Logo
  • Logo
    • Ylym
      • Ylmy-barlag işleri
      • Aspirantura
      • Ylmy-amaly maslahatlar
      • Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygy
        • “Magtymguly, sözüm gysga şerhi köp...” (Magtymguly barada makalalar)
        • “Magtymguly, dile dessan getirdim...” (Magtymguly barada saýtlardan jemlenen maglumatlar)
        • Magtymguly Pyragynyň goşgularynyň wideoteswiri
        • Magtymguly Pyragynyň goşgularynyň audio ýazgylar toplumy
        • Magtymguly Pyragy dünýä metbugatynda
        • Magtymguly Pyragynyň daşary ýurt dillerindäki neşirleri
        • Magtymgulynyň goşgularynyň düşündirişli sözlügi
        • "Magtymgulynyň dünýäde öwrenilişi"
      • Ylmy makalalar, tezisler we ýygyndylar
      • Ýaş alymlar geňeşi
    • Halkara hyzmatdaşlygy
      • Geçirilen duşuşyklar
        • TÜRKMEN-FRANSUZ GATNAŞYKLARYNY ÖSDÜRMÄGE BAGYŞLANAN DUŞUŞYK
      • Saparlar
      • Ilçileriň leksiýalary
        • BEÝIK BRITANIÝALY DIPLOMAT BILEN DUŞUŞYK
        • AWSTRIÝANYŇ ÝEWROPA WE HOWPSUZLYK SYÝASATY INSTITUTYNYŇ WEKILI BILEN GEÇIRILEN DUŞUŞYKLAR
      • Halkara günler
      • "Parahatçylyk medeniýeti" atly ÝUNESKO kluby
    • Fakultetler
      • HALKARA GATNAŞYKLARY FAKULTETI
      • HALKARA HUKUGY FAKULTETI
      • HALKARA YKDYSADY GATNAŞYKLARY FAKULTETI
      • HALKARA ŽURNALISTIKASY FAKULTETI
    • Biz barada
      • Administrasiýa
      • Kafedralar
        • Halkara gatnaşyklary we diplomatiýa kafedrasy
        • Halkara hukugy we deňeşdirme hukuk öwreniş kafedrasy
        • Halkara ykdysady gatnaşyklary kafedrasy
        • Žurnalistikanyň nazaryýeti we amalyýeti kafedrasy
        • Jemgyýeti öwreniş ylymlary kafedrasy
        • Dünýä dilleri kafedrasy
      • Görkezijiler
      • Туркменистан создал условия для подготовки нового поколения дипломатов
      • Biz barada
    • Okuw
      • Hünärler
      • Dalaşgärlere
    • Merkezler
      • Strategik barlaglar boýunça ylmy merkezi
      • Ýaş diplomatlaryň mekdebi
      • Sanly ulgamlar we kommunikasiýa bölümi
      • Durnukly ösüş maksatlary boýunça ylmy merkezi
        • ADAM HUKUKLARY BOÝUNÇA OKUW SAPAGY GEÇIRILDI
      • Parahatçylygyň ýaş çaparlary
        • «PARAHATÇYLYGYŇ ÝAŞ ÇAPARLARY»: V MÖWSÜMIŇ VI SAÝLAMA OÝNY
      • Türkmenistanyň diplomatiýasynyň möhüm ugurlary boýunça okuw merkezi
        • Ulag diplomatiýasy
        • Energetika diplomatiýasy
        • Suw diplomatiýasy
        • Öňüni alyş diplomatiýasy
        • Ykdysady diplomatiýasy
      • Diplomatik protokol boýunça okuw merkezi
    • Media
    Esasy / Çäreler / Sanly wideoaragatnaşyk arkaly okuw maslahaty geçirildi
    Sanly wideoaragatnaşyk arkaly okuw maslahaty geçirildi surady
    30/11/-0001

    1314

    Sanly wideoaragatnaşyk arkaly okuw maslahaty geçirildi

    2022-nji ýylyň 4-5-nji oktýabry aralygynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi bilen Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasynyň (OSCE) Aşgabatdaky Merkeziniň guramagynda “Türkmenistanda adam hukuklary boýunça 2021-2025-nji ýyllar üçin Hereketleriň milli Meýilnamasyny durmuşa geçirmekde goldaw bermek” atly taslamanyň çäklerinde habar beriş serişdeleriniň erkinligini üpjün etmek boýunça sanly wideoaragatnaşyk arkaly okuw maslahaty geçirildi. Bu okuw maslahaty ÝHHG bilen bilelikde ýerine ýetirilýän ýyllyk meýilnamanyň çäklerinde milli habar beriş serişdeleriniň wekilleriniň žurnalistika ugurda hünär derejesini ýokarlandyrmak maksady bilen geçirildi. Oňa daşary ýurtly bilermenler bilen birlikde Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň, Türkmenistanyň Döwlet, hukuk we demokratiýa institutynyň, Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Mejlisiniň, Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň, Magtymguly adyndaky Türkmen Döwlet uniwersitetiniň, Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetiniň, Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentliginiň hem-de ýurdumyzyň köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri gatnaşdylar.
    Okuw maslahatynyň dowamynda çykyş edenler köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleriniň hünär derejesini ýokarlandyrmagyň häzirki zaman maglumat jemgyýetiniň talaplaryny ýerine ýetirmekde aýratyn ähmiýetlidigini bellediler. Maslahatyň çäginde jemgyýeti dessine maglumatlandyrmakda sanly ulgamyň mümkinçiliklerini giňden peýdalanmak, galp maglumatlaryň ýaýradylmagynyň öňüni almak, ygtybarly çeşmelerden peýdalanmak barada pikir alyşmalar boldy. Maslahata gatnaşyjylar köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleriniň hünär derejesini kämilleşdirmegiň ýollary hakynda täsirli çykyşlary etdiler.

    Aýnabat NAZAROWA,
    Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň
    Halkara gatnaşyklary institutynyň mugallymy.

    ÝHHG-niň Aşgabatdaky Metbugat sowatlylygy boýunça merkeziniň maslahaty (turkmenistan.gov.tm)

    Soňky täzelikler

    «NOWRUZ – RUHUBELENTLIGIŇ WE ÖSÜŞLERIŇ BAÝRAMY» ATLY DÖREDIJILIK FESTIWALY GEÇIRILDI surady

    19/03/2026

    «NOWRUZ – RUHUBELENTLIGIŇ WE ÖSÜŞLERIŇ BAÝRAMY» ATLY DÖREDIJILIK FESTIWALY GEÇIRILDI
    Türkmenistanyň Gyzyl Ýarymaý Milli jemgyýetiniň döredilmegine bagyşlanan çäre surady

    18/03/2026

    Türkmenistanyň Gyzyl Ýarymaý Milli jemgyýetiniň döredilmegine bagyşlanan çäre
    WAGYZ-NESIHAT DUŞUŞYGY GEÇIRILDI surady

    10/03/2026

    WAGYZ-NESIHAT DUŞUŞYGY GEÇIRILDI
    Peýdaly Salgylar
    Beýleki ýokary okuw mekdepleri
    Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasy
    Habarlaşmak üçin

    744000, Türkmenistan Aşgabat, Galkynyş 25

    iirmfatm@iirmfa.edu.tm, iirmfatm@sanly.tm

    +99312266155

    +99312266183

    © 2026 Haklary doly goralandyr: TDIMHGI