06/03/2026
22
PARAHATÇYLYK WE YNANYŞMAK SYÝASATYNA BAGYŞLANAN OKUW SAPAGY GEÇIRILDI
2026-njy ýylyň 6-njy martynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda Türkmenistanyň diplomatiýasynyň möhüm ugurlary boýunça okuw merkeziniň guramagynda «Öňüni alyş diplomatiýasy» ugry boýunça «Parahatçylyk we ynanyşmak syýasatyny öňe sürmekde bitaraplygyň we öňüni alyş diplomatiýasynyň ähmiýeti» temadan okuw sapagy geçirildi. Ony Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara guramalar departamentiniň ikinji sekretary Gadam Beşerow alyp bardy.
Hünärmen öz çykyşynda dünýäde parahatçylyk we ynanyşmak medeniýetini dabaralandyrmakda Türkmenistanyň Bitaraplyk hukuk ýagdaýynyň hem-de öňüni alyş diplomatiýasynyň gurallarynyň ähmiýetine aýratyn ünsi çekdi. Şeýle hem, sapagyň dowamynda Birleşen Milletler Guramasynyň çäklerinde Türkmenistanyň öňe sürýän parahatçylyk söýüjilikli başlangyçlarynyň iş ýüzünde durmuşa geçirilişi we bu ugurda halkara guramalar bilen alnyp barylýan hyzmatdaşlygyň durnukly ösüşi barada giňişleýin gürrüň berildi.
Okuw sapagynyň ahyrynda talyplar tema boýunça özlerini gyzyklandyrýan sowallar bilen ýüzlenip, hünärmen bilen pikir alyşdylar.
Hemragylyç NURMÄMMEDOW,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň
Halkara gatnaşyklary institutynyň
Dünýä dilleri kafedrasynyň mugallymy.