Logo
  • Logo
    • Ylym
      • Ylmy-barlag işleri
      • Aspirantura
      • Ylmy-amaly maslahatlar
      • Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygy
        • “Magtymguly, sözüm gysga şerhi köp...” (Magtymguly barada makalalar)
        • “Magtymguly, dile dessan getirdim...” (Magtymguly barada saýtlardan jemlenen maglumatlar)
        • Magtymguly Pyragynyň goşgularynyň wideoteswiri
        • Magtymguly Pyragynyň goşgularynyň audio ýazgylar toplumy
        • Magtymguly Pyragy dünýä metbugatynda
        • Magtymguly Pyragynyň daşary ýurt dillerindäki neşirleri
        • Magtymgulynyň goşgularynyň düşündirişli sözlügi
        • "Magtymgulynyň dünýäde öwrenilişi"
      • Ylmy makalalar, tezisler we ýygyndylar
      • Ýaş alymlar geňeşi
    • Halkara hyzmatdaşlygy
      • Geçirilen duşuşyklar
        • “NIPPON” GAZNASYNYŇ KITAPLARYNYŇ GOWŞURYLYŞ DABARASY
      • Saparlar
      • Ilçileriň leksiýalary
      • Halkara günler
        • TÜRKMENISTAN- BAGTLY ÇAGALARYŇ MEKANY!
        • 1-nji iýun — Çagalary goramagyň halkara güni
        • INTERNATIONAL DAY FOR PROTECTION OF CHILDREN IN TURKMENISTAN
      • "Parahatçylyk medeniýeti" atly ÝUNESKO kluby
    • Fakultetler
      • HALKARA GATNAŞYKLARY FAKULTETI
      • HALKARA HUKUGY FAKULTETI
      • HALKARA YKDYSADY GATNAŞYKLARY FAKULTETI
      • HALKARA ŽURNALISTIKASY FAKULTETI
    • Biz barada
      • Administrasiýa
      • Kafedralar
        • Halkara gatnaşyklary we diplomatiýa kafedrasy
        • Halkara hukugy we deňeşdirme hukuk öwreniş kafedrasy
        • Halkara ykdysady gatnaşyklary kafedrasy
        • Žurnalistikanyň nazaryýeti we amalyýeti kafedrasy
        • Jemgyýeti öwreniş ylymlary kafedrasy
        • Dünýä dilleri kafedrasy
      • Görkezijiler
      • Туркменистан создал условия для подготовки нового поколения дипломатов
      • Biz barada
    • Okuw
      • Hünärler
      • Dalaşgärlere
    • Merkezler
      • Strategik barlaglar boýunça ylmy merkezi
      • Ýaş diplomatlaryň mekdebi
      • Sanly ulgamlar we kommunikasiýa bölümi
      • Durnukly ösüş maksatlary boýunça ylmy merkezi
        • Durnukly ösüş maksatlary boýunça geçirilen okuw sapagy
      • Parahatçylygyň ýaş çaparlary
      • Türkmenistanyň diplomatiýasynyň möhüm ugurlary boýunça okuw merkezi
        • Ulag diplomatiýasy
        • Energetika diplomatiýasy
        • Suw diplomatiýasy
        • Öňüni alyş diplomatiýasy
        • Ykdysady diplomatiýasy
      • Diplomatik protokol boýunça okuw merkezi
    • Ilçiler
    • Media
    Esasy / Wakalar / Parahatçylygyň ýaş çaparlary pellehanada
    Parahatçylygyň ýaş çaparlary pellehanada surady
    30/11/-0001

    914

    Parahatçylygyň ýaş çaparlary pellehanada

    2022-nji ýylyň 18-nji iýunynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň garamagyndaky Ýaş diplomatlaryň mekdebi tarapyndan mekdep okuwçylarynyň arasynda «Parahatçylygyň ýaş çaparlary» akyl-paýhas bäsleşiginiň final oýny geçirildi. Bu aýgytly oýnuň baş mowzugy «Gahryman Arkadagymyzyň beýik taglymaty: «Dialog — parahatçylygyň kepili» atly tema boldy. Däp bolşy ýaly, final oýnunyň öňüsyrasynda bäsleşigiň baş mowzugy boýunça ýaş çaparlar üçin halypa mugallymlaryň gatnaşmagynda ýörite sapaklar gurnaldy. Olaryň dowamynda okuwçylara final tapgyrynda gerekli boljak gymmatly maglumatlar berildi.

