02/10/2026
90
HATYRA GÜNE BAGYŞLANAN GEZELENÇ
2026-njy ýylyň 2-nji oktýabrynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň jemgyýetçilik guramalarynyň we Jemgyýeti öwreniş ykymlary kafedrasynyň bilelikde guramaklarynda “6-njy oktýabr – Hatyra güni” mynasybetli Aşgabat şäherinde ýerleşýän “Halk hakydasy” ýadygärlikler toplumyna gezelenç guraldy. Oňa institutyň mugallymlary we talyplary gatnaşdylar.
Gezelenje gatnaşyjylar taryhda Watanymyzyň asudalygy, halkymyzyň agzybirligi ugrunda janyny gurban edip, bizi şeýle eşretli durmuşa ýetiren beýik şahsyýetlerimiziň ýadygärlikleri synlanylyp, olaryň geçen şöhratly we gahrymançylykly ýollary baradaky gyzykly maglumatlar diňlenildi. Munuň özi talyp ýaşlarda watansöýüjilik, ruhubelentlik ýaly asylly häsiýetleriň kemala gelmeginde örän möhüm ähmiýete eýedir.
Paýtagtymyzyň günorta-günbatar böleginde ýerleşýän bu ýadygärlikler toplumy Watana bolan beýik söýginiň nyşany bolmak bilen gahryman halkymyzyň baky şöhratyna we edermenligine häzirki nesilleriň mukaddeslik hökmünde tagzym edýändiginiň alamatydyr.
Täsirli gezelenjiň dowamynda Watan gahrymanlarymyzy sarpalamaga we olaryň şöhratly edermenliklerini çuňňur öwrenmäge döredip berýän giň mümkinçilikleri üçin hormatly Prezidentimize çäksiz alkyşlar aýdyldy.
Elmira GYLYJOWA,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň
Halkara gatnaşyklary institutynyň
Halkara ykdysady gatnaşyklary fakultetiniň 1-nji ýyl talyby