aýratyn ähmiýetiniň bardygyny nygtadylar. Şeýle-de türkmen ilçisi geljekki halkaraçylara diplomatiýanyň inçe syrlary barada degerli maslahatlaryny berdi. Duşuşygyň ahyrynda talyplar hormatly myhmanlara özlerini gyzyklandyrýan sowallar bilen ýüzlenip, kanagatlanarly jogaplary aldylar.
Gülnäzik AGAÝEWA,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň
Halkara gatnaşyklary institutynyň
Halkara žurnalistikasy fakultetiniň 3-nji ýyl talyby.