    Akyl-paýhas bäsleşigi üçin niýetlenen ýörite Ak öýde geçirilen final oýnuna ýarym final oýunlarynda öňe saýlanan, Aşgabat şäheriniň dil derslerini çuňlaşdyryp öwredýän 87-nji ýöriteleşdirilen orta mekdebiniň 11-nji synp okuwçysy Ýagşymyrat Öwezow, Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky umumybilim berýän ýöriteleşdirilen mekdep-internatynyň 10-njy synp okuwçysy Nurana Hudaýberdiýewa, şol mekdebiň 11-nji synp okuwçylary Kadyrmyrat Öwezgylyjow, Hojamyrat Baýlyýew, Kakageldi Akmyradow, Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň ýanyndaky ýörite sazçylyk-mekdep internatynyň 10-njy synp okuwçysy Yhlas Hallyýew, Mary welaýatynyň Mary şäheriniň iňlis dili we ynsançylyk ugurly okuw dersleri çuňlaşdyrylyp öwredilýän ýöriteleşdirilen welaýat mekdebiniň 11-nji synp okuwçysy Şasenem Meýlisowa hem-de Balkan welaýatynyň Balkanabat şäherindäki iňlis dili, fizika we matematika derslerini çuňlaşdyryp öwredýän ýöriteleşdirilen 22-nji orta mekdebiniň 11-nji synp okuwçy Intizar Tagannyýazowa dagy gatnaşdylar.

    Akyl-paýhas bäsleşiginiň final oýnunda «Pähimdarlar geňeşiniň» agzalary hökmünde Türkmenistanyň Gahrymany, BMG-niň Bilim, ylym we medeniýet boýunça guramasynyň (ÝUNESKO-nyň) işleri barada Türkmenistanyň Milli toparynyň jogapkär sekretary Çynar Rüstemowa, TYA-nyň Magtymguly adyndaky Dil, edebiýat we milli golýazmalar institutynyň baş ylmy işgäri, taryh ylymlarynyň doktory, Ykdysady Hyzmatdaşlyk guramasynyň «Taryh, medeniýet, edebiýat we şekillendiriş sungaty» ugry boýunça sylagyň eýesi Ýazgylyç Orazgylyjow, Türkmenistanyň sungatda at gazanan işgäri, Alp Arslan adyndaky Milli drama teatrynyň baş režissýory Bilbil Mämmedow dagy adalatly eminlik etdiler.

    Final oýnunyň geçiş tertibi dogrusynda aýdanymyzda, ol hemişekiler ýaly 5 menzilden ybarat boldy. Menziller şeýle mowzuklar astynda geçdi, ýagny:

    1-nji menzil: Gahryman Arkadagymyzyň «Parahatçylyk sazy, dostluk, doganlyk sazy» atly kitabynda bitaraplyk we hoşniýetli goňşuçylyk baradaky garaýyşlary, öwüt-ündewleri we nesihatlary.

    2-nji menzil: Hemişelik Bitaraplyk syýasatynyň türkmen nusgasy we dünýä tejribesi.

    3-nji menzil: Öňüni alyş diplomatiýasynyň taryhy we häzirki zaman tejribesi.

    4-nji menzil: Türkmenistanyň diplomatiýasynyň ileri tutulýan ugurlary.

    5-nji menzil: Türkmenistanyň köptaraplaýyn diplomatiýasy we halkara guramalary bilen hyzmatdaşlygy.

    Final oýnunyň dowamynda okuwçylaryň paýyna düşen soraglaryň içinde Türkmenistanyň halk artisti Akmyrat Çaryýewiň «Şükür bagşy» filminden janly ýerine ýetiren sazyny bilmek ýaly sowallar bardy. Mundan başga-da syrly gutuly sowal hem özüneçekiji gyzykly soraglaryň biri boldy. Ýeri gelende belläp geçsek, bäsleşigiň dowamynda ataly-ogul we halypa-şägirt bolan Daşoguz welaýatynyň Görogly etrabyndan meşhur Öre Şyhyň agtygy Baky Rejebowyň hem-de çowlugy, Gulbaba baýragynyň eýesi Käbe Şyh Bakyýewiň ýerine ýetirmeginde «Şükür bagşy» filminden bir pursat janlandyryldy.

    Gyzgalaňly geçen final oýny ýatdan çykmajak pursatlara baý boldy. Ýollar aşyp menzillere ýetilýär, menziller aşyp myratlara diýleni. Bäsleşigiň final oýnunyň netijelerini mälim etsek:

    3-nji ýere Balkan welaýatynyň Balkanabat şäherindäki iňlis dili, fizika we matematika derslerini çuňlaşdyryp öwredýän ýöriteleşdirilen 22-nji orta mekdebiniň 11-nji synp okuwçy Intizar Tagannyýazowa, Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky umumybilim berýän ýöriteleşdirilen mekdep-internatynyň 10-njy synp okuwçysy Nurana Hudaýberdiýewa, şol mekdebiň 11-nji synp okuwçylary Kadyrmyrat Öwezgylyjow, Kakageldi Akmyradow;

