1658
Hormatly Ilçi okuw sapagyny geçirdi
2025-nji ýylyň 23-nji ýanwarynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda Kanadanyň Türkmenistana täze bellenen Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi jenap Kristofer Dagga okuw sapagyny geçirdi. Bu okuw sapagyna Halkara gatnaşyklary institutynyň we Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetiniň mugallymlary hem talyplary gatnaşdy. Okuw sapagynyň dowamynda hormatly Ilçi Türkmenistan bilen Kanada döwletiniň arasyndaky syýasy-diplomatik hem-de ylym-bilim ugurlary boýunça üstünlikli alnyp barylýan hyzmatdaşlygyň aýratynlyklary barada gürrüň berdi. Şeýle-de hormatly Ilçi talyplary özüniň baý iş tejribesi bilen tanyşdyrdy.
Talyplar hormatly Ilçä özlerini gyzyklandyrýan sowallar bilen ýüzlendiler. Diplomatik gullugynyň baý tejribesine eýe bolan Ilçi özüne berlen sowallara giňişleýin jogap bermek bilen, talyplara geljekki hünär ugurlarynda ýokary derejelere eýe bolmaklaryny arzuw etdi.
Batyr ESENOW,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň
Halkara gatnaşyklary institutynyň
Halkara gatnaşyklary fakultetiniň IV ýyl talyby.
Soňky täzelikler

17/10/2025
SANLY ULGAM ARKALY WEBINAR GEÇIRILDI
16/10/2025
Güýzüň şahyryna bagyşlandy
15/10/2025
HALKARA TERJIME GÜNI MYNASYBETLI BÄSLEŞIK