
01/05/2025
919
HALKARA INTELLEKTUAL EÝEÇILIK HUKUGYNYŇ ÖSÜŞ TARYHY WE HÄZIRKI ÝAGDAÝY
Döredijilik işi adamzadyň durmuşynda elmydama hereketde bolup, bu iş belli
netijelere, täze oýlap tapyşlara alyp barýar. Adamy pikirlenmäge we döretmäge
mejbur edip bolmaýar. Döredijiligiň netijesi obýektiw görnüşe eýe bolan badyna
kanuny kadalar güýje girýär. Bu netijäniň jemgyýet tarapyndan ykrar edilmegini
üpjün edip, degişli obýektiň düzgünini we döredijiniň hukuklaryny, kanuny
bähbitlerini goramak üçin kanuny esas döredilýär. Intellektual işiň netijeleri diňe
beýleki adamlar tarapyndan düşünilmegini üpjün edýän käbir obýektiw görnüşe
geçenlerinde kanuny gatnaşyklaryň obýektlerine öwrülip biler. Şeýlelik bilen,
awtorlyk hukugynyň goraglylygynyň berilmegi üçin awtoryň pikiriniň ol ýa-da
beýleki görnüşinde daşarky aňlatmasy, hökmany esasy bolmalydyr.
Halkara derejesinde intellektual eýeçilik hukuklarynyň goralmagyna bolan
isleg XVIII asyryň ahyryndan başlap ýüze çykýar. Ilkinji möhüm ädim hökmünde
1883-nji ýylda baglaşylan patentleriň, haryt bellikleriniň we senagat dizaýnlarynyň
halkara derejesinde goralmagyny maksat edinen Senagat eýeçiligi hakynda Pariž
Konwensiýasyny hem-de 1886-njy ýylda kabul edilen Awtorlyk hukuklaryny
goramak hakyndaky Bern Konwensiýasyny görkezmek bolar.
XX asyryň dowamynda bu ugurda täze halkara guramalar hem döredildi.
1967-nji ýylda kabul edilen Bütindünýä intellektual eýeçilik guramasy (WIPO)
halkara derejesinde bu hukuklary ösdürmek we wagyz etmek boýunça möhüm
gurama öwrüldi.
1994-nji ýylda döredilen TRIPS Ylalaşygy (Haryt söwdasy bilen
baglanyşykly intellektual eýeçilik hukuklary) dünýä söwda ulgamyna intellektual
hukuk goragynyň täze standartlaryny ornaşdyrdy. TRIPS häzirki wagtda dünýäniň
iň täsirli halkara resminamalarynyň biridir.
Halkara intellektual eýeçilik hukuklarynyň esasy ýörelgeleri bolup, onda
esasy prinsipler hereket edýär:
- Milli režim — ýurduň çägindäki daşary ýurt raýatlary ýerli raýatlaryňky
ýaly hukukdan peýdalanmaly;
-Minimal standartlar — halkara şertnamalary intellektual eýeçilik
goragynyň minimal talaplaryny kesgitleýär;
-Deňlik ýörelgesi — ähli gatnaşyjylar deň şertlerde hukuklardan
peýdalanmaly.
Bu ýörelgeler halkara şertnamalarynyň esasyny düzýär we ýurtlaryň öz
kanunçylyklarynda şol standartlara laýyk gelmegini talap edýär.
Häzirki wagtda sanly tehnologiýalaryň ösmegi bilen HIEH-da täze
kynçylyklaryň ýüze çykýandygyny bellemek zerur:
-Sanly piratçylyk — häzirki wagtda internet arkaly eserleriň rugsatsyz
ýaýradylmagy barha artdy;
-Emeli aň (AI) tarapyndan döredilen eserleriň hukuk ýagdaýy — AI
döredijiligi baradaky hukuk meseleler entek doly ýagdaýda çözülen däldir;
-Genetiki maglumatlara eýeçilik — biotehnologiýada genetik
maglumatlaryň kim tarapyndan we nähili ýagdaýda eýeçilik edilýändigi
hakynda halkara derejesinde jedellere häli-häzirlerem duş gelinýär.
Şeýlelikde, häzirki zaman ösüşi intellektual eýeçilik ulgamynda täze hukuk
çözgütlerini talap edýär. Geljekde HIEH ulgamynyň birnäçe ugurlarda ösmegine
garaşylýar. Ýagny sanly maglumatlaryň we AI döredijiliginiň hukuk taýdan
düzgünleşdirilmegini, ýurtlaryň arasyndaky maglumat alyş-çalşygynyň hukuk
esaslarynyň has-da kämilleşdirilmegini, global hyzmatdaşlygyň güýçlendirilmegi,
aýratyn hem, ösüp barýan ýurtlaryň hukuk ulgamyny güýçlendirmek we.ş.m.
Bütindünýä intellektual eýeçilik guramasy (WIPO) tarapyndan dürli täze
başlangyçlar durmuşa geçirilýär. Mysal üçin, sanly platformalar arkaly hukuk
goraglaryny has netijeli amala aşyrmak boýunça taslamalar durmuşa geçirilýär.
Halkara intellektual eýeçilik hukugy häzirki zaman ykdysadyýetiniň we
medeniýetiň aýrylmaz bölegi bolup, onuň ösüşi halkara hyzmatdaşlygynyň
netijesinde amala aşyryldy.
Türkmenistan halkara gatnaşyklarynyň subýekti hökmünde Bütindünýä
intellektual eýeçilik guramasy bilen işjeň gatnaşyklary alyp barýar. Biziň
ýurdumyz Bütindünýä intellektual eýeçiligi guramasyna 1995-nji ýylda agza
bolup, degişli konwensiýa goşuldy. Milli intellektual eýeçilik ulgamy döredilenden
bäri senagat eýeçiligi ugrunda Türkmenistanyň halkara patent ulgamyna
goşulmagyna mümkinçilik berýän halkara hyzmatdaşlygy esasynda möhüm ädim
ädildi. Häzirki wagtda Türkmenistan intellektual eýeçilik hukugyny goramak
çygrynda birnäçe halkara konwensiýalara, şertnamalara we ylalaşyklara goşuldy.
Ýurdumyzda bu ulgamdaky kanunçylygy halkara hukuk kadalaryna laýyk
getirmek maksady bilen birnäçe işler alnyp barylýar we dünýäde senagat
eýeçiliginiň obýektleriniň hukuk goragy boýunça kämil tejribeler toplanyp,
durnukly ýagdaýa eýe bolan kadaly düzgünler herekete girizilýär.
Oraz NURLYÝEW,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň
Halkara gatnaşyklary institutynyň
Halkara hukugy fakultetiniň talyby.