28/03/2025
2190
OKUW SAPAGY GEÇIRILDI
2025-nji ýylyň 28-nji martynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň
Halkara gatnaşyklary institutynda Ýewropa Bileleşiginiň Merkezi Aziýa boýunça
ýörite wekili Eduard Stipraýsyň gatnaşmagynda “Ýewropa Bileleşiginiň we
Merkezi Aziýanyň arasyndaky hyzmatdaşlyk” atly tema boýunça okuw sapagy
geçirildi.
Okuw sapagyna Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara
gatnaşyklary institutynyň we Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş
uniwersitetiniň talyp ýaşlary gatnaşdylar. Eduard Stipraýs talyp ýaşlara ÝB-niň we
Merkezi Aziýanyň döwletleriniň arasyndaky hyzmatdaşlygyň ösüşiniň taryhy,
öňde goýlan maksatnamalar, häzirki wagtda dünýädaki “globallaşma” meseleleri
barada gürrüň berdi.
Hünärmen tarapyndan berlen okuw sapagy syýasy bilimlerini artdyrmakda
talyplar üçin möhüm tejribe hökmünde hyzmat etdi. Talyplar özlerini
gyzyklandyrýan soraglara-da giňişleýin jogap aldylar.
Şyhdurdy ŞYHYÝEW,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň
Halkara gatnaşyklary institutynyň
Halkara gatnaşyklary fakultetiniň II ýyl talyby.
Soňky täzelikler
15/10/2026
FILIPPINLI WEKIL BILEN GEÇIRILEN OKUW SAPAGY
11/06/2026
ITALIÝALY WEKIL BILEN GEÇIRILEN OKUW SAPAGY
08/05/2026
ILÇI BILEN GEÇEN DUŞUŞYK