Logo
  • Logo
    • Ylym
      • Ylmy-barlag işleri
      • Aspirantura
      • Ylmy-amaly maslahatlar
        • YLYMLAR GÜNÜNE BAGYŞLANAN HALKARA YLMY MASLAHAT
      • Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygy
        • “Magtymguly, sözüm gysga şerhi köp...” (Magtymguly barada makalalar)
        • “Magtymguly, dile dessan getirdim...” (Magtymguly barada saýtlardan jemlenen maglumatlar)
        • Magtymguly Pyragynyň goşgularynyň wideoteswiri
        • Magtymguly Pyragynyň goşgularynyň audio ýazgylar toplumy
        • Magtymguly Pyragy dünýä metbugatynda
        • Magtymguly Pyragynyň daşary ýurt dillerindäki neşirleri
        • Magtymgulynyň goşgularynyň düşündirişli sözlügi
        • "Magtymgulynyň dünýäde öwrenilişi"
      • Ylmy makalalar, tezisler we ýygyndylar
      • Ýaş alymlar geňeşi
        • ÝAŞLARYŇ YLMY ÜSTÜNLIGI
        • BUŞLUK, ÝAŞ ALYM BOLDUM!
    • Halkara hyzmatdaşlygy
      • Geçirilen duşuşyklar
        • EÝRANLY ÝAŞ DIPLOMATLAR ÜÇIN GEÇIRILEN TANYŞLYK SAPARY
      • Saparlar
      • Ilçileriň leksiýalary
        • ITALIÝALY WEKIL BILEN GEÇIRILEN OKUW SAPAGY
      • Halkara günler
      • "Parahatçylyk medeniýeti" atly ÝUNESKO kluby
    • Fakultetler
      • HALKARA GATNAŞYKLARY FAKULTETI
      • HALKARA HUKUGY FAKULTETI
      • HALKARA YKDYSADY GATNAŞYKLARY FAKULTETI
      • HALKARA ŽURNALISTIKASY FAKULTETI
    • Biz barada
      • Administrasiýa
      • Kafedralar
        • Halkara gatnaşyklary we diplomatiýa kafedrasy
        • Halkara hukugy we deňeşdirme hukuk öwreniş kafedrasy
        • Halkara ykdysady gatnaşyklary kafedrasy
        • Žurnalistikanyň nazaryýeti we amalyýeti kafedrasy
        • Jemgyýeti öwreniş ylymlary kafedrasy
        • Dünýä dilleri kafedrasy
        • Parahatçylyk we bitaraplyk kafedrasy
      • Görkezijiler
      • Туркменистан создал условия для подготовки нового поколения дипломатов
      • Biz barada
    • Okuw
      • Hünärler
      • Dalaşgärlere
    • Merkezler
      • Strategik barlaglar boýunça ylmy merkezi
      • Ýaş diplomatlaryň mekdebi
      • Sanly ulgamlar we kommunikasiýa bölümi
      • Durnukly ösüş maksatlary boýunça ylmy merkezi
      • Parahatçylygyň ýaş çaparlary
      • Türkmenistanyň diplomatiýasynyň möhüm ugurlary boýunça okuw merkezi
        • Ulag diplomatiýasy
        • Energetika diplomatiýasy
        • Suw diplomatiýasy
        • Öňüni alyş diplomatiýasy
        • Ykdysady diplomatiýasy
      • Diplomatik protokol boýunça okuw merkezi
    • Sosial media
      • TikTok
      • Instagram
    • Media
    Esasy / Çäreler / MERKEZI AZIÝANYŇ ÝAŞ DIPLOMATLARY WE DÖWLET GULLUKÇYLARY ÜÇIN SEBITLEÝIN OKUW MASLAHATYNYŇ AÇYLYŞ DABARASY GEÇIRILDI
    MERKEZI AZIÝANYŇ ÝAŞ DIPLOMATLARY WE DÖWLET GULLUKÇYLARY ÜÇIN SEBITLEÝIN OKUW MASLAHATYNYŇ AÇYLYŞ DABARASY GEÇIRILDI
    MERKEZI AZIÝANYŇ ÝAŞ DIPLOMATLARY WE DÖWLET GULLUKÇYLARY ÜÇIN SEBITLEÝIN OKUW MASLAHATYNYŇ AÇYLYŞ DABARASY GEÇIRILDI
    MERKEZI AZIÝANYŇ ÝAŞ DIPLOMATLARY WE DÖWLET GULLUKÇYLARY ÜÇIN SEBITLEÝIN OKUW MASLAHATYNYŇ AÇYLYŞ DABARASY GEÇIRILDI
    MERKEZI AZIÝANYŇ ÝAŞ DIPLOMATLARY WE DÖWLET GULLUKÇYLARY ÜÇIN SEBITLEÝIN OKUW MASLAHATYNYŇ AÇYLYŞ DABARASY GEÇIRILDI
    MERKEZI AZIÝANYŇ ÝAŞ DIPLOMATLARY WE DÖWLET GULLUKÇYLARY ÜÇIN SEBITLEÝIN OKUW MASLAHATYNYŇ AÇYLYŞ DABARASY GEÇIRILDI
    MERKEZI AZIÝANYŇ ÝAŞ DIPLOMATLARY WE DÖWLET GULLUKÇYLARY ÜÇIN SEBITLEÝIN OKUW MASLAHATYNYŇ AÇYLYŞ DABARASY GEÇIRILDI
    09/03/2026

