Logo
  • Logo
    • Ylym
      • Ylmy-barlag işleri
      • Aspirantura
      • Ylmy-amaly maslahatlar
      • Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygy
        • “Magtymguly, sözüm gysga şerhi köp...” (Magtymguly barada makalalar)
        • “Magtymguly, dile dessan getirdim...” (Magtymguly barada saýtlardan jemlenen maglumatlar)
        • Magtymguly Pyragynyň goşgularynyň wideoteswiri
        • Magtymguly Pyragynyň goşgularynyň audio ýazgylar toplumy
        • Magtymguly Pyragy dünýä metbugatynda
        • Magtymguly Pyragynyň daşary ýurt dillerindäki neşirleri
        • Magtymgulynyň goşgularynyň düşündirişli sözlügi
        • "Magtymgulynyň dünýäde öwrenilişi"
      • Ylmy makalalar, tezisler we ýygyndylar
      • Ýaş alymlar geňeşi
    • Halkara hyzmatdaşlygy
      • Geçirilen duşuşyklar
        • “NIPPON” GAZNASYNYŇ KITAPLARYNYŇ GOWŞURYLYŞ DABARASY
      • Saparlar
      • Ilçileriň leksiýalary
      • Halkara günler
        • TÜRKMENISTAN- BAGTLY ÇAGALARYŇ MEKANY!
        • 1-nji iýun — Çagalary goramagyň halkara güni
        • INTERNATIONAL DAY FOR PROTECTION OF CHILDREN IN TURKMENISTAN
      • "Parahatçylyk medeniýeti" atly ÝUNESKO kluby
    • Fakultetler
      • HALKARA GATNAŞYKLARY FAKULTETI
      • HALKARA HUKUGY FAKULTETI
      • HALKARA YKDYSADY GATNAŞYKLARY FAKULTETI
      • HALKARA ŽURNALISTIKASY FAKULTETI
    • Biz barada
      • Administrasiýa
      • Kafedralar
        • Halkara gatnaşyklary we diplomatiýa kafedrasy
        • Halkara hukugy we deňeşdirme hukuk öwreniş kafedrasy
        • Halkara ykdysady gatnaşyklary kafedrasy
        • Žurnalistikanyň nazaryýeti we amalyýeti kafedrasy
        • Jemgyýeti öwreniş ylymlary kafedrasy
        • Dünýä dilleri kafedrasy
      • Görkezijiler
      • Туркменистан создал условия для подготовки нового поколения дипломатов
      • Biz barada
    • Okuw
      • Hünärler
      • Dalaşgärlere
    • Merkezler
      • Strategik barlaglar boýunça ylmy merkezi
      • Ýaş diplomatlaryň mekdebi
      • Sanly ulgamlar we kommunikasiýa bölümi
      • Durnukly ösüş maksatlary boýunça ylmy merkezi
        • Durnukly ösüş maksatlary boýunça geçirilen okuw sapagy
      • Parahatçylygyň ýaş çaparlary
      • Türkmenistanyň diplomatiýasynyň möhüm ugurlary boýunça okuw merkezi
        • Ulag diplomatiýasy
        • Energetika diplomatiýasy
        • Suw diplomatiýasy
        • Öňüni alyş diplomatiýasy
        • Ykdysady diplomatiýasy
      • Diplomatik protokol boýunça okuw merkezi
    • Ilçiler
    • Media
    Esasy / Çäreler / ÝAŞ HUKUKÇYLARYŇ ARASYNDA REFERAT BÄSLEŞIGI GEÇIRILDI
    ÝAŞ HUKUKÇYLARYŇ ARASYNDA REFERAT BÄSLEŞIGI GEÇIRILDI
    ÝAŞ HUKUKÇYLARYŇ ARASYNDA REFERAT BÄSLEŞIGI GEÇIRILDI
    ÝAŞ HUKUKÇYLARYŇ ARASYNDA REFERAT BÄSLEŞIGI GEÇIRILDI
    04/10/2023