    2-nji ýere Mary welaýatynyň Mary şäheriniň iňlis dili we ynsançylyk ugurly okuw dersleri çuňlaşdyrylyp öwredilýän ýöriteleşdirilen welaýat mekdebiniň 11-nji synp okuwçysy Şasenem Meýlisowa, Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky umumybilim berýän ýöriteleşdirilen mekdep-internatynyň 11-nji synp okuwçysy Hojamyrat Baýlyýew;

    1-nji ýere Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň ýanyndaky ýörite sazçylyk-mekdep internatynyň 10-njy synp okuwçysy Yhlas Hallyýew;

    Baş baýraga hem-de Göçme kuboga Aşgabat şäheriniň dil derslerini çuňlaşdyryp öwredýän 87-nji ýöriteleşdirilen orta mekdebiniň 11-nji synp okuwçysy Ýagşymyrat Öwezow mynasyp boldy. Final oýny tamamlanandan soňra institutymyzda ýeňijileri sylaglamak mynasybetli aýdym-sazly dabara geçirildi. Dabaranyň dowamynda bäsleşigiň ýeňijileri Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşiniň hem-de beýleki hemaýatkärleriň taýýarlan gymmatbahaly sowgatlary, institutymyzyň degişli şahadatnamalary we Hormat hatlary hem-de medallary bilen sylaglandylar. Baş baýraga mynasyp bolan ýaş çapara bäsleşigiň Göçme kubogy gowşuryldy.

    Ýeri gelende belläp geçsek, «Parahatçylygyň ýaş çaparlary» akyl-paýhas bäsleşiginiň final oýnuna Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşi, Türkmenistanyň Milli ýaý atyjylyk federasiýasy, Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesi, «Türkmenhaly» döwlet birleşigi, «Abadan haly» açyk görnüşli paýdarlar jemgyýeti, «Aýdyň gijeler» hojalyk jemgyýeti, «Ýedi dogan» hususy kärhanasy, «Aýbölek» hususy kärhanasy, «Arzyly ada» hususy kärhanasy, «Akmenzili» hojalyk jemgyýeti, «Muhammet Balkan» hojalyk jemgyýeti hem-de dürli pudaklarda zähmet çekýän işgärler üçin ýörite iş egin-eşiklerini hödürleýän «Saraýan» hojalyk jemgyýeti hemaýatkärlik etdiler. «Parahatçylygyň ýaş çaparlary» akyl-paýhas bäsleşiginiň final oýny «Miras» teleýaýlymy bilen TDIM-niň Halkara gatnaşyklary institutynyň okuw studiýasy tarapyndan bilelikde ýazgy edildi. Bäsleşigiň final oýnuna ýakyn günlerde «Miras» teleýaýlymynda tomaşa edip bilersiňiz.

    Gurbansähet GURBANSÄHEDOW,

    Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň

    Halkara gatnaşyklary institutynyň

    Halkara žurnalistikasy fakultetiniň I ýyl talyby.

    Şeýle hem bu barada şu ýerden okap bilersiňiz!

    https://turkmenportal.com/tm/blog/48522/parahatchylygyn-yash-chaparlary-akylpayhas-basleshiginin-yenijileri-belli-boldy

    https://salamnews.tm/section/ylym-bilim/bilim/parahatcylygyn-yas-caparlary:-yenijiler-malim-boldy-2f2cf7

    Türkmen, wideo, audio, fotoreportaž | Turkmenportal.com

    Soňky täzelikler

    BAÝRAMÇYLYGA BAGYŞLANAN GEZELENÇ surady

    22/05/2025

    BAÝRAMÇYLYGA BAGYŞLANAN GEZELENÇ
    “TALYP JOŞGUNY – 2025” ATLY DÖREDIJILIK FESTIWALY surady

    22/05/2025

    “TALYP JOŞGUNY – 2025” ATLY DÖREDIJILIK FESTIWALY
    DAŞARY ÝURTLY MYHMANLAR ÜÇIN WATANYMYZYŇ TARYHY ÝADYGÄRLIKLERINE GEZELENÇ surady

    13/05/2025

    DAŞARY ÝURTLY MYHMANLAR ÜÇIN WATANYMYZYŇ TARYHY ÝADYGÄRLIKLERINE GEZELENÇ
    Peýdaly Salgylar
    Beýleki ýokary okuw mekdepleri
    Habarlaşmak üçin

    744000, Türkmenistan Aşgabat, Galkynyş 25

    iirmfatm@iirmfa.edu.tm, iirmfatm@sanly.tm

    +99312266155

    +99312266183

    © 2025 Haklary doly goralandyr: TDIMHGI