23/05/2026
120
«HALKARA PARAHATÇYLYGY, HOWPSUZLYGY WE DURNUKLY ÖSÜŞ IŞINI GOLDAMAKDA HEM-DE BERKITMEKDE BITARAPLYK SYÝASATYNYŇ ORNY WE ÄHMIÝETI» ATLY KARARNAMANYŇ KABUL EDILMEGI MYNASYBETLI GEÇIRILEN MASLAHAT
Häzirki döwrüň möhüm meselelerini çözmäge bilelikde we işjeň gatnaşmak, ählumumy parahatçylygy we durnuklylygy pugtalandyrmak, sebit we ählumumy derejede netijeli hyzmatdaşlygy ösdürmek maksady bilen, oňyn halkara dialogyna hemmetaraplaýyn ýardam bermek Türkmenistanyň daşary syýasaty işiniň we diplomatiýasynyň strategik taýdan möhüm ugry bolup durýar. Özüniň hemişelik Bitaraplyk syýasatyna eýermek bilen Türkmenistan halkara derejesindäki forumlary, maslahatlary we gepleşikleri geçirmek ýaly başlangyçlar bilen çykyş edýär. 1992-nji ýylyň 2-nji martynda BMG-niň doly hukukly agzalygyna kabul edilen Türkmenistan, şol günden başlap, dünýä bileleşiginiň jogapkärli agzasy hökmünde ählumumy parahatçylygy, howpsuzlygy we durnukly ösüşi üpjün etmek ugrunda işjeň hem-de oňyn syýasaty alyp barýar. Bu strategik hyzmatdaşlyk diňe bir ikitaraplaýyn bähbitlere hyzmat etmän, eýsem bütin Merkezi Aziýa sebitiniň we dünýäniň abadançylygyny üpjün etmegiň möhüm guralyna öwrüldi.
Türkmenistan BMG-niň belent münberinden diňe bir sebit däl, eýsem dünýä ähmiýetli möhüm başlangyçlar bilen yzygiderli çykyş edip, şol başlangyçlaryň esasynda ençeme taryhy Kararnamalar kabul edildi. Kabul edilen Kararnamalary dünýä jemgyýetçiligine ýetirmek üçin ähli pudaklarda degerli işler alnyp barylýar. Şonuň esasynda hem 2026-njy ýylyň 23-nji maýynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda BMG-niň Baş Assambleýasynyň 80-nji sessiýasynyň 82-nji plenar mejlisinde Türkmenistanyň başlangyjy bilen “Halkara parahatçylygy, howpsuzlygy we durnukly ösüş işini goldamakda hem-de berkitmekde bitaraplyk syýasatynyň orny we ähmiýeti” atly Kararnamanyň kabul edilmegi mynasybetli maslahat geçirildi. Bu Kararnama eýýäm, Türkmenistanyň başlangyjy bilen BMG-niň münberinde ikinji gezek kabul edildi. Mälim bolşy ýaly, 2020-nji ýylyň 7-nji dekabrynda BMG-niň Baş Assambleýasynyň 75-nji mejlisinde Türkmenistanyň başlangyjy boýunça «Halkara parahatçylygy, howpsuzlygy we durnukly ösüş işini goldamakda hem-de berkitmekde bitaraplyk syýasatynyň orny we ähmiýeti» atly Kararnama biragyzdan kabul edilipdi. BMG-ä agza döwletleriň 34-isiniň awtordaşlygynda kabul edilen bu wajyp resminama bitaraplyk syýasatynyň häzirki döwürde ählumumy gün tertibinde durýan wajyp meseleleriň çözgüdinde möhüm orun eýeleýändigini tassyklaýar. Şeýle hem 2020-nji ýylyň 27-28-nji noýabrynda Yslam Hyzmatdaşlyk Guramasynyň Daşary işler ministrleriniň geňeşiniň 47-nji mejlisinde ýurdumyzyň başlangyjy boýunça “Yslam Hyzmatdaşlyk Guramasy sebitinde hem-de tutuş dünýäde halkara parahatçylygy, howpsuzlygy we durnukly ösüşi saklamakda hem-de pugtalandyrmakda bitaraplyk syýasatynyň orny” atly Kararnamanyň biragyzdan kabul edilmegi aýratyn ähmiýete eýedir.
