Logo
  • Logo
    • Ylym
      • Ylmy-barlag işleri
      • Aspirantura
      • Ylmy-amaly maslahatlar
      • Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygy
        • “Magtymguly, sözüm gysga şerhi köp...” (Magtymguly barada makalalar)
        • “Magtymguly, dile dessan getirdim...” (Magtymguly barada saýtlardan jemlenen maglumatlar)
        • Magtymguly Pyragynyň goşgularynyň wideoteswiri
        • Magtymguly Pyragynyň goşgularynyň audio ýazgylar toplumy
        • Magtymguly Pyragy dünýä metbugatynda
        • Magtymguly Pyragynyň daşary ýurt dillerindäki neşirleri
        • Magtymgulynyň goşgularynyň düşündirişli sözlügi
        • "Magtymgulynyň dünýäde öwrenilişi"
      • Ylmy makalalar, tezisler we ýygyndylar
      • Ýaş alymlar geňeşi
    • Halkara hyzmatdaşlygy
      • Geçirilen duşuşyklar
        • TÜRKMEN-FRANSUZ GATNAŞYKLARYNY ÖSDÜRMÄGE BAGYŞLANAN DUŞUŞYK
      • Saparlar
      • Ilçileriň leksiýalary
        • BEÝIK BRITANIÝALY DIPLOMAT BILEN DUŞUŞYK
        • AWSTRIÝANYŇ ÝEWROPA WE HOWPSUZLYK SYÝASATY INSTITUTYNYŇ WEKILI BILEN GEÇIRILEN DUŞUŞYKLAR
      • Halkara günler
      • "Parahatçylyk medeniýeti" atly ÝUNESKO kluby
    • Fakultetler
      • HALKARA GATNAŞYKLARY FAKULTETI
      • HALKARA HUKUGY FAKULTETI
      • HALKARA YKDYSADY GATNAŞYKLARY FAKULTETI
      • HALKARA ŽURNALISTIKASY FAKULTETI
    • Biz barada
      • Administrasiýa
      • Kafedralar
        • Halkara gatnaşyklary we diplomatiýa kafedrasy
        • Halkara hukugy we deňeşdirme hukuk öwreniş kafedrasy
        • Halkara ykdysady gatnaşyklary kafedrasy
        • Žurnalistikanyň nazaryýeti we amalyýeti kafedrasy
        • Jemgyýeti öwreniş ylymlary kafedrasy
        • Dünýä dilleri kafedrasy
      • Görkezijiler
      • Туркменистан создал условия для подготовки нового поколения дипломатов
      • Biz barada
    • Okuw
      • Hünärler
      • Dalaşgärlere
    • Merkezler
      • Strategik barlaglar boýunça ylmy merkezi
      • Ýaş diplomatlaryň mekdebi
      • Sanly ulgamlar we kommunikasiýa bölümi
      • Durnukly ösüş maksatlary boýunça ylmy merkezi
        • ADAM HUKUKLARY BOÝUNÇA OKUW SAPAGY GEÇIRILDI
      • Parahatçylygyň ýaş çaparlary
        • «PARAHATÇYLYGYŇ ÝAŞ ÇAPARLARY»: V MÖWSÜMIŇ VI SAÝLAMA OÝNY
      • Türkmenistanyň diplomatiýasynyň möhüm ugurlary boýunça okuw merkezi
        • Ulag diplomatiýasy
        • Energetika diplomatiýasy
        • Suw diplomatiýasy
        • Öňüni alyş diplomatiýasy
        • Ykdysady diplomatiýasy
      • Diplomatik protokol boýunça okuw merkezi
    • Media
    Esasy / Çäreler / Parahatçylyk medeniýeti ― Nowruz baýramy
    Parahatçylyk medeniýeti ― Nowruz baýramy
    Parahatçylyk medeniýeti ― Nowruz baýramy
    Parahatçylyk medeniýeti ― Nowruz baýramy
    Parahatçylyk medeniýeti ― Nowruz baýramy
    Parahatçylyk medeniýeti ― Nowruz baýramy
    Parahatçylyk medeniýeti ― Nowruz baýramy
    Parahatçylyk medeniýeti ― Nowruz baýramy
    Parahatçylyk medeniýeti ― Nowruz baýramy
    Parahatçylyk medeniýeti ― Nowruz baýramy
    Parahatçylyk medeniýeti ― Nowruz baýramy
    20/03/2025

