Logo
  • Logo
    • Ylym
      • Ylmy-barlag işleri
      • Aspirantura
      • Ylmy-amaly maslahatlar
      • Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygy
        • “Magtymguly, sözüm gysga şerhi köp...” (Magtymguly barada makalalar)
        • “Magtymguly, dile dessan getirdim...” (Magtymguly barada saýtlardan jemlenen maglumatlar)
        • Magtymguly Pyragynyň goşgularynyň wideoteswiri
        • Magtymguly Pyragynyň goşgularynyň audio ýazgylar toplumy
        • Magtymguly Pyragy dünýä metbugatynda
        • Magtymguly Pyragynyň daşary ýurt dillerindäki neşirleri
        • Magtymgulynyň goşgularynyň düşündirişli sözlügi
        • "Magtymgulynyň dünýäde öwrenilişi"
      • Ylmy makalalar, tezisler we ýygyndylar
      • Ýaş alymlar geňeşi
    • Halkara hyzmatdaşlygy
      • Geçirilen duşuşyklar
      • Saparlar
        • “BIR GUŞAK, BIR ÝOL” BAŞLANGYJYNY DURMUŞA GEÇIRMEGIŇ ÇÄKLERINDE HARBIN TEHNOLOGIÝALAR INSTITUTYNDA GEÇIRILEN HALKARA YLMY MASLAHATY
      • Ilçileriň leksiýalary
        • IKITARAPLAÝYN HYZMATDAŞLYK HAS-DA BERKIDILÝÄR
      • Halkara günler
        • MAÝYPLYGY BOLAN ADAMLARYŇ HALKARA GÜNI
      • "Parahatçylyk medeniýeti" atly ÝUNESKO kluby
    • Fakultetler
      • HALKARA GATNAŞYKLARY FAKULTETI
      • HALKARA HUKUGY FAKULTETI
      • HALKARA YKDYSADY GATNAŞYKLARY FAKULTETI
      • HALKARA ŽURNALISTIKASY FAKULTETI
    • Biz barada
      • Administrasiýa
      • Kafedralar
        • Halkara gatnaşyklary we diplomatiýa kafedrasy
        • Halkara hukugy we deňeşdirme hukuk öwreniş kafedrasy
        • Halkara ykdysady gatnaşyklary kafedrasy
        • Žurnalistikanyň nazaryýeti we amalyýeti kafedrasy
        • Jemgyýeti öwreniş ylymlary kafedrasy
        • Dünýä dilleri kafedrasy
      • Görkezijiler
      • Туркменистан создал условия для подготовки нового поколения дипломатов
      • Biz barada
    • Okuw
      • Hünärler
      • Dalaşgärlere
    • Merkezler
      • Strategik barlaglar boýunça ylmy merkezi
      • Ýaş diplomatlaryň mekdebi
        • ÝAŞ DIPLOMATLAR MEKDEBINIŇ AGZALARY BILEN OKUW SAPAGY GEÇIRILDI
      • Sanly ulgamlar we kommunikasiýa bölümi
      • Durnukly ösüş maksatlary boýunça ylmy merkezi
        • Halypa diplomat bilen açyk sapak geçirildi
      • Parahatçylygyň ýaş çaparlary
      • Türkmenistanyň diplomatiýasynyň möhüm ugurlary boýunça okuw merkezi
        • Ulag diplomatiýasy
        • Energetika diplomatiýasy
        • Suw diplomatiýasy
        • Öňüni alyş diplomatiýasy
        • Ykdysady diplomatiýasy
      • Diplomatik protokol boýunça okuw merkezi
    • Ilçiler
    • Media
    Esasy / Makalalar / Ýokary hünär taýýarlygy tejribeden başlanýar
    Ýokary hünär taýýarlygy tejribeden başlanýar
    Ýokary hünär taýýarlygy tejribeden başlanýar
    Ýokary hünär taýýarlygy tejribeden başlanýar
    Ýokary hünär taýýarlygy tejribeden başlanýar
    Ýokary hünär taýýarlygy tejribeden başlanýar
    02/12/2025