Çäräniň öňüsyrasynda maslahata gatnaşyjylar institutyň eýwanynda ýaýbaňlandyrylan milli amaly-haşam sungatymyzyň gymmatlyklaryny, abadançylygyň, parahatçylygyň many-mazmunyny açyp görkezýän döredijilik eserlerini synladylar.
Maslahatyň açylyşynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň rektory G.Ýusupowa giriş sözi bilen çykyş etdi. Soňra bolsa maslahata gelen myhmanlaryň çykyşlary diňlenildi. Maslahatda Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň Orunbasary, Daşary işler ministri Raşid Meredowyň, Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň Parahatçylyk we bitaraplyk kafedrasynyň müdiri Aksoltan Ataýewanyň, ÝUNESKO-nyň işleri boýunça Türkmenistanyň Milli toparynyň jogapkär sekretary Çynar Rüstemowanyň, Birleşen Milletler Guramasynyň Ösüş Maksatnamasynyň Türkmenistandaky Hemişelik Wekili Narine Saakýanyň, Hytaý Halk Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi Szi Şuminiň, Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi Elizabet Ruduň, Birleşen Milletler Guramasynyň Merkezi Aziýada Öňüni alyş diplomatiýasy boýunça sebit merkeziniň Adam hukuklary boýunça geňeşçisi Armands Pupolsyň çykyşlary diňlenildi.
Çykyş edenler möhüm ählumumy we sebit meselelerini çözmekde, Durnukly ösüş maksatlaryny gazanmakda, has giň ugurlar boýunça halkara hyzmatdaşlyga adalatly we sazlaşykly çemeleşmeleri taýýarlamakda BMG-niň biziň ýurdumyza jogapkärli hem-de netijeli hyzmatdaş hökmünde garaýandygy barada aýratyn bellediler. BMG-niň Baş Assambleýasynyň 80-nji sessiýasynda «Halkara parahatçylygy, howpsuzlygy we durnukly ösüş işini goldamakda hem-de berkitmekde bitaraplyk syýasatynyň orny we ähmiýeti» atly Kararnamanyň 47 döwletiň awtordaşlygynda kabul edilmeginiň Garaşsyz Watanymyza goýulýan uly hormat-sarpany alamatlandyrýandygy, häzirki zaman şertlerinde Bitaraplygyň türkmen nusgasynyň wajyplygynyň has-da artýandygy barada şeýle-de, täze Kararnamada dürli ýyllarda ýurdumyz tarapyndan öňe sürlen başlangyçlaryň, Diýarymyzda geçirilen halkara çäreleriň ähmiýetiniň ykrar edilýändigi barada nygtadylar. Has takygy 1995-nji, 2015-nji we 2025-nji ýyllarda BMG-niň Baş Assambleýasynyň «Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygy» atly Kararnamalarynyň biragyzdan kabul edilmegi, 2023-nji ýylyň «Parahatçylygyň kepili hökmünde dialogyň halkara ýyly», 2021-nji we 2025-nji ýyllaryň «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» diýlip yglan edilmegi, «Türkmenistan — BMG» strategik maslahat beriş geňeşiniň alyp barýan işi, halkara gün tertibiniň möhüm meselelerine degişli Kararnamalaryň 30-dan gowragynyň kabul edilmegi ýurdumyzyň Milletler Bileleşiginiň ygtybarly hyzmatdaşy hökmünde belent abraýa eýedigini görkezýär. Biziň ýurdumyzyň başlangyjy boýunça 12-nji dekabryň Halkara Bitaraplyk güni hökmünde dünýä senenamasyna girizilmegi, parahatçylygyň, howpsuzlygyň we ösüşiň bähbidine Bitaraplygyň dostlary toparynyň döredilmegi hem munuň bir mysalydyr. Bu mysallar Bitaraplygyň, onuň binýatlyk kadalarynyň halkara gatnaşyklaryň tejribesinde barha ähmiýetli we möhüm ýagdaýa öwrülýändigine şaýatlyk edýär.
Maslahatyň ahyrynda «Halkara parahatçylygy, howpsuzlygy we durnukly ösüş işini goldamakda hem-de berkitmekde bitaraplyk syýasatynyň orny we ähmiýeti» atly Kararnamanyň kabul edilmegi mynasybetli geçirilen çärä gatnaşyjylaryň adyndan Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň adyna Ýüzlenme kabul edildi.
Suraý ÖWLIÝAGULYÝEWA,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň
Halkara gatnaşyklary institutynyň
Halkara gatnaşyklary we diplomatiýa kafedrasynyň mugallymy