Logo
  • Logo
    • Ylym
      • Ylmy-barlag işleri
      • Aspirantura
      • Ylmy-amaly maslahatlar
        • HALYPA MUGALLYMYŇ GATNAŞMAGYNDA YLMY-DÖREDIJILIK MASLAHATY GEÇIRILDI
      • Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygy
        • “Magtymguly, sözüm gysga şerhi köp...” (Magtymguly barada makalalar)
        • “Magtymguly, dile dessan getirdim...” (Magtymguly barada saýtlardan jemlenen maglumatlar)
        • Magtymguly Pyragynyň goşgularynyň wideoteswiri
        • Magtymguly Pyragynyň goşgularynyň audio ýazgylar toplumy
        • Magtymguly Pyragy dünýä metbugatynda
        • Magtymguly Pyragynyň daşary ýurt dillerindäki neşirleri
        • Magtymgulynyň goşgularynyň düşündirişli sözlügi
        • "Magtymgulynyň dünýäde öwrenilişi"
      • Ylmy makalalar, tezisler we ýygyndylar
      • Ýaş alymlar geňeşi
    • Halkara hyzmatdaşlygy
      • Geçirilen duşuşyklar
        • BILIM ULGAMYNDA TÜRKMEN-ÝAPON HYZMATDAŞLYGYNA BAGYŞLANAN DUŞUŞYK
      • Saparlar
      • Ilçileriň leksiýalary
      • Halkara günler
        • BÜTINDÜNÝÄ «BRAÝL» HARPLYGYNYŇ GÜNI
      • "Parahatçylyk medeniýeti" atly ÝUNESKO kluby
        • Täsirli duşuşyk
    • Fakultetler
      • HALKARA GATNAŞYKLARY FAKULTETI
      • HALKARA HUKUGY FAKULTETI
      • HALKARA YKDYSADY GATNAŞYKLARY FAKULTETI
      • HALKARA ŽURNALISTIKASY FAKULTETI
    • Biz barada
      • Administrasiýa
      • Kafedralar
        • Halkara gatnaşyklary we diplomatiýa kafedrasy
        • Halkara hukugy we deňeşdirme hukuk öwreniş kafedrasy
        • Halkara ykdysady gatnaşyklary kafedrasy
        • Žurnalistikanyň nazaryýeti we amalyýeti kafedrasy
        • Jemgyýeti öwreniş ylymlary kafedrasy
        • Dünýä dilleri kafedrasy
      • Görkezijiler
      • Туркменистан создал условия для подготовки нового поколения дипломатов
      • Biz barada
    • Okuw
      • Hünärler
      • Dalaşgärlere
    • Merkezler
      • Strategik barlaglar boýunça ylmy merkezi
        • Взгляд на 2026 год лидеров США, России и Китая
      • Ýaş diplomatlaryň mekdebi
      • Sanly ulgamlar we kommunikasiýa bölümi
      • Durnukly ösüş maksatlary boýunça ylmy merkezi
      • Parahatçylygyň ýaş çaparlary
      • Türkmenistanyň diplomatiýasynyň möhüm ugurlary boýunça okuw merkezi
        • Ulag diplomatiýasy
        • Energetika diplomatiýasy
        • Suw diplomatiýasy
        • Öňüni alyş diplomatiýasy
        • Ykdysady diplomatiýasy
      • Diplomatik protokol boýunça okuw merkezi
    • Media
    Esasy / Ilçileriň leksiýalary / Ilçi bilen wideoaragatnaşyk arkaly duşuşyk
    Ilçi bilen wideoaragatnaşyk arkaly duşuşyk surady
    31/05/2021

    2211

    Ilçi bilen wideoaragatnaşyk arkaly duşuşyk

    Türkmenistanyň Daşary işleri ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň talyplarynyň diplomatiýa bilen bagly bilim derejesini has hem kämilleşdirmek maksady bilen, 2021-nji ýylyň 31-nji maýynda bu ýokary okuw mekdebinde Türkmenistanyň daşary ýurtlardaky diplomatik wekilhanalarynyň ýolbaşçylarynyň toplumlaýyn onlaýn sapaklarynyň ilkinjisi geçirildi. Ilkinji onlaýn sapak Türkmenistanyň Awstriýa Respublikasyndaky ilçisi Sylapberdi Nurberdiýew bilen Halkara gatnaşyklary institutynyň talyplarynyň arasynda “Türkmenistan bilen Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk guramasy bilen alnyp barylýan işler” temasyna bagyşlanyp, wideoaragatnaşyk ulgamy arkaly geçirildi.

    Duşuşygyň barşynda Türkmenistanyň ÝHHG bilen hyzmatdaşlygynyň häzirki ýagdaýy we geljegi ara alnyp maslahatlaşyldy. Hormatly ilçi guramanyň sebitde howpsuzlygy üpjün etmek, şol sanda terrorçylyga, neşe serişdeleriniň bikanun dolanyşygyna we adam söwdasyna garşy göreşmek babatynda alyp barýan işleri hakynda jikme-jik gürrüň berdi.

    Duşuşykda Türkmenistanda häzirki zaman sanly köpçülikleýin habar beriş serişdelerini ornaşdyrmak babatda bilelikdäki başlangyçlaryň we taslamalaryň ösdürilmeginde ÝHHG-niň Aşgabatdaky Merkeziniň möhüm orny beýan edildi.

    Duşuşyga gatnaşyjylar Türkmenistanyň Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk guramasy bilen gatnaşyklaryň geljekde mundan beýläk hem ösdürilmegi dogrysynda pikir alyşdylar. Duşuşyga gatnaşyjylar hyzmatdaşlygyň mundan beýläk-de berkidiljekdigine we ösdüriljekdigine ynam bildirdiler.


    Baýnazar NEPESOW,

    Türkmenistanyň Daşary işleri ministrliginiň

    Halkara gatnaşyklary institutynyň

    Halkara gatnaşyklary fakultetiniň I ýyl talyby.

    Soňky täzelikler

    ÖZBEGISTAN RESPUBLIKASYNYŇ KONSTITUSIÝA GÜNÜNE BAGYŞLANYP GEÇIRILEN TEGELEK STOL DUŞUŞYGY surady

    22/12/2025

    ÖZBEGISTAN RESPUBLIKASYNYŇ KONSTITUSIÝA GÜNÜNE BAGYŞLANYP GEÇIRILEN TEGELEK STOL DUŞUŞYGY
    Täsirli duşuşyk surady

    15/12/2025

    Täsirli duşuşyk
    IKITARAPLAÝYN HYZMATDAŞLYK HAS-DA BERKIDILÝÄR surady

    26/11/2025

    IKITARAPLAÝYN HYZMATDAŞLYK HAS-DA BERKIDILÝÄR
    Peýdaly Salgylar
    Beýleki ýokary okuw mekdepleri
    Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasy
    Habarlaşmak üçin

    744000, Türkmenistan Aşgabat, Galkynyş 25

    iirmfatm@iirmfa.edu.tm, iirmfatm@sanly.tm

    +99312266155

    +99312266183

    © 2026 Haklary doly goralandyr: TDIMHGI