Logo
  • Logo
    • Ylym
      • Ylmy-barlag işleri
      • Aspirantura
      • Ylmy-amaly maslahatlar
      • Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygy
        • “Magtymguly, sözüm gysga şerhi köp...” (Magtymguly barada makalalar)
        • “Magtymguly, dile dessan getirdim...” (Magtymguly barada saýtlardan jemlenen maglumatlar)
        • Magtymguly Pyragynyň goşgularynyň wideoteswiri
        • Magtymguly Pyragynyň goşgularynyň audio ýazgylar toplumy
        • Magtymguly Pyragy dünýä metbugatynda
        • Magtymguly Pyragynyň daşary ýurt dillerindäki neşirleri
        • Magtymgulynyň goşgularynyň düşündirişli sözlügi
        • "Magtymgulynyň dünýäde öwrenilişi"
      • Ylmy makalalar, tezisler we ýygyndylar
      • Ýaş alymlar geňeşi
        • BÄSLEŞIKLERIŇ JEMLERI JEMLENDI
    • Halkara hyzmatdaşlygy
      • Geçirilen duşuşyklar
      • Saparlar
      • Ilçileriň leksiýalary
        • BEÝIK BRITANIÝALY DIPLOMAT BILEN DUŞUŞYK
        • AWSTRIÝANYŇ ÝEWROPA WE HOWPSUZLYK SYÝASATY INSTITUTYNYŇ WEKILI BILEN GEÇIRILEN DUŞUŞYKLAR
      • Halkara günler
      • "Parahatçylyk medeniýeti" atly ÝUNESKO kluby
    • Fakultetler
      • HALKARA GATNAŞYKLARY FAKULTETI
      • HALKARA HUKUGY FAKULTETI
      • HALKARA YKDYSADY GATNAŞYKLARY FAKULTETI
      • HALKARA ŽURNALISTIKASY FAKULTETI
    • Biz barada
      • Administrasiýa
      • Kafedralar
        • Halkara gatnaşyklary we diplomatiýa kafedrasy
        • Halkara hukugy we deňeşdirme hukuk öwreniş kafedrasy
        • Halkara ykdysady gatnaşyklary kafedrasy
        • Žurnalistikanyň nazaryýeti we amalyýeti kafedrasy
        • Jemgyýeti öwreniş ylymlary kafedrasy
        • Dünýä dilleri kafedrasy
      • Görkezijiler
      • Туркменистан создал условия для подготовки нового поколения дипломатов
      • Biz barada
    • Okuw
      • Hünärler
      • Dalaşgärlere
    • Merkezler
      • Strategik barlaglar boýunça ylmy merkezi
      • Ýaş diplomatlaryň mekdebi
      • Sanly ulgamlar we kommunikasiýa bölümi
      • Durnukly ösüş maksatlary boýunça ylmy merkezi
        • INSTITUTYŇ TALYPLARY ÜÇIN ADAM HUKUKLARY BOÝUNÇA TEMATIK OKUW SAPAKLARY
      • Parahatçylygyň ýaş çaparlary
      • Türkmenistanyň diplomatiýasynyň möhüm ugurlary boýunça okuw merkezi
        • Ulag diplomatiýasy
        • Energetika diplomatiýasy
        • Suw diplomatiýasy
        • Öňüni alyş diplomatiýasy
        • Ykdysady diplomatiýasy
      • Diplomatik protokol boýunça okuw merkezi
        • «DIPLOMATIK PROTOKOL» ATLY ÝÖRITELEŞDIRILEN OKUW MERKEZINIŇ DIŇLEÝJILERINE ŞAHADATNAMALAR GOWŞURYLDY
    • Media
    Esasy / Habarlar / Merkezi Aziýanyň ýaş diplomatlary we döwlet gullukçylary üçin ikinji sebitleýin okuw maslahatynyň ýapylyş dabarasy
    Merkezi Aziýanyň ýaş diplomatlary we döwlet gullukçylary üçin ikinji  sebitleýin okuw maslahatynyň ýapylyş dabarasy
    Merkezi Aziýanyň ýaş diplomatlary we döwlet gullukçylary üçin ikinji  sebitleýin okuw maslahatynyň ýapylyş dabarasy
    Merkezi Aziýanyň ýaş diplomatlary we döwlet gullukçylary üçin ikinji  sebitleýin okuw maslahatynyň ýapylyş dabarasy
    Merkezi Aziýanyň ýaş diplomatlary we döwlet gullukçylary üçin ikinji  sebitleýin okuw maslahatynyň ýapylyş dabarasy
    Merkezi Aziýanyň ýaş diplomatlary we döwlet gullukçylary üçin ikinji  sebitleýin okuw maslahatynyň ýapylyş dabarasy
    13/03/2026

    84

    Merkezi Aziýanyň ýaş diplomatlary we döwlet gullukçylary üçin ikinji sebitleýin okuw maslahatynyň ýapylyş dabarasy