    244

    Ýokary hünär taýýarlygy tejribeden başlanýar

    Diplomatik iş nazaryýet bilimlerinden başga-da, uly tejribäni, ýörite endikleri, ýokary hünär taýýarlygyny talap edýär. Şunda halkara tejribä möhüm orun degişli bolup, halkaraçy hünärmenleriň amaly taýdan hem bilimleriniň kämilleşdirilmegine aýratyn üns berilýär. Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiz: «Halkara hyzmatdaşlykda Türkmenistanyň uzak möhletleýin geljegini göz öňünde tutup, ýurdumyzyň daşary syýasat strategiýasynyň yzygiderliligini üpjün etmek barada alada edip, doly derejeli halkara diplomatik mekdebi emele getirmek maksady bilen, Halkara gatnaşyklary instituty döredildi. Bu ýokary okuw mekdebi biziň daşary syýasat gullugymyz üçin hünärmenleri taýýarlamakda esasy merkez bolup durýar» diýip belleýär. Halkara tejribäniň kämilligiňi artdyrmakdaky ähmiýetine ýurdumyzyň daşary ýurtlardaky diplomatik wekilhanalarynda hem-de konsullyk edaralarynda şu ýylyň sentýabr ― noýabr aýlarynda 12 hepdelik önümçilik tejribeligini geçip gelen Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň talyplary bilen söhbetdeş bolanymyzda has-da aýdyň göz ýetirdik. Biz hem olaryň käbirleriniň ýürek buýsançlaryny okyjylarymyza ýetirmegi makul bildik.
    Annaberdi KAŞAŇOW,
    halkara žurnalistikasy fakultetiniň 5-nji ýyl talyby:
    — Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy bilen 2013-nji ýyldan bäri institutymyzyň 5-nji ýyl talyplary döwletimiziň daşary ýurtlardaky diplomatik wekilhanalarynda hem-de konsullyk edaralarynda 12 hepdelik önümçilik tejribeligini geçýärler. Meniň hem Türkmenistanyň Eýran Yslam Respublikasyndaky (Maşat ş.) Baş konsullygynda önümçilik tejribeligini geçmegim talyplyk durmuşymda ýatdan çykmajak wakalaryň biri boldy. Tejribelik döwründe nazary bilimlerimizi çuňlaşdyrdyk, amaly endiklerimizi kämilleşdirdik, diplomatik işiň käbir inçe tilsimlerini ele aldyk. Şeýle hem institutymyzyň «Ýaş diplomatyň sesi» elektron gazetinde, resmi internet saýtlarynda türkmen-eýran gatnaşyklarynyň ýokary derejesini, önümçilik tejribeligimiziň ähmiýetini şöhlelendirýän makalalar bilen çykyş etdik. Hünär bilimimizi kämilleşdirmek üçin bize şeýle ajaýyp mümkinçilikleriň döredilmegi Gahryman Arkadagymyzyň hem-de hormatly Prezidentimiziň ýaşlara bildirýän uly ynamynyň, döwlet derejesindäki tagallalarynyň miwesidir.

    Oguljahan JOBBOROWA,
    halkara hukugy fakultetiniň 5-nji ýyl talyby:
    — 2025-nji ýylyň bütin dünýäde «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» diýlip yglan edilmegi biz — geljekki halkaraçy hünärmenleri has-da buýsandyrýar. Bu taryhy ýylda Türkmenistanyň Gazagystan Respublikasyndaky (Astana ş.) ilçihanasynda geçen önümçilik tejribeligimiz ýatda galyjy pursatlara baý boldy. Ilçihanadaky halypa hünärmenleriň maslahatlary bize uly goldaw berdi. Biz syýasy maglumatlary seljermegi öwrenip, dostlukly döwletiň çäginde ýerleşýän daşary ýurt ilçihanalaryndan we Gazagystanyň Daşary işler ministrliginden gelýän ylalaşyklaryň, teswirnamalaryň, ähtnamalaryň, gutlaglaryňdyr çakylyk hatlarynyň nota esasynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrligine we degişli edaralara ýetirilişi bilen ýakyndan tanyşdyk. Elbetde, bu işler saýlan hünärimiz boýunça alan bilimlerimizi tejribe esasynda berkitmekde möhüm ähmiýete eýedir. Biz — ýaşlara ähli mümkinçilikleri döredip berýän Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň alyp barýan beýik işleri elmydama rowaçlyklara beslensin!

