Logo
  • Logo
    • Ylym
      • Ylmy-barlag işleri
      • Aspirantura
      • Ylmy-amaly maslahatlar
      • Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygy
        • “Magtymguly, sözüm gysga şerhi köp...” (Magtymguly barada makalalar)
        • “Magtymguly, dile dessan getirdim...” (Magtymguly barada saýtlardan jemlenen maglumatlar)
        • Magtymguly Pyragynyň goşgularynyň wideoteswiri
        • Magtymguly Pyragynyň goşgularynyň audio ýazgylar toplumy
        • Magtymguly Pyragy dünýä metbugatynda
        • Magtymguly Pyragynyň daşary ýurt dillerindäki neşirleri
        • Magtymgulynyň goşgularynyň düşündirişli sözlügi
        • "Magtymgulynyň dünýäde öwrenilişi"
      • Ylmy makalalar, tezisler we ýygyndylar
      • Ýaş alymlar geňeşi
        • BÄSLEŞIKLERIŇ JEMLERI JEMLENDI
    • Halkara hyzmatdaşlygy
      • Geçirilen duşuşyklar
      • Saparlar
      • Ilçileriň leksiýalary
        • ZIMBABWE RESPUBLIKASYNYŇ WEKILLERI BILEN GEÇIRILEN OKUW SAPAGY
      • Halkara günler
      • "Parahatçylyk medeniýeti" atly ÝUNESKO kluby
    • Fakultetler
      • HALKARA GATNAŞYKLARY FAKULTETI
      • HALKARA HUKUGY FAKULTETI
      • HALKARA YKDYSADY GATNAŞYKLARY FAKULTETI
      • HALKARA ŽURNALISTIKASY FAKULTETI
    • Biz barada
      • Administrasiýa
      • Kafedralar
        • Halkara gatnaşyklary we diplomatiýa kafedrasy
        • Halkara hukugy we deňeşdirme hukuk öwreniş kafedrasy
        • Halkara ykdysady gatnaşyklary kafedrasy
        • Žurnalistikanyň nazaryýeti we amalyýeti kafedrasy
        • Jemgyýeti öwreniş ylymlary kafedrasy
        • Dünýä dilleri kafedrasy
      • Görkezijiler
      • Туркменистан создал условия для подготовки нового поколения дипломатов
      • Biz barada
    • Okuw
      • Hünärler
      • Dalaşgärlere
    • Merkezler
      • Strategik barlaglar boýunça ylmy merkezi
      • Ýaş diplomatlaryň mekdebi
      • Sanly ulgamlar we kommunikasiýa bölümi
      • Durnukly ösüş maksatlary boýunça ylmy merkezi
        • INSTITUTYŇ TALYPLARY ÜÇIN ADAM HUKUKLARY BOÝUNÇA TEMATIK OKUW SAPAKLARY
      • Parahatçylygyň ýaş çaparlary
        • «PARAHATÇYLYGYŇ ÝAŞ ÇAPARLARY»: V MÖWSÜMIŇ V SAÝLAMA OÝNY
      • Türkmenistanyň diplomatiýasynyň möhüm ugurlary boýunça okuw merkezi
        • Ulag diplomatiýasy
        • Energetika diplomatiýasy
        • Suw diplomatiýasy
        • Öňüni alyş diplomatiýasy
        • Ykdysady diplomatiýasy
      • Diplomatik protokol boýunça okuw merkezi
        • «DIPLOMATIK PROTOKOL» ATLY ÝÖRITELEŞDIRILEN OKUW MERKEZINIŇ DIŇLEÝJILERINE ŞAHADATNAMALAR GOWŞURYLDY
    • Media
    Esasy / Bildirişler / Geografiýa we Ekologiýa derslerinden bäsleşik
    Geografiýa we Ekologiýa derslerinden bäsleşik
    Geografiýa we Ekologiýa derslerinden bäsleşik
    06/03/2026