    1812

    ÝAŞ HUKUKÇYLARYŇ ARASYNDA REFERAT BÄSLEŞIGI GEÇIRILDI

    Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyz özüniň ösüş derejelerini barha ýokarlandyrýar. Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň başlangyjy bilen, Türkmenistanda ýaşaýan her bir adamyň asuda, abadan durmuşyny üpjün etmek maksatly edilýän işleriň sany barha artýar. Şonuň netijesinde, her ýylyň sentýabr aýynda geçirilýän «Ýol hereketiniň howpsuzlygy — ömrümiziň rahatlygy» atly bir aýlygyň çäklerinde ýurdumyzyň görkana ýollarynda hereket howpsuzlygyny üpjün etmek boýunça wagyz-nesihat çäreleri, duşuşyklardyr maslahatlar geçirilýär. Muňa mysal edip, 2023-nji ýylyň 29-njy sentýabrynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň Halkara hukugy fakultetiniň «Ýaş hukukçylar» ylmy gurnagy tarapyndan şol fakultetiň I ýyl talyplarynyň arasynda yglan edilen «Ýol hereketiniň belgileri, Türkmenistanyň awtoýollarynda ulanylýan ýol kadalary, jerime tablisasy we beýlekiler» atly referat bäsleşiginiň jemi jemlendi.
    Bäsleşigiň Düzgünnamasyna laýyklykda, Halkara hukugy fakultetiniň I ýyl talyplary agzalan tema boýunça referatlaryň birnäçesi taýýarlap bäsleşige hödürlediler. Olardan I orna Şyhmämmet Mämmetamanow, II orna Aknabat Durdyýewa we III orna Begmuhammet Orazow mynasyp boldular.
    Bäsleşige gatnaşanlar öz çykyşlarynda ýurdumyzda hereket edýän kadalaşdyryjy hukuk namalaryň Türkmenistanda ýaşaýan ýaşaýjylaryň bähbitlerine laýyklykda kabul edilýändigi barada belläp geçdiler. Kanuna laýyklykda, ýol hereketiniň howpsuzlygyny üpjün etmek çygrynda döwlet gözegçiliginiň amala aşyrylýandygy barada, şeýle hem jemgyýetimizde ýaş nesliň abadan we rahat durmuşda ýaşamaklary üçin birnäçe kada-kanunlaryň durmuşa geçirilýändigi nygtaldy.
    Bu bir aýlygyň dowamynda ýurdumyzyň her bir künjeginde guramaçylykly we özboluşly täsirli çäreleriň, maslahatlaryň geçirilmegi bilen ýol hereketiniň düzgünleri, pyýada we sürüjiniň wezipeleri barada nygtalyp geçilmegi ösüp gelýän ýaşlar üçin edilýän tagallalaryň biridir. Asudalygyň, abadançylygyň mekany bolan ata Watanymyzda adamlaryň bagtyýar durmuşda ýaşamagy döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri hasaplanylýar.

    Maksat ATABALOW,
    Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň
    Halkara gatnaşyklary institutynyň
    Halkara hukugy fakultetiniň I ýyl talyby.

    Soňky täzelikler

    GAHRYMAN ARKADAGYMYZYŇ «HAKYDA GÖWHERI» ESERINE BAGYŞLANAN DUŞUŞYK surady

    04/06/2025

    GAHRYMAN ARKADAGYMYZYŇ «HAKYDA GÖWHERI» ESERINE BAGYŞLANAN DUŞUŞYK
    Çagalary goramagyň halkara güni mynasybetli dabara surady

    31/05/2025

    Çagalary goramagyň halkara güni mynasybetli dabara
    TÜRKMENISTANYŇ HUKUK GORAÝJY EDARALARYNYŇ IŞGÄRLERINIŇ GATNAŞMAGYNDA WAGYZ-NESIHAT DUŞUŞYGY GEÇIRILDI surady

    28/05/2025

    TÜRKMENISTANYŇ HUKUK GORAÝJY EDARALARYNYŇ IŞGÄRLERINIŇ GATNAŞMAGYNDA WAGYZ-NESIHAT DUŞUŞYGY GEÇIRILDI
    Peýdaly Salgylar
    Beýleki ýokary okuw mekdepleri
    Habarlaşmak üçin

    744000, Türkmenistan Aşgabat, Galkynyş 25

    iirmfatm@iirmfa.edu.tm, iirmfatm@sanly.tm

    +99312266155

    +99312266183

    © 2025 Haklary doly goralandyr: TDIMHGI