    7719

    Parahatçylyk medeniýeti ― Nowruz baýramy

    2025-nji ýylyň 20-nji martynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň «Ak öýünde» ÝUNESKO-nyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna girizilen Halkara Nowruz güni mynasybetli institutyň «Parahatçylyk medeniýeti» atly ÝUNESKO klubunyň guramagynda «Parahatçylyk medeniýeti ― Nowruz baýramy» atly baýramçylyk dabarasy geçirildi.
    Dabarada ilki bilen, Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň rektory Gülşat Ýusupowa çykyş edip, gözbaşyny asyrlaryň jümmüşinden alyp gaýdýan, durmuşyň baky dowamatyny, hoşniýetliligi alamatlandyrýan Milli bahar baýramynyň — Halkara Nowruz gününiň çuň many-mazmuna eýedigini nygtady. Parahatçylygy, hoşniýetli goňşuçylygy we dostlugy, adamlaryň arasyndaky özara düşünişmegi pugtalandyrýan bu baýramyň ýokary ähmiýeti ÝUNESKO-nyň işleri barada Türkmenistanyň Milli toparynyň jogapkär sekretary, Türkmenistanyň Gahrymany Çynar Rustemowanyň çykyşynda hem aýratyn bellenildi.
    Soňra institutyň «Parahatçylyk medeniýeti» atly ÝUNESKO klubunyň guramagynda «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ― durnukly ösüşiň binýady» atly makala bäsleşiginiň hem-de Bütindünýä şygryýet güni we ÝUNESKO-nyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna girizilen Halkara Nowruz güni mynasybetli «Parahatçylyk medeniýeti ― Nowruz baýramy» atly döredijilik bäsleşiginiň ýeňijilerini sylaglamak dabarasy boldy. Ýeri gelende bellesek, bu bäsleşige ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleriniň ÝUNESKO kafedralarynyň we klublarynyň döredijilik bilen gyzyklanýan agzalarydyr talyp ýaşlary gatnaşdylar. Eminler topary hödürlenen makalalary seljerip, olaryň syýasy mazmunyna, ýazylyş ussatlygyna, derwaýyslygyna, çeperçiligine, terbiýeçilik ähmiýetine laýyklykda iň gowy makalalary saýlap, bäsleşigiň ýeňijilerini kesgitlediler. Ýeňijilere Hormat hatlary hem-de gymmatbahaly sowgatlar gowşuryldy.
    Sylaglamak dabarasy institutyň çeper höwesjeňleriniň hem-de Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň ýanyndaky Ýörite sazçylyk mekdep-internatynyň okuwçylarynyň taýýarlan çykyşlary bilen özboluşly utgaşdy. Belentden ýaňlanan aýdym-sazlaryň şirin mukamlary ýygnananlarda göwün göteriji ýagdaýy döretdi.
    Bu dabara Garaşsyz Watanymyza, döwrümiziň belent döredijilik ruhuna bagyşlanandygyny, milli medeniýetimiziň iň gowy däpleriniň nesilden-nesle geçirilip kämilleşdirilýändigini nobatdaky gezek ähli aýdyňlygy bilen subut etdi. Baýramçylyk dabarasyna gatnaşyjylar halkymyzyň, mähriban Watanymyzyň bagtly eýýamyna, Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň tagallalary bilen röwşen geljege gadam urýan ýurdumyza bolan buýsanç duýgularyny beýan etdiler.

    Jemile PÜRJÄÝEWA,
    Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň
    Halkara gatnaşyklary institutynyň
    Žurnalistikanyň nazaryýeti we amalyýeti kafedrasynyň uly mugallymy.

    Soňky täzelikler

    «NOWRUZ – RUHUBELENTLIGIŇ WE ÖSÜŞLERIŇ BAÝRAMY» ATLY DÖREDIJILIK FESTIWALY GEÇIRILDI surady

    19/03/2026

    «NOWRUZ – RUHUBELENTLIGIŇ WE ÖSÜŞLERIŇ BAÝRAMY» ATLY DÖREDIJILIK FESTIWALY GEÇIRILDI
    Türkmenistanyň Gyzyl Ýarymaý Milli jemgyýetiniň döredilmegine bagyşlanan çäre surady

    18/03/2026

    Türkmenistanyň Gyzyl Ýarymaý Milli jemgyýetiniň döredilmegine bagyşlanan çäre
    WAGYZ-NESIHAT DUŞUŞYGY GEÇIRILDI surady

    10/03/2026

    WAGYZ-NESIHAT DUŞUŞYGY GEÇIRILDI
    Peýdaly Salgylar
    Beýleki ýokary okuw mekdepleri
    Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasy
    Habarlaşmak üçin

    744000, Türkmenistan Aşgabat, Galkynyş 25

    iirmfatm@iirmfa.edu.tm, iirmfatm@sanly.tm

    +99312266155

    +99312266183

    © 2026 Haklary doly goralandyr: TDIMHGI