26/02/2026
86
HALYPA DIPLOMATYŇ GATNAŞMAGYNDA ÖŇÜNI ALYŞ DIPLOMATIÝASY BOÝUNÇA OKUW SAPAGY GEÇIRILDI
2026-njy ýylyň 26-njy fewralynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda Türkmenistanyň diplomatiýasynyň möhüm ugurlary boýunça okuw merkeziniň guramagynda «Öňüni alyş diplomatiýasy» ugry boýunça «Harby-syýasy gapma-garşylyklary çözmegiň güýç ulanmazlyk usuly» atly temada okuw sapagy geçirildi. Okuw sapagyny institutyň Halkara gatnaşyklary we diplomatiýa kafedrasynyň uly mugallymy, Türkmenistanyň Adatdan daşary we Doly ygtyyarly ilçisi, «Türkmenistanyň ussat diplomaty» atly tapawutlandyryş nyşanynyň eýesi Kakajan Mommadow alyp bardy.
Okuw sapagynyň dowamynda halypa diplomat öňüni alyş diplomatiýasynyň häzirki zaman dünýä syýasatyndaky derwaýyslygyna ünsi çekip, ählumumy parahatçylygy saklamakda hem-de durnukly ösüşi üpjün etmekde Birleşen Milletler Guramasynyň ýöriteleşdirilen syýasy edaralarynyň alyp barýan işleriniň ähmiýeti barada giňişleýin gürrüň berdi. Halypa mugallym öňüni alyş diplomatiýasynyň parahatçylyga we howpsuzlyga howp salýan harby-syýasy wehimleri ýüze çykarmakda hem-de olaryň öňüni almakda döwletlere ýardam bermek boýunça esasy gural bolmagynda galýandygyny nygtap geçdi.
Türkmen diplomatiýasynyň milli mekdebinde şeýle duşuşyklaryň yzygiderli geçirilmegi talyp ýaşlaryň syýasy düşünjeleriniň kämilleşmegine, bu ugurda goşmaça bilim endikleriniň kämilleşmegine uly goşant goşýar.
Hemragylyç NURMÄMMEDOW,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň
Halkara gatnaşyklary institutynyň
Dünýä dilleri kafedrasynyň mugallymy.
Soňky täzelikler