    Aýşat AŞYROWA,
    halkara gatnaşyklary fakultetiniň 5-nji ýyl talyby:
    — Önümçilik tejribeligini Türkmenistanyň Täjigistan Respublikasyndaky (Duşenbe ş.) ilçihanasynda geçmek bagty miýesser etdi. Tejribelik döwrümizde diplomatik wekilhananyň alyp barýan işleri, türkmen-täjik gatnaşyklarynyň binýatlyk esaslary, şeýle hem ýurdumyzyň parahatsöýüjilik ýörelgelerine esaslanan daşary syýasat strategiýasynyň möhüm ugurlary bilen giňişleýin tanyşdyk. Şunda hormatly Prezidentimiziň «Merkezi Aziýa — Russiýa» ikinji sammitine we Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň döwlet Baştutanlarynyň Geňeşiniň nobatdaky mejlisine gatnaşmak üçin Täjigistan Respublikasyna amala aşyran iş saparynyň guramaçylyk-taýýarlyk işlerine gatnaşmagymyz möhüm waka boldy. Şeýle hem Duşenbe şäheriniň Milli kitaphanasynda Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly, hemişelik Bitaraplygymyzyň 30 ýyllygy hem-de BMG-niň 80 ýyllygy mynasybetli guralan «Ýaşlar dialogy» atly çäräniň protokol işlerine hem ýakyndan ýardam berdik. Döredilýän şeýle ajaýyp şertler biz — ýaşlaryň ukyp-başarnyklarymyzy kämilleşdirmegimiz üçin örän möhüm ähmiýete eýedir.

    Ýupar EGIRJÄÝEWA,
    halkara ykdysady gatnaşyklary fakultetiniň 5-nji ýyl talyby:
    — Tejribe hemme ýerde, hemme işde gerek, aýratyn-da, diplomatik ulgamda bu has hem möhüm. Şoňa görä-de, talyplygymyzyň soňky ýylyndaky önümçilik tejribeligini Türkmenistanyň Özbegistan Respublikasyndaky (Daşkent ş.) ilçihanasynda geçmek bagtynyň miýesser etmegi buýsançly ýagdaýdyr. Tejribeligiň dowamynda biz dostlukly ýurtda geçirilen uly çärelere gatnaşyp, ilçihananyň guramaçylyk işlerine ýardam berdik. Hususan-da, ýurdumyzyň Özbegistandaky Medeniýet günleri, Samarkant şäherinde geçirilen ÝUNESKO-nyň Baş konferensiýasynyň 43-nji mejlisi, Merkezi Aziýa döwletleriniň Baştutanlarynyň ýedinji konsultatiw duşuşygy möhüm ähmiýetli wakalar boldy. Hormatly Prezidentimiziň 16-17-nji noýabrda Özbegistana döwlet saparyny amala aşyrmagy hem-de Özbegistanyň «Ýokary derejeli dostluk» (Oliý Darajali Dustlik) ordeni bilen sylaglanmagy bizi has-da buýsandyrdy. Täze taryhy döwrümizde beýik işleri durmuşa geçirýän Milli Liderimiziň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, belent başlary aman bolsun!

    Taýýarlan Atamyrat ÝAZWELIÝEW,
    Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň
    Halkara gatnaşyklary institutynyň talyby,
    «Nesil».
    Çeşme: «Nesil» gazeti, 02.12.2025ý. https://www.turkmenmetbugat.gov.tm/tk/newspapers/7/articles/217270

    Soňky täzelikler

    INTERNATIONAL VOLUNTEER DAY surady

    03/12/2025

    INTERNATIONAL VOLUNTEER DAY
    Türkmenistan bilen BMG-¬niň strategik hyzmatdaşlygy surady

    29/11/2025

    Türkmenistan bilen BMG-¬niň strategik hyzmatdaşlygy
    Türkmenistan ― Gazagystan: hoşniýetli goňşuçylyk, netijeli hyzmatdaşlyk surady

    28/11/2025

    Türkmenistan ― Gazagystan: hoşniýetli goňşuçylyk, netijeli hyzmatdaşlyk
    Peýdaly Salgylar
    Beýleki ýokary okuw mekdepleri
    Habarlaşmak üçin

    744000, Türkmenistan Aşgabat, Galkynyş 25

    iirmfatm@iirmfa.edu.tm, iirmfatm@sanly.tm

    +99312266155

    +99312266183

    © 2025 Haklary doly goralandyr: TDIMHGI