1272
Margalla Dialogy 2025
2025-nji ýylyň 11-12-nji noýabrynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň uly mugallymy Begenç Karaýew Päkistan Yslam Respublikasynyň Yslamabat Syýasy barlaglar instituty (IPRI) tarapyndan guralan “Margalla Dialogy 2025” atly halkara maslahatyna gatnaşdy. Bu çärä dünýäniň dürli künjeklerinden diplomatlar we alymlar gatnaşdylar. Maslahatyň esasy temasy “Ählumumy Düzgüniň Geljegi: Hyzmatdaşlyk ýa-da Bäsdeşlik?” diýlip atlandyryldy.
Türkmenistanyň bu maslahata gatnaşmagy, ýurduň hemişelik Bitaraplyk derejesine esaslanýan işjeň daşary syýasatynyň subutnamasyna öwrüldi. Maslahatda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň uly mugallymy B.Karaýew çykyş edip, Türkmenistanyň goňşy döwletler we halkara guramalary bilen hyzmatdaşlygy ösdürmekde alyp barýan işleri dogrusynda beýan etdi. Onda esasan hem Türkmenistanyň sebitde durnuklylygy pugtalandyrmakdaky we ykdysady arabaglanyşygy giňeltmekdäki möhüm orny barada nygtaldy.
B.Karaýew öz çykyşynda, Türkmenistanyň gatnaşmagynda amala aşyrylýan iri sebitleýin energetika we ulag maksatnamalarynyň ilerlemeginde gazanylan sepgitlere aýratyn ünsi çekdi. Şol möhüm başlangyçlaryň arasynda TOPH (Türkmenistan ̶ Owganystan ̶ Päkistan ̶ Hindistan) gaz geçirijisi we TOP (Türkmenistan ̶ Owganystan ̶ Päkistan) elektrik geçirijisi barada aýdyp bolar. Bu maksatnamalar Türkmenistanyň energiýa serişdeleriniň diwersifikasiýa ugruny yzygiderli durmuşa geçirýändigini tassyklamak bilen birlikde, Päkistan Yslam Respublikasy bilen strategik hyzmatdaşlygyň ykdysady we geosyýasy ähmiýetini berkitmek üçin esasy binýady döredýär. Türkmenistanyň wekiliýetiniň bu maslahata gatnaşmagy, türkmen-päkistan gatnaşyklarynyň strategik häsiýetini we özara söwdany ösdürmäge hem-de sebitleýin integrasiýany giňeltmäge gönükdirilen bilelikdäki başlangyçlaryň üstünlikli durmuşa geçirilýändigini ýene bir gezek görkezdi.
Şeýlelikde, “Margalla Dialogy 2025” Türkmenistanyň halkara dialogy goldaýandygyny we parahatçylyk hem-de durnukly ösüş ugrunda alyp barýan tagallalaryny bütin dünýä aýan etmäge mümkinçilik berdi.
Şyhdurdy ŞYHYÝEW,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň
Halkara gatnaşyklary institutynyň
Halkara gatnaşyklary fakultetiniň 3-nji ýyl talyby.