
01/05/2025
917
HALKARA INTELLEKTUAL EÝEÇILIK HUKUGYNYŇ ÖSÜŞ TARYHY WE HÄZIRKI ÝAGDAÝY
Döredijilik işi adamzadyň durmuşynda elmydama hereketde bolup, bu iş belli netijelere, täze oýlap tapyşlara alyp barýar. Adamy pikirlenmäge we döretmäge mejbur edip bolmaýar. Döredijiligiň netijesi obýektiw görnüşe eýe bolan badyna kanuny kadalar güýje girýär. Bu netijäniň jemgyýet tarapyndan ykrar edilmegini üpjün edip, degişli obýektiň düzgünini we döredijiniň hukuklaryny, kanuny bähbitlerini goramak üçin kanuny esas döredilýär. Intellektual işiň netijeleri diňe beýleki adamlar tarapyndan düşünilmegini üpjün edýän käbir obýektiw görnüşe geçenlerinde kanuny gatnaşyklaryň obýektlerine öwrülip biler. Şeýlelik bilen, awtorlyk hukugynyň goraglylygynyň berilmegi üçin awtoryň pikiriniň ol ýa-da beýleki görnüşinde daşarky aňlatmasy, hökmany esasy bolmalydyr.
Halkara derejesinde intellektual eýeçilik hukuklarynyň goralmagyna bolan isleg XVIII asyryň ahyryndan başlap ýüze çykýar. Ilkinji möhüm ädim hökmünde 1883-nji ýylda baglaşylan patentleriň, haryt bellikleriniň we senagat dizaýnlarynyň halkara derejesinde goralmagyny maksat edinen Senagat eýeçiligi hakynda Pariž Konwensiýasyny hem-de 1886-njy ýylda kabul edilen Awtorlyk hukuklaryny goramak hakyndaky Bern Konwensiýasyny görkezmek bolar.
XX asyryň dowamynda bu ugurda täze halkara guramalar hem döredildi. 1967-nji ýylda kabul edilen Bütindünýä intellektual eýeçilik guramasy (WIPO) halkara derejesinde bu hukuklary ösdürmek we wagyz etmek boýunça möhüm gurama öwrüldi.
1994-nji ýylda döredilen TRIPS Ylalaşygy (Haryt söwdasy bilen baglanyşykly intellektual eýeçilik hukuklary) dünýä söwda ulgamyna intellektual hukuk goragynyň täze standartlaryny ornaşdyrdy. TRIPS häzirki wagtda dünýäniň iň täsirli halkara resminamalarynyň biridir.
Halkara intellektual eýeçilik hukuklarynyň esasy ýörelgeleri bolup, onda esasy prinsipler hereket edýär:
- Milli režim — ýurduň çägindäki daşary ýurt raýatlary ýerli raýatlaryňky ýaly hukukdan peýdalanmaly;
-Minimal standartlar — halkara şertnamalary intellektual eýeçilik goragynyň minimal talaplaryny kesgitleýär;
-Deňlik ýörelgesi — ähli gatnaşyjylar deň şertlerde hukuklardan peýdalanmaly. Bu ýörelgeler halkara şertnamalarynyň esasyny düzýär we ýurtlaryň öz kanunçylyklarynda şol standartlara laýyk gelmegini talap edýär.
Häzirki wagtda sanly tehnologiýalaryň ösmegi bilen HIEH-da täze kynçylyklaryň ýüze çykýandygyny bellemek zerur:
-Sanly piratçylyk — häzirki wagtda internet arkaly eserleriň rugsatsyz ýaýradylmagy barha artdy;
-Emeli aň (AI) tarapyndan döredilen eserleriň hukuk ýagdaýy — AI döredijiligi baradaky hukuk meseleler entek doly ýagdaýda çözülen däldir;
-Genetiki maglumatlara eýeçilik — biotehnologiýada genetik maglumatlaryň kim tarapyndan we nähili ýagdaýda eýeçilik edilýändigi hakynda halkara derejesinde jedellere häli-häzirlerem duş gelinýär. Şeýlelikde, häzirki zaman ösüşi intellektual eýeçilik ulgamynda täze hukuk çözgütlerini talap edýär. Geljekde HIEH ulgamynyň birnäçe ugurlarda ösmegine garaşylýar. Ýagny sanly maglumatlaryň we AI döredijiliginiň hukuk taýdan düzgünleşdirilmegini, ýurtlaryň arasyndaky maglumat alyş-çalşygynyň hukuk esaslarynyň has-da kämilleşdirilmegini, global hyzmatdaşlygyň güýçlendirilmegi, aýratyn hem, ösüp barýan ýurtlaryň hukuk ulgamyny güýçlendirmek we.ş.m.
Bütindünýä intellektual eýeçilik guramasy (WIPO) tarapyndan dürli täze başlangyçlar durmuşa geçirilýär. Mysal üçin, sanly platformalar arkaly hukuk goraglaryny has netijeli amala aşyrmak boýunça taslamalar durmuşa geçirilýär. Halkara intellektual eýeçilik hukugy häzirki zaman ykdysadyýetiniň we medeniýetiň aýrylmaz bölegi bolup, onuň ösüşi halkara hyzmatdaşlygynyň netijesinde amala aşyryldy.
Türkmenistan halkara gatnaşyklarynyň subýekti hökmünde Bütindünýä intellektual eýeçilik guramasy bilen işjeň gatnaşyklary alyp barýar. Biziň ýurdumyz Bütindünýä intellektual eýeçiligi guramasyna 1995-nji ýylda agza bolup, degişli konwensiýa goşuldy. Milli intellektual eýeçilik ulgamy döredilenden bäri senagat eýeçiligi ugrunda Türkmenistanyň halkara patent ulgamyna goşulmagyna mümkinçilik berýän halkara hyzmatdaşlygy esasynda möhüm ädim ädildi. Häzirki wagtda Türkmenistan intellektual eýeçilik hukugyny goramak çygrynda birnäçe halkara konwensiýalara, şertnamalara we ylalaşyklara goşuldy. Ýurdumyzda bu ulgamdaky kanunçylygy halkara hukuk kadalaryna laýyk getirmek maksady bilen birnäçe işler alnyp barylýar we dünýäde senagat eýeçiliginiň obýektleriniň hukuk goragy boýunça kämil tejribeler toplanyp, durnukly ýagdaýa eýe bolan kadaly düzgünler herekete girizilýär.
Oraz NURLYÝEW,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň
Halkara gatnaşyklary institutynyň
Halkara hukugy fakultetiniň talyby.