    2026-njy ýylyň 13-nji martynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda Merkezi Aziýanyň Ýaş diplomatlary we döwlet gullukçylary üçin guralan bäş günlük sebitleýin okuw maslahatynyň jemleýji gününde gatnaşyjylar üçin diplomatik gullugyň inçe syrlaryna bagyşlanan ýörite duşuşyklar we resmi ýapylyş dabarasy geçirildi.
    “Diplomatiýa sungaty” (Art of diplomacy: meeting with Central Asian Diplomats) atly jemleýji duşuşykda Merkezi Aziýa ýurtlarynyň – Özbegistanyň, Gazagystanyň, Täjigistanyň we Gyrgyzystan Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçileri hem-de Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň wekilleri ýaş diplomatlar bilen bir stoluň başynda ýygnandylar. Duşuşygyň dowamynda tejribeli diplomatlar sebitara hyzmatdaşlygyň häzirki ýagdaýy, ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn gatnaşyklaryň ähmiýeti barada öz tejribelerini paýlaşdylar. Ýaş hünärmenler özlerini gyzyklandyrýan sowallar, esasan hem, sebitde durnuklylygy üpjün etmekde ýaş diplomatlaryň tutýan orny barada ilçiler bilen pikir alyşdylar. Bu duşuşyk ýaş hünärmenler üçin tejribeli halypalardan amaly maslahatlary almaga we sebit diplomatiýasynyň geljegine täzeçe garamaga mümkinçilik berdi. Okuw maslahatynyň ahyrynda, amaly sapaklaryň we ara alyp maslahatlaşmalaryň netijeleri jemlendi. “Parking lot/sorag-jogap we netijeler” bölüminde gatnaşyjylar okuwyň dowamynda öwrenen täze endikleri we geljekde amala aşyryp boljak bilelikdäki taslamalar boýunça öz garaýyşlaryny beýan etdiler.
    Çäräniň resmi ýapylyş dabarasynda BMG-niň Türkmenistandaky Hemişelik utgaşdyryjysy jenap Dmitriý Şlapaçenko çykyş edip, “Siz diňe bir kämilleşmek bilen çäklenmän, eýsem, Merkezi Aziýanyň diplomatik maşgalasynyň bir bölegine öwrüldiňiz. Siziň araňyzda gurlan bu dostlukly gatnaşyklar geljekde sebitimiziň parahatçylygy we rowaçlygy üçin ygtybarly binýat bolar” diýip belledi. Şeýle-de, Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary Mähri Bäşimowa çykyş etdi we paýtagtymyzda geçirilen bu okuw maslahatynyň ähmiýetini nygtap, ýaş hünärmenleriň kämilleşmeginiň Türkmenistanyň daşary syýasatynyň ileri tutýan ugurlarynyň biridigini aýtdy.
    Dabaranyň ahyrynda bäş ýurduň ýaş diplomatlaryna okuwy üstünlikli tamamlandyklary baradaky halkara şahadatnamalar gowşuryldy. Çäre okuw maslahatyna gatnaşyjylaryň ýadygärlik surata düşmek dabarasy bilen tamamlandy.
    Bu okuw maslahaty gatnaşyjylaryň diplomatik gullukda hünär derejesini ýokarlandyrmaklaryna hem-de Merkezi Aziýa ýurtlarynyň arasyndaky goňşuçylyk we özara hormat goýmak ýörelgelerini has-da berkitmäge hyzmat etdi.

    Maýa ATAJANOWA,
    Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň
    Halkara gatnaşyklary institutynyň
    Dünýä dilleri kafedrasynyň uly mugallymy.

    Soňky täzelikler

    «GELSE NOWRUZ ÄLEME-REŇ KYLAR JAHAN PEÝDA»  ATLY BAÝRAMÇYLYK DABARASY surady

    13/03/2026

    «GELSE NOWRUZ ÄLEME-REŇ KYLAR JAHAN PEÝDA» ATLY BAÝRAMÇYLYK DABARASY
    MERKEZI AZIÝA ÝURTLARYNYŇ ÝAŞLARYNYŇ DIALOGYNYŇ NOBATDAKY DUŞUŞYGY GEÇIRILDI surady

    12/03/2026

    MERKEZI AZIÝA ÝURTLARYNYŇ ÝAŞLARYNYŇ DIALOGYNYŇ NOBATDAKY DUŞUŞYGY GEÇIRILDI
    GAHRYMAN ARKADAGYMYZYŇ «ATDA WEPA-DA BAR, SAPA-DA» ATLY KITABYNY WAGYZ ETMEK MAKSATLY DUŞUŞYK surady

    12/03/2026

    GAHRYMAN ARKADAGYMYZYŇ «ATDA WEPA-DA BAR, SAPA-DA» ATLY KITABYNY WAGYZ ETMEK MAKSATLY DUŞUŞYK
    Peýdaly Salgylar
    Beýleki ýokary okuw mekdepleri
    Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasy
    Habarlaşmak üçin

    744000, Türkmenistan Aşgabat, Galkynyş 25

    iirmfatm@iirmfa.edu.tm, iirmfatm@sanly.tm

    +99312266155

    +99312266183

    © 2026 Haklary doly goralandyr: TDIMHGI