    146

    Geografiýa we Ekologiýa derslerinden bäsleşik

    Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň Halkara gatnaşyklary we diplomatiýa kafedrasynyň guramagynda Zyňyndysyz dünýä üçin halkara güni mynasybetli orta okuw mekdepleriniň uçurym synp okuwçylarynyň arasynda Geografiýa we Ekologiýa derslerinden bäsleşigiň DÜZGÜNNAMASY
    Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň her güni şanly wakalara beslenýär. Hormatly Prezidentimiziň ýolbaşçylygynda baky Bitaraplygy, parahatsöýüjiligi, abadançylygy, hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklaryny ýörelge edinýän Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan döwletimiz barha belent sepgitlere ýetýär. Hormatly Prezidentimiziň, Gahryman Arkadagymyzyň tagallalary bilen döwrebap bilim almak üçin ähli mümkinçilikler döredilýär.
    Türkmen halky öz şöhratly taryhynyň dowamynda parahat ýaşamagy, goňşy döwletler bilen hoşniýetli gatnaşyklary ýola goýmagy asyrlar boýy özüne ýörelge edinip geldi. Parahatçylyk – bu ähli ösüşleriň gözbaşy. Ýurtda parahatçylygyň, asudalygyň üpjün edilmegi bilen halkyň durmuş bagtyýarlygy gazanylýar, yhlasly zähmet çekmäge, okamaga giň ýol açylýar. Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan döwletimiziň daşary syýasaty öňi bilen hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklaryna esaslanýar. Bitaraplyk ilkinji nobatda halklaryň parahatsöýüjilikli häsiyetiniň, özara deňhukukly we ylalaşykly ýaşamaga çalyşmagynyň beýanydyr.
    Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň beren döwlet ähmiýetli tabşyryklaryndan gelip çykýan wezipelerden ugur alyp, Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary instituty tarapyndan ylymly-bilimli, giň dünýägaraýyşly we zehinli ýaşlary ýüze çykarmak maksady bilen, 2026-njy ýylyň «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» diýip yglan edilmegi mynasybetli ýurdumyzyň umumybilim berýän orta okuw mekdepleriniň uçurym synp okuwçylarynyň arasynda Geografiýa we Ekologiýa derslerinden bäsleşigi geçirmek boýunça Düzgünnama işlenilip taýýarlanyldy.
    I. Bäsleşigiň maksady:
    1.1. «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ýylynda Türkmenistanda tebigy bilimleri giňişleýin öwrenmäge, bu ugurda umumybilim berýän orta okuw mekdepleriniň uçurym synplarynyň arasynda halkara ýagdaýlary öwrenmekden, dürli ugurlar boýunça umumy düşünjelerini artdyrmakdan, şeýle-de zehinli ýaşlary ýüze çykarmakdan;
    1.2. Umumybilim berýän orta okuw mekdepleriniň okuwçylarynyň arasynda bilim ulgamynda gatnaşyklary has-da ösdürmekden we okuwçylaryň bilimlerini kämilleşdirmekden;
    1.3. Mekdep okuwçylarynyň ylym-bilimlerini, ukyp-başarnyklaryny açyp görkezmekden, olaryň aň we logiki taýdan pikirlenişlerini, dünýägaraýyşlaryny artdyrmakdan ybarat.
    II. Bäsleşigiň geçiş tertibi:
    2.1. Bäsleşigiň guramaçysy bolup, Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň Halkara gatnaşyklary we diplomatiýa kafedrasy çykyş edýär.
    2.2. Bäsleşigiň soraglary we guramaçylyk işleri Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň wekillerinden ybarat bolan Guramaçylyk topar tarapyndan kesgitleniler.
    2.3. Bäsleşik 2026-njy ýylyň 30-njy martynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda geçiriler.
    2.4. Bu bäsleşige Institutyň umumybilim berýän hyzmatdaş orta okuw mekdepleriniň hersinden 6 sany uçurym synp okuwçysyndan ybarat bolan 1 topar gatnaşyp biler.
    2.5. Bäsleşik iňlis we rus dillerinde geçiriler.
    2.6. Bäsleşigiň tapgyrlary alyp baryjy tarapyndan berlen soraglara kesgitlenen wagtda jogap bermek arkaly geçiriler (her soraga 1 minut wagt berilýär). Ýagny, bäsleşik 3 tapgyr bolup, jemi 36 soragdan ybarat bolar (her tapgyr 12 soragdan ybarat).
    2.7. Bäsleşigiň 1-nji tapgyrynda okuwçylar dünýä döwletleriniň paýtagt şäherleri bilen bagly soraglara jogap bererler. 2-nji tapgyr dünýä döwletleriniň baýdaklary bilen bagly bolar. Soňky 3-nji tapgyrda bolsa okuwçylara Ekologiýa bilen bagly umumy soraglar berler.
    2.8. Bäsleşikde her toparyň özüniň ady bolmaly (Meselem: 140-njy orta mekdep, Altyn asyr, Köpetdag...).
    2.9. Bäsleşikde iň köp utuk gazanan mekdep okuwçylar topary emin agzalarynyň gelen kararlary esasynda degişlilikde I, II, III orunlar bilen sylaglanar.
    III. Bäsleşigiň düzgünleri:
    3.1. Bäsleşige her mekdepden 6 sany uçurym mekdep okuwçysyndan ybarat 1 topar gatnaşyp biler.
    3.2. Bäsleşikde öýjükli telefonlardan, akylly sagatlardan, emeli aňyň mümkinçiliklerinden ýa-da degişlilikde bäsleşik bilen bagly edebiýatlardan peýdalanmak gadagan. Düzgüni bozan topardan degişlilikde jerime hökmünde 1 utuk aýrylar. Eger-de şeýle ýagdaý yzygiderli dowam etse onda bu topar bäsleşikden çykarylar.
    3.3. Bäsleşik 36 sany soragdan ybarat bolup her soraga ýazmaça görnüşde rus we iňlis dillerinde diňe 1 jogap bermeli. Bäsleşigiň öňüsyrasynda her topara soraglar yzygiderligi bellenilen jogap kagyzlary berler. Jogaplary diňe jogap kagyzyna bellemeli we meýletinçi talyba wagt tamamlanýança gowşurmaly. Wagt tamamlanandan soň berlen jogap kagyzlary alynmaz we toparyň jogaby kabul edilmez.
    3.4. Bäsleşikde her soraga jogap bermek üçin 1 minut (60 sekunt) wagt berler.
    3.5. Jogap kagyzlaryny garalamak, ýyrtmak, ýa-da başga kagyza jogap ýazmak bolmaýar. Her soraga diňe 1 jogap ýazmaly. Iki we ondan köp jogap bolsa soragyň jogaby kabul edilmeýär.
    3.6. Bäsleşigiň düzgünlerini ýerine ýetirmedik ýa-da bozan topar bäsleşikden çetleşdirilýär.
    3.7. Bäsleşige gatnaşjak topar agzalarynyň sanawyny 2026-njy ýylyň 23-nji martyna çenli rahimakmuradov7@gmail.com e-mail salgysyna ugratmaly.
    IV. Bäsleşigiň ýeňijilerini kesgitlemegiň tertibi:
    4.1. Bäsleşigiň ýeňijileri Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň Eminler topary tarapyndan kesgitleniler.
    4.2. Bäsleşigiň ýeňijileri bolan I, II, III orna mynasyp bolan toparlar degişlilikde Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň adyndan Diplomlar we sowgatlar bilen sylaglanarlar.
    Maglumatnama nusga:

    t/bFamiliýasy, ady we atasynyň adySuratyDoglan ýylyMekdebi (welaýat, şäher, etrap)SynpyEl telefon belgisiElektron poçtasy
    1Ataýew Ata Ataýewiç3*4 19.02.2008Aşgabat şäheriniň 20-nji orta mekdebi12+99365181921ata_08@sanly.tm

    Habarlaşmak üçin:
    Tel: +99361345275

    Soňky täzelikler

    «Nowruz — ruhubelentligiň we ösüşleriň baýramy» atly  DÖREDIJILIK FESTIWALYNYŇ DÜZGÜNNAMASY surady

    27/02/2026

    «Nowruz — ruhubelentligiň we ösüşleriň baýramy» atly DÖREDIJILIK FESTIWALYNYŇ DÜZGÜNNAMASY
    ÜNS BERIŇ, BÄSLEŞIK – 2026! surady

    19/01/2026

    ÜNS BERIŇ, BÄSLEŞIK – 2026!
    “Watanyň daýanjy – bilimli ýaşlar, Arkadagly Gahryman Serdaryň guwanjy ýaşlar!” atly IV OLIMPIADA surady

    15/01/2026

    “Watanyň daýanjy – bilimli ýaşlar, Arkadagly Gahryman Serdaryň guwanjy ýaşlar!” atly IV OLIMPIADA
    Peýdaly Salgylar
    Beýleki ýokary okuw mekdepleri
    Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasy
    Habarlaşmak üçin

    744000, Türkmenistan Aşgabat, Galkynyş 25

    iirmfatm@iirmfa.edu.tm, iirmfatm@sanly.tm

    +99312266155

    +99312266183

    © 2026 Haklary doly goralandyr: TDIMHGI