130
BIRLEŞEN MILLETLER GURAMASYNYŇ MERKEZI AZIÝA ÜÇIN ÖŇÜNI ALYŞ DIPLOMATIÝASY BOÝUNÇA SEBIT MERKEZINE BAGYŞLANAN SÖHBETDŞLIK GEÇIRILDI
2025-nji ýylyň 6-njy noýabrynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda «BMG-niň Merkezi Aziýa üçin öňüni alyş diplomatiýasy boýunça sebit merkeziniň orny» atly Kararnama bilen baglanyşykly «Aşgabat — sebit merkeziniň paýtagty» atly söhbetdeşlik geçirildi. Söhbetdeşligi institutyň Halkara gatnaşyklary we diplomatiýa kafedrasynyň mugallym-öwrenijisi Rahym Akmuradow alyp bardy. Çärä institutda hereket edýän Türkmenistanyň diplomatiýasynyň möhüm ugurlary boýunça okuw merkeziniň «Öňüni alyş diplomatiýasy» ugrunyň diňleýjileri gatnaşdylar.
Söhbetdeşligiň dowamynda çykyş eden mugallym BMG-niň Merkezi Aziýa üçin öňüni alyş diplomatiýasy boýunça sebit merkeziniň (UNRCCA) döredilmeginiň maksatlary, sebitiň parahatçylygyny, durnuklylygyny hem-de ynanyşmagy berkitmekdäki orny barada giňişleýin maglumat berdi. Şeýle hem BMG-niň Baş Assambleýasynyň «BMG-niň Merkezi Aziýa üçin öňüni alyş diplomatiýasy boýunça sebit merkeziniň orny» atly Kararnamasynyň ähmiýeti, onuň sebit hyzmatdaşlygyny ösdürmekde we jedelleriň öňüni almakda döredýän hukuk-binýatlaýyn esaslary düşündirildi. Söhbetdeşligiň ahyrynda talyplar özlerini gyzyklandyrýan sowallar bilen ýüzlenip, mugallym bilen pikir alyşdylar.
Hemragylyç NURMÄMMEDOW,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň
Halkara gatnaşyklary institutynyň
Dünýä dilleri kafedrasynyň mugallymy.