    2661

    MERKEZI AZIÝANYŇ ÝAŞ DIPLOMATLARY WE DÖWLET GULLUKÇYLARY ÜÇIN SEBITLEÝIN OKUW MASLAHATYNYŇ AÇYLYŞ DABARASY GEÇIRILDI

    2026-njy ýylyň 9-njy martynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda Birleşen Milletler Guramasynyň Türkmenistandaky Hemişelik utgaşdyryjysynyň wekilhanasynyň bilelikde guramagynda Merkezi Aziýanyň ýaş diplomatlary we döwlet gullukçylary üçin sebitleýin okuw maslahatynyň açylyş dabarasy geçirildi. Oňa Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň wekilleri, Türkmenistanda ýerleşýän diplomatik wekilhanalaryň, halkara guramalaryň ýolbaşçylary, Merkezi Aziýa döwletlerinden gelen ýaş diplomatlar we döwlet gullukçylary, Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň we beýleki ýokary okuw mekdepleriniň professor-mugallymlarydyr talyp ýaşlary gatnaşdylar.
    Maslahatyň esasy maksady Merkezi Aziýa sebitiniň ýaş diplomatlarynyň we döwlet gullukçylarynyň özara hyzmatdaşlygyny täze many-mazmun bilen baýlaşdyrmakdan hem-de bu ugurdaky gatnaşyklary işjeňleşdirmekden ybaratdyr.
    Açylyş dabarasynyň dowamynda Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary M.Bäşimowa, BMG-niň Türkmenistandaky hemişelik utgaşdyryjysy D.Şlapaçenko, Italiýa Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi L.Ferrari, Beýik Britaniýanyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi S. Konlon we BMG-niň Ilat Gaznasynyň (ÝUNFPA) Türkmenistandaky wekilhanasynyň ýolbaşçysy K.Goşlyýew dagylar çykyş etdiler. Maslahatyň dowamynda Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplyk hukuk ýagdaýynyň diňe bir milli bähbitlerimize laýyk gelmek bilen çäklenmän, eýsem, parahatçylyk döredijiligiň, sebit we ählumumy derejede howpsuzlygy hem-de durnuklylygy üpjün etmegiň netijeli guraly hökmünde dünýä bileleşiginde ykrar edilendigi aýratyn nygtaldy.
    Maslahatda çykyş edenleriň belleýşi ýaly, Milletler Bileleşiginiň giň goldawyna eýe bolan oňyn Bitaraplyk ýörelgelerine esaslanýan daşary syýasat ugruny üstünlikli durmuşa geçirýän ählumumy abadançylygy üpjün etmegiň hem-de Durnukly ösüş maksatlaryna ýetmegiň bähbidine netijeli halkara hyzmatdaşlygyň berkidilmegine saldamly goşant goşýar.
    Türkmenistanyň Bitaraplyk hukuk ýagdaýynyň geçen döwrüň dowamynda Birleşen Milletler Guramasynyň binýatlaýyn gymmatlyklaryna we maksatlaryna doly laýyk gelýändigi, şonuň bilen birlikde bolsa, Milletler Bileleşiginiň umumy gazanan üstünligi hökmünde ykrar edilendigi bellenildi. Şeýle hem häzirki wagtda ýurdumyzda BMG-niň ýaşlar syýasatyna gönükdirilen degişli sebitleýin taslama resminamasynyň iş ýüzünde amala aşyrylýandygy barada aýratyn nygtaldy.
    Açylyş dabarasynyň ahyrynda oňa gatnaşyjylar ýaş nesliň kämil bilim almagy, hünär derejesini ýokarlandyrmagy we halkara giňişliginde öz ornuny tapmagy ugrunda döredilip berilýän giň mümkinçilikler üçin Gahryman Arkadagymyza hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyza çäksiz hoşallyk sözlerini beýan etdiler.

    Maral ORAZGYLYJOWA,
    Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň
    Halkara gatnaşyklary institutynyň
    Halkara hukugy we deňeşdirme hukuk öwreniş kafedrasynyň mugallymy.

    Bu barada şu ýerde hem okap bilersiňiz:
    https://www.mfa.gov.tm/news/5938
    https://orient.tm/tm/post/96815/central-asia-young-diplomats-training-ashgabat-2026

    Soňky täzelikler

    UÇURYMLARYŇ BAÝRAMÇYLYK DABARASY GEÇIRILDI surady

    13/06/2026

    UÇURYMLARYŇ BAÝRAMÇYLYK DABARASY GEÇIRILDI
    Wagyz-nesihat duşuşygy geçirildi surady

    10/06/2026

    Wagyz-nesihat duşuşygy geçirildi
    BÜTINDÜNÝÄ WELOSIPED GÜNI MYNASYBETLI ÝÖRIŞ GEÇIRILDI surady

    03/06/2026

    BÜTINDÜNÝÄ WELOSIPED GÜNI MYNASYBETLI ÝÖRIŞ GEÇIRILDI
    Peýdaly Salgylar
    Beýleki ýokary okuw mekdepleri
    Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasy
    Habarlaşmak üçin

    744000, Türkmenistan Aşgabat, Galkynyş 25

    iirmfatm@iirmfa.edu.tm, iirmfatm@sanly.tm

    +99312266155

    +99312266183

    © 2026 Haklary doly goralandyr: TDIMHGI